Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Tähranyň köçesinde Eýranyň raketasynyň simwoliki maketiniň ýanynda ýöräp barýan adm. Iýun, 2026.
Tähranyň köçesinde Eýranyň raketasynyň simwoliki maketiniň ýanynda ýöräp barýan adm. Iýun, 2026.

Eýranyň döwlete degişli "Mehr" habar agentligi 12-nji iýunda ady agzalmaýan resmi çeşmä salgylanyp, Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky memorandum taslamasynyň Eýranyň ýadro ýaraglaryny öndürmezlik baradaky borçnamasyny; ähli ugurlarda, şol sanda Liwanda urşuň hemişelik togtadylmagyny; Hormuz bogazynyň 30 günüň içinde gaýtadan açylmagyny we Eýranyň ýadro programmasy boýunça gutarnykly ylalaşyga gelmek üçin 60 günlük gepleşikleri öz içine alýandygyny öňe sürdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 11-nji iýunda 28-nji fewralda başlanan urşy bes etmek üçin Eýran bilen "uly ylalaşyk" gazanylandygyny aýtdy we geljek günlerde ylalaşyga gol çekiljekdigine garaşýandygyny sözüne goşdy.

"Eýranyň hiç haçan ýadro ýaragyna eýe bolmajakdygy barada ylalaşyk bar, bu biziň ýeten ähli zatlarymyzyň esasy maksady boldy" diýip, Tramp Owal kabinetinde žurnalistlere aýtdy.

Ak Tam mümkin bolan ylalaşygyň mazmuny barada has giňişleýin maglumat bermedi, ýöne “Axios” özara düşünişmek memorandumyna (ÖM) laýyklykda “Eýran öz ýadro programmasy boýunça belli bir borçnamalary öz üstüne alar - ilki bilen ýadro ýaragyny asla edinmezligi we baýlaşdyrylan uranynyň töweregindäki gapma-garşylygy çözmegi” öz üstüne alar diýip habar berdi.

“Axios” şeýle hem “araçy ýurtlaryň biriniň diplomatyna we ABŞ-nyň resmisine” salgylanyp, özara düşünişmek memorandumynyň atyşygy bes etmek möhletini 60 güne uzaltjakdygyny we “[Hormuz] bogazynyň derhal tölegsiz açylmagyny, uruşdan öňki gämi gatnawlarynyň möçberine 30 günüň içinde gaýdyp gelmegini talap edýändigini habar berdi. Munuň öwezine ABŞ-nyň blokadasy hem aýrylar”.

“Mehr” habar agentligi başga düzgünleriň Eýranyň deňiz blokadasynyň ýatyrylmagyny, ABŞ güýçleriniň Eýranyň töweregindäki sebitlerden çykarylmagyny, Eýrana garşy sanksiýalaryň togtadylmagyny we doňdurylan 24 milliard dollarlyk Eýranyň serişdelerini boşatmagy öz içine alýandygyny öňe sürdi.

Şeýle-de, "Mehr" Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekiline salgylanyp, tekstiň Eýran häkimiýetleri tarapyndan gutarnykly tassyklanmagynyň zerurdygyny ýazdy.

Eýranyň döwlet habar beriş serişdeleriniň gepleşikler wagtynda beren habarlary köplenç belli bir pikirleri ýa-da belli bir pozisiýalary öňe sürmek üçin ulanylypdy we köplenç nädogry ýa-da doly däl bolup çykypdy.

11-nji iýunda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýran bilen Ýakyn Gündogar urşuny bes etmek üçin "uly ylalaşyk" gazanylandygyny we ylalaşyga şu hepdäniň ahyrynda, belki-de Ýewropada gol çekilip bilinjekdigini öňe sürdi.

"Biz edil häzir Eýran bilen urşa degişli ägirt uly ylalaşyk gazandyk" diýip, Tramp Owal kabinetinde žurnalistlere aýtdy.

Şeýle-de bolsa, ol ylalaşygyň henizem "resminamalaryň gutarnykly işlenip düzülmegine baglydygyny, bu resminamalaryň indiki birnäçe günüň dowamynda, belki-de Ýewropada gol çekilmelidigini" sözüne goşdy.

Žurnalistleriň Eýranyň Ýokary Lideri Mojtaba Hameneýiniň ylalaşygy tassyklap-tassyklamazlygy baradaky soragyna Tramp: "Men jogap oňyn diýip düşünýärin" diýip jogap berdi.

Tramp ylalaşygy "gaty güýçli özara düşünişmek memorandumy [ÖH]" diýip häsiýetlendirdi we ol "biraz konseptual, ýöne bu amala aşyryljak zat" diýip sözüne goşdy.

Tramp özüniň gol çekiş dabarasyna gatnaşyp bilmejekdigini aýtdy, ýöne wise-prezident JD Wansyň gatnaşyp biljekdigini sözüne goşdy.

Şeýle-de bolsa, Eýranyň daşary işler ministriniň metbugat wekili Esmaeil Baghaei Eýranyň heniz ylalaşyk boýunça gutarnykly karara gelmändigini aýdyp, çalt gol çekiş mümkinçiligini gowşadan ýaly gepledi.

Ol köp jikme-jiklikleriň gutarnyklydygyny, ýöne "amerikanlaryň öz pozisiýalaryny mydama üýtgedýändigini" sözüne goşdy diýip, Eýranyň "Tasnim" habar agentligi ýazdy. Hökümetden resmi düşündiriş berilmedi.

Tramp Tähran bilen söweşleri bes etmek üçin ylalaşygyň ýakynlaşýandygyny ençeme gezek aýdypdy, ýöne gepleşikler gutarnykly ylalaşyk bolmazdan, togtadylypdy, bu bolsa ABŞ-nyň, Eýranyň we Ysraýylyň howa hüjümleriniň täzeden başlanmagyna we howatyrlanmalaryň güýçlenmegine getiripdi.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň edarasy Tramp tarapyndan gepleşik geçirilen islendik ylalaşyga minnetdardygyny aýtdy, ýöne özüniň özara düşünişmek memorandumyna gatnaşýan tarap däldigini belledi.

Tramp Eýranyň 28-nji fewralda uruş başlandan soň ýapan möhüm suw ýoly bolan Hormuz bogazynyň hem "gol çekilenden soň" açyljakdygyny aýtdy.

"Bogaz resmi taýdan gol çekilenden soň açylar, bu bolsa ýakyn wagtda, örän ýakyn wagtda, belki-de hepde ahyrynda Ýewropada açylar" diýip Tramp aýtdy.

Şeýle hem, ol Pars aýlagyndaky ýaranlar we Netanýahu bilen birlikde sebitdäki liderler bilen gürleşendigini aýtdy we "Bütin Orta Gündogar örän şat" diýip, sözüne goşdy.

Deslapky ylalaşyk baradaky soňky beýanat Trampyň Eýrana hüjüm etmek bilen haýbat atyp, 11-nji iýunda hüjümlerini ýatyrandygyny aýtmagyndan birnäçe sagat soň edildi.

Daşoguz welaýaty, 5-nji aprelde ýagan doly we ýagyn ekinlere zyýan ýetirdi
Daşoguz welaýaty, 5-nji aprelde ýagan doly we ýagyn ekinlere zyýan ýetirdi

Harby gullukdan boşap, öýlerine dolanýan esgerleriň ýakynlary sadaka bermek üçin mal almaga-da gurplarynyň çatmaýandygyny aýdyp zeýrenýärler. Azatlygyň Ahaldaky habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen daýhanlar bu ýagdaýy şu ýyl ekinleriniň zaýa bolmagy bilen baglanyşdyrdylar.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky tebigy ýagdaýlaryň, ekinleriň hasyla duran wagty ýagan dolynyň we çabgaly ýagynyň oba adamlaryna ýetiren zyýany barada hiç bir maglumat bermeýärler.

Ahally daýhanlar bu ýyl bugdaý hasylynyň gowy bolmagyna garaşandyklaryny, sebäbi ekinleriň gowy suw içendigini gürrüň berdiler.

“Bu ýyl hasyl gowy, uly oglumy öýerip, öý-işikli ederin, ortanjy oglum harby gullukdan gelende, ile meňzeş üýşmeleň edip, obadaşlara saçak ýazaryn diýýärdim, pulumyz artsa, awtoulag edinjekdik” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Bir janly alyp bilmeýän adam nädip ogul öýersin?

Awtoulag alsak, oglum kireý edip, güzeranyny aýlap başlasa, soňky ýyl ortanjymyzam öýereris diýýärdim, emma biz öňünden gaty begendik, olam puç boldy diýip, kärendeçi daýhan şu ýyl eken ekinleriniň başda, ýagyn ýagyn ýagyp, gowy suw içendigini gürrüň berdi.


Bir janly alyp bilmeýän adam nädip ogul öýersin, biz indi uly oglumyzy öýermek pikirini soňa goýduk diýip, daýhan aýtdy.

Maý aýynda ýagan dolynyň ýetiren zyýany barada aýdylýanlary beýleki daýhanlar hem tassyk etdi.

“Ýagyn eken ekinlerimiziň işini gördi, asmandan dökülen buz bölekleri ýetişip gelýän hasyllarymyzy ýere sokdy. Ilki güýçli şemal arasynda ýagan ýagyş netijesinde ekilen bugdaýlar başyny ýere sallady, gülläp oturan ot-çöpler gülüni dökdi” diýip, ikinji daýhan aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý bal arylylaryny saklap, bal öndürýän adamlara hem uly zyýan ýetirdi.

“Her ýyl biziň ekerançylyk meýdanlarymyzyň golaýynda goş basyp, balary saklaýanlaryň arylary gül tapmansoň, olar hem göçmeli boldy” diýip, 40 gektar ýere bugdaý eken daýhan bir günde, buzly ýagyşdan soň meýdana baryp görende, bar arzuwynyň ‘kül bolandygyny’ aýtdy.

"Ahal welaýaty bol hasyl aldy diýseler, ynanmaň!"

Habarçy bilen söhbetdeş bolan daýhanlar şol gün gözleriniň görýänine ynanyp bilmändiklerini gürrüň berdiler.

“Öz gözümize ynanmadyk. Diňe bugdaý meýdany däl, beýleki ekinleriň hasyllary, miweleri zaýalanyp, ýere siňdi. Şondan bäri gijelerine gözüme uky gelenok. Meniňki ýaly, ençeme gektarlyk ekini zaýalanan adam bir ýa iki däl. Bu ýyl Ahal welaýaty bugdaý harmanyny doldurdy, bol hasyl aldy diýip, telewideniýede görkezseler, bu döwletiň gönüden-göni ýalan sözleýändigini görkezer” diýip, bir daýhan döwletiň ‘ýalançylykdan lezzet alýana meňzeýändigini’ belledi.

Türkmençilikde hudaý ýoluna janly aýtmak, aýdylan janly bermek, sadaka etmek däp bolup, oba adamlary begençli, gynançly ýagdaýlarda saçak ýazyp, gelen märekäniň ‘öňünde mynasyp durmaga’ çalyşýarlar.

Soňky döwürde, ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy, azyk önümleriniň, hususan-da mal etiniň gymmatlamagy däp-dessurlaryň berjaý edilmegine päsgelçilik döredýär, adamlar bu ýagdaýdan barha kän alada galýarlar diýip, habarçylarymyz ýazýar.

Aýry-aýylykda gürleşilen ýaşaýjylar durmuşyň hakykatdan hem ýeňil däldigini tassyk etdiler.

“Häzir maddy ýagdaýymyz gaty pes, ilden kem etmejek bolup, karzyna pul ýa-da mal gözleýäris. Emma adamlar ‘hasyl zaýalandy, pulam ýok, malam ýok’ diýýärler” diýip, bir kärendeçi kynçylygy diňe hasyl ýagdaýy bilen baglanyşdyrdy.

Onuň sözlerine görä, hasyl bu ýagdaýa düşmedik bolsa, onda dogan-garyndaş, tanyş-bilişler köpelerdi.


“5 sany towuk öldürip, nahar bişirip, saçak ýazmakçy bolýandygyny, ýöne bu ýagdaýda hem azyndan 6-7 müň manat gerek, olam bizde ýok” diýip, ogly harby gullukdan boşap gelen esgeriň ene-atasy aýtdy.

“Iller gürlese, begense, men gyrada egnimi gysyp durýaryn"

Esgerlikden gelen ýigitleriň biri gaty kemsinýändigini, sebäbi illeriň gulluk toýuna gatnaşyp, öz gapysynda adam üýşürip, tagam, çörek berip bilmeýändigini aýtdy.

“Iller gürlese, begense, men gyrada agzymy ýumup, gürlemäge söz tapman, egnimi gysyp durýaryn. Illeriň kakasy, dogany daşary ýurtlara işlemäge gidip, hojalyklaryny düzetseler, meniň kakam ömrüne ýer işläp, traktorçy lakamyna eýe boldy. Emma döwletiň tehnikasyny işledip, onlarça ýyl traktor sürüp, indi ýekeje janly almaga pul tapanok” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýigit häzir öz deň-duşlarynyň arasynda çykmaga hem utanýandygyny gürrüň berdi.

Harby gullukdan gelen ýigitleriň biri tanyşlarynyň ‘haçan gullukdan geleniňi belleýäň” diýip soraýandyklaryny, daşyndan ‘basym, öýdäkiler etjek diýýär’ diýip jogap berýändigini, içinden bolsa, ‘haçan pulumyz bolanda’ diýýändigini aýtdy.

“Men kiçilikden kakamyň yzyna düşüp, traktor sürmegi, bejermegi öwrenipdim, ulalsam traktorçy boljak, ýer eýelerine hyzmat edip, işim bilen özümi görkezjek diýip pikir ederdim. Emma häzir traktorçyň düşen ýagdaýyny görüp, bilet puluny jemlesem, daşary ýurda gitmek kararyna geldim” diýip, söhbetdeşimiz özi ýaly pikire gelýän ýaşlaryň gaty kändigini hem sözüne goşdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary, işsizligiň derejesini, oba adamlarynyň ýagdaýynyň barha agyrlaşýandygy baradaky maglumatlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Şu aralykda, daşary ýurtlara iş, gazanç gözläp gitjek bolýanlaryň aşa köpelmegi bilen, häkimiýetleriň wiza kynçylyklaryny köpeldip, daşary ýurtlarda pasport möhletleri dolan türkmenleri köpçülikleýin yzyna getirip, bäş ýyllap ýurtdan goýbermezlik tagallasyny edýändikleri habar berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG