Anna, Aprel 25, 2014 Aşgabat wagty 13:58

Brauniň: “Repressiw režimleri goldamagy bes etmeli”

“Split This Rock” atly şahyrlar guramasy we Waşingtondaky Syýasat ylmy-barlag istitutynyň “Foreign Policy In Focus” proýekti şenbe güni Waşingtondaky Türkmenistanyň ilçihanalasynyň öňünde dissident goşgularyny okamakçy.
“Split This Rock” atly şahyrlar guramasy we Waşingtondaky Syýasat ylmy-barlag istitutynyň “Foreign Policy In Focus” proýekti şenbe güni Waşingtondaky Türkmenistanyň ilçihanalasynyň öňünde dissident goşgularyny okamakçy.

Multimedia

Audio
  • Brauniň: “Repressiw režimleri goldamagy bes etmeli”

Tekstiň ululygy - +
Birleşen Ştatlardaky “Split This Rock” atly şahyrlar guramasy we Waşingtondaky Syýasat ylmy-barlag istitutynyň “Foreign Policy In Focus” proýekti şenbe güni Waşingtondaky daşary ýurt wekilhanalarynyň birnäçesiniň, Birmanyň, Ýemeniň we Türkmenistanyň ilçihanalarynyň öňünde, bu ýurtlardaky senzura protest bildirip, dissident goşgularyny okamakçy. Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban Split This Rock guramasynyň direktory, şahyr Sara Brauniň bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siziň şenbe güni Birmanyň, Ýemeniň we Türkmenistanyň ilçihanalarynyň öňünde dissident goşgularyny okamak kararyna gelmegiňiziň sebäbi näme?

Sara Brauniň
Sara Brauniň: Sebäbi şenbe güni dünýä boýunça şahyrlaryň parahatçylyk, adalatlylyk we ygtybarlylyk üçin çykyş edýän güni. Biz şahyrlaryň, ähli raýatlaryň özgerişlik üçin jemlenmeginiň kyn ýerlerine, şahyrlaryň hem raýatlaryň sesiniň senzura, repressiýa arkaly bogulýan ýerlerine ünsi çekmek isledik. Şahyrlar köplenç halkyň arzuw-islegleriniň, umytlarynyň we hyýallarynyň aýdymçysy bolýar. Onsoň zalym hökümdarlar we häkimiýet eýeleri olary örän howply hasaplaýarlar. Netijede şahyrlar köplenç senzura edilýär, tutulyp-basylýar ýa ondanam erbet ýagdaýa salynýar. Şu sebäpden biz dünýäde şahyrlaryň arkaýyn gürläp bilmeýän her bir döwleti üçin üç ýurduň ilçihanasynyň öňünde protest bildirmegi saýlap aldyk.

Azatlyk Radiosy: Ilçihanalarynyň öňünde protest bildiriljek üç ýurduň biriniň Türkmenistan bolmagynyň sebäbi näme? Siz Türkmenistanda şahyrlaryň arkaýyn gürläp ýa çykyş edip bilmeýänini nireden bilýärsiňiz?

Sara Brauniň: Men türkmen režiminiň adam hukuklary we söz azatlygy babatdaky ýagdaýynyň gaty ýaramazdygyny bilýän. Ýöne men bu ugurdaky gözleglerimi şindi hem dowam etdirýärin we köpräk zat tapmaga çalyşýaryn. Men häzir türkmençeden iňlisçä geçirilen goşgulary gözleýärin, emma olary tapmak kyn düşýär. Biz okamak üçin Merkezi Aziýanyň, söz azatlygynyň bogulýan beýleki ýerleriniň şahyrlarynyň terjime edilen goşgularyny gözleýäris. Men bu meseläniň üstünde häzirem işläp otyryn.

Azatlyk Radiosy. Siz bu çäre dogrudanam Türkmenistan ýaly ýurtlarda söz azatlygynyň ilerlemegine täsir ýetirer öýdýärsiňizmi?

Sara Brauniň: Men muny aýdyp biljek däl. Ýöne meniň umyt edýän zadym, biz amerikanlar hökmünde, dünýäniň köp ýerinde açyk pikirini aýdyp bilmeýän şahyrlaryň ýagdaýyna ünsi çekeris. Biziň öz hökümetimizem köplenç ýagdaýda şol şahyrlaryň, ýazyjylaryň we raýatlaryň sesini basýan režimleri goldaýar. Onsoň biz Türkmenistanyň hökümetine ýüzlenişimiz ýaly, öz hökümetimize-de ýüzlenýäris: biziň bu ganhor we repressiw režimleri goldamagy bes etmegmiz gerek, ähli ýurtlardaky adamlara söz azatlygy we azat bolmak gerek.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswir
     
kimden: Desparate Turkmen
24.09.2011 00:36
+0 / -0
Thanks a lot dear American friends, I really appreciate your kindness. One Turkmen poet says that if a poet will kneel, his countrymen will be slaves.

kimden: resul nireden: washington
24.09.2011 06:03
+0 / -0
Herhili ishsiz bar.........
Muňa jogap

kimden: Shahyr nireden: Turkiye
25.09.2011 05:37
+0 / -0
Senin ucin ishsizlik yaly bolup gorunmegi gaty adaty zat. Yone Garagumyn eteginde, ya Aziyanyn bowrunde yashayan shahyrlaryn mertebesinin depelenmegine Atlantik okeanyn anyrsyndan duygudashlyk bildirmegi meger ozune oran uly ish, wyjdan borjy hasaplayan adamlar entekler bar. Bu zatlara dushunmgun ucin mertebesi basgylanan adamlaryn yerine dushup gormeli, ya-da hazir hem merbebani depeledip yorenini yuregindaki damarlara duymaly. Ana sana shonda bu waka sana uly ish bolup gorner gadyrdan. Yogsam sowda-satyk bilen mhsgul bolman, gumanitar zatlary edyan adamlaryn hemmesi senin ol mahrem gozlerine ishsiz bolup gorner gider...

kimden: Suhan nireden: USA
26.09.2011 00:04
+0 / -0
Şahyrlar bogulsa, halk depelener, çagalar okuwsyz, aç galar. Žurnalistler dymdyrylsa ýa tarypnama ýazmaga mejbur edilse, parahorluk, zorluk gülläp öser, baş prokuratura parahana öwrüler. Ýazyjylar ýaşmak ýaşynsa ýa-da prezidente kitap ýazyp bermekde ýa ýaranjaňlykda ýaryşsa, Türkmenistandaky şu günki garyplyk, açlyk, bisowatlyk, gorkaklyk, tabynlyk, daşary ýurtlularyň agalygy emele geler. Bu zatlara düşünmek üçin akyl gerek däl, niýetiň düzüw bolmagy gerek. Eger ogurlyk, parahorlyk saçagynyň şärigi bolsaň, wagtlaýyn diliňi-başyňy çeýnäp bilerlsiň. Şol dilini başyny çeýnänler, soň käte, sag-aman gaçyp bilse, oppozisiýa-da goşulýar. Ýöne beýle op-dan hem peýda az bolýar.