Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Tegelek stol

Ýokary bilim alyp bilmän galan ýaşlar näme etmeli?

01.03.2010

Nobatdaky “Tegelek stol” programmamyzda, Nyýazowyň altyn asyrynda doly orta hem ýokary bilim alyp bilmän galan ýaşlar, olar bilen bagly problemalaryň çözgütleri barasynda gürrüň edilýär.

Gepleşige Aşgabatdan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, Şwesiýadan oppozisiýa wekili, türkmen parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünow, Londondan postsowet döwletleri boýunça espert Aleksandr Narodetski gatnaşýar.

Gepleşigiň dowamynda şu günki gozgalýan mesele boýunça türkmenistanly diňleýjilerimiziň pikirleri bilenem tanyşdyrylýar.

Programmany Pragadaky studiýadan Nazar Hudaýberdi alyp barýar.

“Tegelek stol” diskussiýasyny diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmesini basyň.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: nabelli nireden: istanbul
01.03.2010 19:06
+0 / -0
meninem gyz jigim eyyam 3 yyl bari synanyşyp gelyar :( ynsap yok bularda , gozlerini pul gapypdyr :( Ekzamenden yykmak ucin elinden gelenini edyarler :(

kimden: a...len nireden: istanbul
02.03.2010 01:01
+0 / -0
Men doganym jemi 3 yil synansdy yzly yzyna yykyldy. Yone 4nji gezek bagty cuwdu (gysdan tomusa cenli tum wagtyny okap geciryadi)

kimden: Ejegül nireden: aşgabat
05.03.2010 02:21
+0 / -0
ejem 2 hepde okady we arkayın girdi okuwa
Muňa jogap

kimden: Atsyz
05.03.2010 03:10
+0 / -0
Bah, Tuweleme. Ejen nirede okayar? we syr bolmasa yashy nache? Ruhnama dagyny 2 hepdede yat tutan bolsa telpekden yokarda zat bolsada goyayjak mena :)
Muňa jogap

kimden: Ejegül nireden: aşgabat
05.03.2010 14:58
+0 / -0
ejem 41 yaşynna, gaty akylly, on giren döwrünne ruhnama yokdy :D
Muňa jogap

kimden: nabelli nireden: istanbul
05.03.2010 17:26
+0 / -0
shu yerde ejen dowrunin gurruni gidenok !!!
Muňa jogap

kimden: TURKMEN nireden: MOSKWA
07.03.2010 05:31
+0 / -0
Shuwagyt Ejen yashan 41 yylyny da okap tayynlanyp gecsende okuwa girmeyan :))

kimden: gurban
08.03.2010 12:08
+0 / -0
Men 2008-nji yilda TPI-nyn synagyna girdim. Birinji synag matematikadan boldy. Iki sany matematika mugallym bardy. Soraglary jogapladym(biri calarak boldy yone). Listde adym birinji eken, 30 minut bolmany mugallym 'Gel, bolar sol'-diyip cagyrmaga baslady. Hayran-a galdym. Yazan zatlaryny oka diydi.Okadym, mana soragyn dasyna cykyp subut sorady. Kitapda-da yokdy sol subut.
-Bilmeyan ekenenin 2, indiki yila tayyarlanyp gel-diydi.
-a-how, mugallym men, soragyn ikisini isledim, subudynam kitapda yok,
-Yok, bir soragy bilmesen, hemmesi iki bolyar- diyip men uc soragyma we ortalamasyna 2 yazyp, meni cikarip goyberdi. Yone sol klasda men bilen girenlerin bary hem yikilipdir. Gurlusyk bolumine 3 tapgyr bolsa, basdaky ikisinin hemmesini yikipdirlar. Sonkylara bolsa soraglaryn jogabyny kitapdan yirtip ellerine berip, 'Al sulary yazip cikin' diyipdirler. 'Indiki yila tayyarlanyp gel' sozuni bolsa son dusundim..

kimden: Kerim nireden: Balkanabat
13.03.2010 21:01
+0 / -0
"Indiki yyla tayyarlanyp gel" diyen jumle, bu edil "Turkmenhowayollary" agentliginde bileti bron eden yalydyr. Sen shaherara ya-da halkara uchjak bolsang birnache gun ongunden bron etmeli. Ucharda hem orun az. Shonungky yaly Yokary mekdeplerde hem orun az. Shonung uchin turkmen dalashgarleri birnache ay synagyng ongunden orunlary PARA bilen BRON etmeli boldylar. Bron edilenlering arasynda adyng yokmy onda synaga barmagyng geregi yok. Sanga orun YOK.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil