Diňle

Häzir efire gidýär

Agşamky programmalar

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3467
EUR / 
RUB
0,0246
RUB / 
USD
30,174

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Ýaşlar

Eýranly ýaşlaryň protestleri güýçlenýär

29.12.2009

Soňky günlerde Eýranda prezident Ahmedinejadyň režimine garşy demonstrasiýalar güýçlendi.

Bu protestler 6 aý mundan owal prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine garşy başlanypdy.

Häzir bolsa bu saýlawlardan 6 aý geçse-de eýranlylar, hasam ýaşlar öz protestlerini dürli görnüşlerde dowam etdirýärler.

Eýranyň häkimýetleri demonstrasiýalar barada maglumat bermegi daşary ýurtly žurnalistlere gadagan etdi. Ýöne halkara habar beriş serişdeleri eýranly ýaşlaryň internetde ýerleşdirýän wideo ýazgylaryndan peýdalanýarlar.

Asly Eýran türkmenlerinden bolan Ýusup Koruň aýtmagyna görä, eýranly ýaşlar demokratik reformalary isleýärler. Olar paýtagt Tähranda hem-de ýurduň beýleki uly şäherlerinde köçä çykyp talaplaryny öňe sürýärler diýip, Ýusup sözüniň dowamynda Eýranda ýaşaýan türkmenleriň hem bu protestlere gatnaşyklary barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar“ programmasynda, 2009-njy ýylda türkmen ýaşlarynyň durmuşynda bolan möhüm wakalar hem-de ýaşlaryň täze ýyly garşy alyşlary barada hem maglumat berilýär.

Bu baradaky gepleşigi diňlemek üçin sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Ilguyji nireden: Gemanyya
31.12.2009 06:49
Eyranda Azatlyk we Demokrasy uchin reforma islap 6 ay bari guychlenip duron halk hereketi butun dunyang unus merkezinde. hereketing esasy guyji yashlar bolup, olar hasam halk hereketing habaryny yaymakda teknologiadan peydalanmagy ongat basharyarlar. Yashlaryng aktivligi hem basharjanglygy, Eyranlylar bilen osen dunya jemgyyetining, Eyranyng geljegine bolan umitlerini guychlendiryar.
Eyranyng geljegi Sebiting geljeginden ayra bolup bilmez.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS