Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Tegelek stol

Oppozision partiýalar üçin ýol açykmy?

08.03.2010

Nobatdaky “Tegelek stol” programmamyzda Türkmenistanda ýakynda yglan edilen köppartiýalylyk, oppozision syýasy partiýalaryň döremek mümkinçilikleri barasynda gürrüň edýäris.

Söhbetdeşlige Aşgabatdan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, kanunçylyk meseleleri bilen ýakyndan gyzyklanýan aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew we Awstriýa Respublikasyndan oppozision Respublikan partiýanyň lideri Nurmuhammet Hanamow gatnaşýar.

Programmanyň dowamynda oppozision partiýalar barada Türkmenistandan dürli kärdäki adamlaryň pikir-garaýyşlary bilen hem tanyşdyrarys.

Gepleşigi Pragadaky studiýadan Nazar Hudaýberdi alyp barýar.

“Tegelek stol” diskussiýasyny diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmesini basyň.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Yomut
07.03.2010 23:54
+0 / -0
Men partiyalaryn dorejegine ynanyaryn. Yone bir gorkyan zadym bar - yurdun icinde we dashynda konserwatiw, yada yapyk pikirli yashlar gaty kan. Milliligin, turkmenciligin arkasynda bukulyp ozlerini demokraiyanyn duşmany hasaplayanlar hem yok dal. Milletcilik baradaky bloga yazylan teswirleri okasanyz, aslynda kop zatdan habar beryar, ol bir adamyn pikiri bolup, birnace lakam bilen giren bolmagy hem mumkin, ony dine saytyn ishgaleri bilyandir. Yone eger adamlara in barkisi zorluk bilen eshik geydirilmegini goldayan oglanlar partiya acjak bolsa, onda olar gerek dal. Hazirki hokumetde oturanlar, Turkmenistanda okan talyplar olardan has liberalyrak bolaýmasa... Yone ABS-da, UK-de Yewropada okan liberal pikirli oglanlar hem kan, olardan otunch sorayan.
Muňa jogap

kimden: nabelli nireden: istanbul
08.03.2010 05:01
+0 / -0
1. Herkim oz pikirini aytmaga hak-hukugy bar !
2. Sen menin pikrim bilen ylalashmayan bolup bilersin , yone kimin nahili hereket etjegi hakynda sen karar berip bilmersin. Islan oz partiyasyny achsyn , eger halk goldayan bolsa.
3. Kimin liberal kimin konserwatordygyny senden sorayan yok ! Sen shu sozlerin bilen Turkiyede okayan oglanlary din esasynda hereket edyan " yapyk pikirli " yashlar diyip kemsitjek bolyan !
4. Asyl senin pikirinche Turkiyede okanlar konserwator , ABS we Yewropada okanlar liberal bolyar-da onda ? Sheylemi ? Eger sheyle dushunjan bar bolsa onda bir zady yazmazdan onurti 100 gezek pikirlenip onson yaz !
5. Lakamyn YOMUT , liberal dost ! Asyl senin ozun henizem kone tire-taypa pikirler bilen yashap yoren KONSERWATOR bolup chykaydyn oydyan !!!

kimden: Serdar
08.03.2010 23:57
+0 / -0
Dinledim. Nazar Hudaýberdi tegelek stola gatnashan adamlaty Turkmenistandaky iurist bilen hokmiani gepleshdirmelidi. Dine onyn aidany oz sozleri bilen aydyp gechip, arasynda disskusia bermiani ucin gepleshigin bar manysyny ek etdi.
menin pikirim sheile, bu teklip. Mumkin bolsa teswirlere goshun.

kimden: Serdar
09.03.2010 01:33
+0 / -0
Onsong ilki bilen Partia bilen Profsoiuz manysyny bulashdyrmaly dial diimeli eken. Sebiabi agrar partia diip GB hemmeleri ang-tang etdi. Partia by syasy hereket, agrar bolsa - 1 pudgyng maksadyny one surian gruppa-ona profsoius diiarler. Sagbolung.

kimden: gena nireden: tanzaniya
18.03.2010 00:54
+0 / -0
Yashuly garashyber, men bararyn we ikimiz bileje partiye dorederis. Yone men bilemokda hachan barjagymy, belki duyshumde bararyn :) Yone men umyd edyan kimdir biri aradan chykar.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil