Diňle

Häzir efire gidýär

“Perekrestok”

Geljek programmalar


Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Türkmen sesi

Hangeldi Ownuk bilen söhbet

29.06.2010
Hangeldi Ownuk
Türkmenleriň soňky ýyllarda bosgunlyga giden ýurtlarynyň biri hem Kanada. “Olar iňlis dilini öwrenýärler. Çagalary bolsa ol ýeriň mekdeplerine gatnap bilim alýarlar” diýip, asly Eýran türkmenlerinden bolan kanadaly Dr.Hangeldi Ownuk aýdýar.

Hangeldi Ownuk Kanada barmazdan ozal Türkmenistanda ýaşapdy hem-de ol ýerde Türkmenistanyň Ylymlar akademýasynyň Şaja Batyrow adyndaky Taryh institutynda işläpdi.

Hangeldi Ownuk Eýran türkmenleriniň arasynda aýdym-saz döredijiligi bilen giňden tanalýar. Hangeldi Eýranda türkmen dilinde efire berilýän Gürgen Radiosynda hem işläpdi.

Hangeldi Ownuk türkmensähraly şahyrlaryň goşgularyna hem aýdym döredipdi. Ol Eýranda türkmen klassyky aýdym-sazlaryny estrada aýdym-sazlaryna geçiren ilkinji sungat işgärleriniň biri.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Türkmen Sesi” programmasynda dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan türkmenleriň gatnaşyklary barada hem gürrüň edilýär.

Gepleşigi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: muhammet nireden: canada
02.07.2010 16:08
+0 / -0
Turkmensesi radio programme achilmagy oran ongat ve butin dunya turkmenlering hazirky ve gechmish yollary bilen tanishdirmaklik butin dunyaturkmenlerinig biribirine yakinlashmagina ve olaring yakinda haizmatdashligina yol achmakda uly roly boljakdigina men inanyarin.
Men oz gezegimde sizden minnetdar.

kimden: yalkim myrat nireden: Germania
02.07.2010 17:52
+0 / -0
Muhammede jogab :
Muhammet ! << Turkmensesi radio programme achilmagy oran ongat >> diyip dogry aytyang. Weli Eyran Turkmenlerine degishli taryhy wakalar hakinda Azatlyk radio’da gaty az maglumat berilyar.
Mesal uchin : 1881-nji yilda Türkmen topragy kolonyalistik syyasat esasinda parchalanip Orsyet- Iran arachägi emele gelmegi bilen Rusia Türkmenistany hem-de Eyran Türkmenistany peyda bolyar. Weli Rusia goshuny 1918-nji yiling bashlarinda, Eyran Türkmenistanyndan chekilip gityar. Shol wakadan song Eyran Türkmenleri ilki Autonom bolmaga razy bolup we songra (1924 de) jemhuriyet jar etyärler.

*- Shu yerde yusuf adlyng yazan nazarini kopy edip getiriyin. ol, Size sheyle yazyar:
Bu taryhy waka (jemhuriyete) gatnashan shahsiyetlering köpisi TSSR-e gachip gitmeli bolipdir. Olaring ykbaly nichik bolupdyr?
Azatlyk Radio dan turkmen tanymal shahsiyetler hakynda „ bir turkmen bir ykbal“ tituly bilen yörite gürrüng edilip köp info (malumat)lar berilyär, weli Eyran turkmenlerining Osman ahun yaly tanymallary hakynda hich hili gürrüng we infolar berilmeyar. näme üçhin ?
Eger Osman ahun we egindeshleri, 1918-nji yilda döredilen Azerbayjan jemhuriyetining prezidenti, Mämet Emin Resulzade kemin, TSSR yerine Türkiyä we ya bashga bir günbatar döwletine gaçyp sygynan bolsady, olaryng ykbaly bam-bashga bolup, Eyranly türkmenleri bu güne çenli habarsyz galardylarmy?

kimden: yusup nireden: Awropa
05.07.2010 19:41
+0 / -0
Eyran hokümetini bütin dünyä baykotyrläp gabalayarlar, weli Azatlyk radiony edara etyänler konserwatiw chemeleshmeden el chekmeyär. Hasam türkmenservisini edarta etyänlerde konserwatzim diseng güychli. Olar Eyran hökümdarlary gyn görer öydip Eyran türkmenleri hakinda hakykata layyk maglumat (info)lary göbermekdem chekinyärler. Azatlyk baydagy bilen shu hili ish alyp baryan topary nähili düshünmeli?
Muňa jogap

kimden: Gytyndan
06.07.2010 00:42
+0 / -0
Azatlyk radio eyran hokumetinden cekinip bermeyarmish --- aydyan zatlaryna ozun ynanyanmay dost??? Azatlyk radionyn Turkmenistan bolumi nire, ahmedinejad nire? Diymelimish diyse diyyayanizay. :D

Onsonam belkem Turkmenistan boluminin adyny Turkmensahra bolumi etmelidir, yada Iranservisi bilen birleshdirmelidiri, ha?

kimden: Hoja nireden: Canada
06.07.2010 00:12
+0 / -0
Salam!
Yokardaky aydylan belliklering hemmesi dogry, esasanam Yusubyng belligine bizem goshulushyarys. Azatlyk Radiosy oz adyna eye boljak bolmaly. Azatlyk Radiosy erkin we azatlykparaz guychlering tribunasyna owrulmeli. Turkmenlering esasanam Eyran turkmenlerining songky taryhyny galplashdyrylmazdan hakykat yuzunde efire berilmeli.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil