Diňle

Häzir efire gidýär

Habarlar gündeligi, 2-nji bölegi

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3156
EUR / 
RUB
0,0254
RUB / 
USD
29,822

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Ýaşlar

Kompýuter we türkmen dili

19.01.2010

Türkmen ýaşlary kompýuter boýunça rus ýa-da iňlis terminlerini ulanýarlar. Türkmenistanyň okuw jaýlarynda informatika we kompýuter boýunça sapak geçilende käbir terminler türkmen dilinde ulanylýar, ýöne olaryň käbirleri terjime edilmeýär.

Studentler ýa okuwçylar türkmen diline terjime edilen sözleri gowy bilenoklar. Sebäbi olar şol terminleri diňe teoriýada öwrenýärler.

Mobil telefonlarda hem türkmen elipbiýi we programmasy ýok diýip, spesalistler belleýärler.

Eýsem şu wagta çenli türkmen dilinde ýeterlik kompýuter programmalary döredildimi? Türkmen informatikaçylar we hökümet bu ugurda nähili işleri etmeli?

Biz şeýle sowallary Norwegiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim alýan ýaş türkmen informatikaçysy Nazara bermekçi.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Şir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar“ programmasynda Google korparasiýasynyň Hytaýdan gitmegi göz öňündne tutmagy barada hem maglumat berilýär.

Bu baradaky gepleşigi diňlemek üçin sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
 
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Adszy nireden: Ýewropa
20.01.2010 20:49
Kampýutera degişli we Internedäki sözler Türkmenleşdirlmeli.
Meselem Juwtelefon ýade Mobiltelefon sözynyň ýerine ELTEL diýen ýaly täze söz tapylsa gowy bolardy diýp golaýda tanyşlarmyň biri aýtdi. Hasam kampýuter tehnologyýasyna degişli türkmen sözleri Internetde tapmak kyn. Turkmenistandaky mekdeplerde öwredilýän sözleri hem heýç ýerde gabat gelmedim. Ýöne nazaryň Kampjuter Jargon sözleri baradaky beren gurruňleri has gyzyklydi.
Muňa jogap

kimden: nazar
22.01.2010 12:54
Bu zatlary bizden basga etjek yok. Pikirlerin hormata layik, yone bu zatlary amala asyrmak ucin basda turkmen dilini owrenmeli. Meselem. juw dal jubi, heyc dal-de hic yaly. Onsonam bu meselanin cozgudini turkmen dilinin isini gorenlerden dal-da ozumizden gozlemeli.
*Azatlyk radiosynam turkmen dilini ulanysyny gownejay goryan. Eger by radio sahypasy turkmen dilini seyle yerlikli ulanmaga dowam etse. okyjylaryn kopelmegi we beyleki habar beris serisdelerinin tasirlenmegi bilen bu zatlaryn oni acylar diyen tamam bar.

kimden: Adszy nireden: Ýewropada
26.01.2010 00:13
Nazar Türkmen dilini öwrenmeli diýpdirsiň. Bu gowy teklip ýöne Türkmençe ýazmagy hem öwrenmeli. Biz bu işi hem özimizden başlamaly. Ýalňişda bolsa türkmençe ýazsak gowy. Men azadlyk radiosnyň hem Türkmençe ýazylşynda köp ýalňyşlyklara gabat gelýärin. Meselem şu ýazylýan Komentarýalar duzedilmäni gelýär we ýalňyş ýazylmagna sebäp bolýar. Dile geldi bile geldi diýlýär. Azadlyk Radiosy eger Türkmençe elipbi hem öz saýtynda goýan bolsa we onyň nähili kampýuterda download edilmegi ýade oturdylmagy barada düşündürüş beren bolsa USER lar uçun ýazmagy ýeňilleşdirerdi.
Muňa jogap

kimden: Redaktor nireden: Praga
26.01.2010 23:08
Belligiňiz üçin minnetdar!

Gelýän kommentariýalary düzetmek Azatlyk Radiosynyň standartlaryna gabat gelmeýär. Olar ýa makullanýar ýa-da çap etmekden saklanylýar, emma düzediş girizilmeýär.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS