Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"YD" zarba urulýar


Koalisiýa uçary Kobaniniň golaýynda howa hüjümini amala aşyrýar.
Koalisiýa uçary Kobaniniň golaýynda howa hüjümini amala aşyrýar.

ABŞ harbylarynyň berýän maglumatyna görä, soňky 72 sagadyň içinde Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýa Siriýadaky we Yrakdaky “Yslam döwleti” söweşijilerine garşy 30 harby howa hüjümini amala aşyrypdyr.

ABŞ-nyň Merkezi kommandowaniýesi howa zarbalarynyň 23-siniň Yrakda amala aşyrylyp, söweşijilere degişli binalaryň, ulaglaryň we taktiki nokatlaryň nyşana alnandygyny mälim etdi.

Şeýle-de Siriýanyň Kobani şäheriniň golaýynda hem alty howa hüjüminiň geçirilendigi mälim edildi. Bu şäheriň üstünde kürt harbylary bilen “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri uruşýar.

Bu aralykda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň Yragyň Ramadi şäherine hem täze hüjümleri amala aşyrandyklary habar berilýär. Anbar welaýatynyň merkezi şäheri paýtagt Bagdatdan 100 km günbatarda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG