Geljek programmalar


Walýuta

USD / 
EUR
1,3467
EUR / 
RUB
0,0246
RUB / 
USD
30,174

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Söhbetdeşlik

Eýran türkmenleriniň protestlerdäki orny

Eýranly protestçiler Tähranda polisiýa daş zyňýarlar. 27 dekabr. 2009

30.12.2009

Eýranda soňky günlerde Aşura we Tasua günleri döwründe hökümete garşy protestler ýitileşdi. Häzir tutha-tutluklar dowam edýär. Bu protestleriň sebäpleri hem-de onda ýerli türkmenleriň pozisiýasy bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň Germaniýadaky habarçyşy Taher Şir Mohammadi asly eýranly syýasy aktiwist Ýusup Kor hem-de “Türkmenilim“ internet sahypasynyň awtory Ýakup bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin Eýrandaky protestler soňky günlerde güýçlendi?

Ýusup Kor: Eýranda ozal tomusky prezidentlik saýlawlarynyň netijesine garşylyk bildirlipdi. Häzir her bir waka bu hereketiň möwç almagyna amatly şertleri döredýär.

Azatlyk Radiosy: Ýakup, siz „Türkmenilim“ diýen internet sahypasynyň müdiri. Size Eýranyň içinden dürli habarlar, maglumatlar gelýändir. Türkmenleriň ýagdaýy barada gürrüň berýän şol habardyr maglumatlary siz öz internet sahypaňyzda ýerleşdirýärsiňiz. Soňky gelen habarlar boýunça bu barada näme aýdyp biljek?

Ýakup: Eýranda ýaşaýan türkmenler hem ýurtda geçýän wakalary analiz edýärler. Olar bu wakalaryň nähili boljakdygy hem-de gutarjakdygy barada oýlanýarlar. Eýranda ýaşaýan türkmenler, ylaýtada, uly şäherlerde, meselem, Tähranda, Şirazda wa Yspyhanda ýaşaýan türkmenler bu protestlere gatnaşýarlar we isleglerini orta atýarlar.

Azatlyk Radiosy: Ýakubyň aýtmagyna görä, Eýranyň iri şäherlerinde ýaşaýan türkmenler ýurtdaky geçýän protestlere gatnaşýarlar. Eýranyň dürli uniwersitetlerinde okaýan ýüzlerçe türkmen studentleri hem protestlere goşulýarlar diýip, maglumat berilýär. Siziň pikiriňizçe, eýranly türkmenler bu protestlerde haýsy orny eýeleýärler?

Ýusup Kor: Türkmenler hem beýleki milli azlyklar ýaly Eýrandaky bolýan wakalar bilen gyzyklanýarlar. Hasam ýaşlaryň hereketi güýçli bolany üçin studentler muňa aktiw gatnaşýarlar. Iri şäherlerde hem-de uniwersitetlerde bu hereketler güýçli bolýar. Ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenler hem bu protestlere gatnaşýarlar we häkimiýetlere öz garşylyklaryny bildirýärler.

Azatlyk Radiosy: Bir tarapdan, häkimiýetler protestlere garşy berk çäreleri görýärler. Polisiýa ýörişleri basyp ýatyrýar. Beýleki tarapdan welin, protestçiler hem hereketlerini güýçlendirdiler we hatda polisiýanyň öňünde durmagy başardylar. Ýakup, siz bu ýagdaýy nähili häsiýetlendirýärsiňiz we bu protestler nähili gutarar öýdüp garaşýarsyňyz?

Ýakup: Protestleriň möwç almagynyň bir sebäbi häkimiýetler olara demonstrasiýa etmek üçin rugsat bermeýärler. Şonyň üçin olar öz parahatçylykly protestlerini mälim etmek üçin bir pursat gözleýärler. Häkimiýetler bolsa olary basyp ýatyrýar. Bu ýagdaý protestleriň radikallaşmagyna sebäb bolýar.

Häzirki öňe sürülýän şygarlar başdaky şygarlardan tapawutlanýar. Häkimiýetler milleti basyp ýatyrsa, netije berer diýip, pikir edýärler. Emma, tersine, protestler güýçlenýär. Bu protestleriň nähili gutarjakdygy barada häzir bir zat aýdyp bolmaýar.

Ýöne Eýrandaky rewolýusiýadan soňky ýerine ýetmedik islegler orta atylar we bir topar çözülmedik düwünler indi çözüler diýip garaşylýar. Häzirki ýagdaý bu islegleriň orta atylmagyna şert döredýär we has köp adam indi protestlere gatnaşar diýip, pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Eýrandaky protestler soňky günlerde öňkülere görä ýytileşdi. Ýusup, siziň pikiriňize görä, bu protestler nähili tamamlanar?

Ýusup Kor: Bir tarapdan, protest edýän reformaçylar Eýranyň ruhany lideriniň ýolbaşçylygy batyl diýip gygyrýarlar. Dini düşünje boýunça batyl diýmek, ýurduň ruhany lideri Ali Hameneýiniň dini wezipesinden boşadylmalydygyny aňladýar.

Eýranyň beýleki ruhanylary Hameneýi adalatly höküm surmeýär we ruhanylar ony aýyrmaly diýen netijä gelýärler. Indi eýranlylaryň arasynda bu mesele hakda gürruň edilýär we mundan beýläk ýurt bir adam tarapyndan däl-de, eýse toparlaýyn dolandyrylmaly, toparlaýyn ýolbaşçylyk edilmeli diýip gürrüň edilýär.

Beýleki bir tarapdan, Eýranyň Konstitusiýasyndan liderlik meselesini düýbünden aýyrmaly diýip hem gurruň edilýär. Haýsy tarapyň güýjüniň artykdygy häzirlikçe belli däl, ony geljek görkezer.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: muhammet nireden: canada
30.12.2009 17:32
,turkmenistanig gongshysybolan irandaky gechyan vakalara bagishlap gechiren gepleshik oran yrlikly . otaydaky syasy vakalar gony turkmenlring ikbalibilen bagly shol sebabden sholaryaly gepleshiklery izi giderly gechirilse oran ongat ve yrlikly bolar.
tURKMENSAHRADA YASHAYAN turkmenler iran islam respublikasyinig kanstitutsyyasy tayyarlanish prossesindede ve onig kabul etish referandominada aktiv gatnaship shol konstitutsyanig turkmenhalkinig hak hukukiny ber millet hokiminde ve sunny diny inmlarinida ve syasy azatliginida kefillendirmeya dip garshy chikdy ve butin turkmen halky saylow uchastiklarinda iranig taze konstitutsyyasina yok dip seslendiler.ve shondan bery hem durly yollar bilen oz hak hukuklarini azda kemde gazanmek uchin kanuny yolar bilen ,iranig mejlisinig bashligina turkmen donyny gydirip turkmen gyzlary ve yashlary turkmen milly eshiklery bilen barip oz hakhukuklarinig kesidilyandiginy butin iran halkina ve dewlet ishkarlerine hem yatlatdilar.olar yanky iranda gechirilen preziden saylaowlarindada aglabasy reformatorlara seslendilershonlik bilen butin turkmenlering hak hukularinig iranda kemsitliyandiginy yne bergezek hemmelere yatlatdilar.

kimden: Mengli nireden: Göteborg
30.12.2009 17:33
Turkmenistanyng hongshysy Iranda, demokrasy yolunda boup gechyan wakalar hakinda dingleyjilere habardir yorumlar berilip durmak, oran yerlikli we wajip bir ish. bilshingiz yali Iraning 73 million ilaty bar we 6 milliyet (Pars, Azeri, Kurt, Turkmen, Buluch we Arap) yashayar.%

kimden: baherdenli
03.01.2010 20:33
Gepin gisgası bu bir Amerikanin OYUNU ve bu oyun ne türkmenlere nede eyranlilara peydası boalr. Eyran nahili erbet politikadan gidyanem bolsa yenede birnache döletden osen sistema ve güje eyeler.
Muňa jogap

kimden: Atsyz
03.01.2010 23:29
Bäherdenli dost, men häzir öz hak-hukugymy meni dolandyrýan adamlardan talap etsem, bu birinin OYUNY bolmalymy? Yaman çuyruk panyatiye. Gundogar halklarynyn bir gylygy bar, yurtda çala adamlar gymyllasa birinin oyny bolmalydyr oydyaler, habarlary yok esasy oyuny edyan yurdy dolandyryan elitadygyndan. Dunyanin haysy bir yerinde bolyan protestleri birinin boynuna dakmaly? Men ene atamayn aydyan zatlary bilen ylalashmasam, bu menin gonshymyn oyny bolyamy? Senin o diyyanin kino ya-da teleserial. Bir yurt naçe osen bolsa bolubersin, hokumet adamlaryny basysh astynda horlap, hukuklaryny çeyneyan bolsa, ol osen derejesi 5 kopuge degenok. Dunyanin in osen turmesi bolyar o diyanin...
Muňa jogap

kimden: baherdenli
04.01.2010 14:25
sen diyjek bolyanina dusinya men gisga dusindirmek isledim. misal: türkmenistanda eyranda demokrasiya yok halk ezilya diyaler ezilyarem yone shunuda dushuneli eyran hökumeti halkini encheme yildir ezya name bu ezilmage garshu shu vagit chikyalarmi hachanda atom yaraglarini üretmage bashlanda yaragli guchleri guchlenip gunbatra jugap gaytargi bermage bashlanda halk azatlik erkilik isleya.:) shol sanda tukmenistanda demokrasiya bolsa diyeli gisgacha aslinda demokrasyi tam manisi bilen hich bir ülkede yokken. kop partiyali sistemada haysi partiyanin haysi gizli guramalar bagli bolup bolmadigna dusincek pikir edip biljek halkımiz barmi? shu vagit hudaya shukur et turkmen turmeni soyya kop partiyali bolsa yagdayin Turkiyadan Gırgızıstandan govi bolmaz dashardan gelen biri birimize düshman edip girlishamizsaon ? yone herkim öune akıllı dırın oydya . sen ene atana garshi chikmana sebap bolyan pikirin gelish sebaplerine seret hich zadam durup özluginden chikmaya ya gorensin ya gorkezendirler ya eshidensin ya eshitdirilensin :)
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS