Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG: Kesgitleýji topar türkmen saýlawlaryna gözegçi ibermegi maslahat bermeýär


Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň resmileri Norwegiýadaky saýlawlara syn edýärler, 2011-nji ýylyň 11-nji sentýabr.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň resmileri Norwegiýadaky saýlawlara syn edýärler, 2011-nji ýylyň 11-nji sentýabr.

Ýewropanyň saýlawlara gözegçilik edýän esasy edarasy Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasyndaky ýagdaýlary öwrenmek üçin, Türkmenistana biraz öňräk ýörite Kesgitleýji toparyny ugradypdy. Sişenbe güni bu toparyň Türkmenistana eden sapary bilen bagly hasabaty çap edildi. Topar saýlaw gözegçileriniň Türkmenistana ugradylmagyny maslahat bermeýär.


Türkmenistanda esasy azatlyklaryň we syýasy alternatiwleriň arasyndaky bäsleşigiň çäkli bolup galýandygy, şeýle-de kanunçylyk binýadynda ÝHHG-niň demokratik saýlawlar boýunça bildirýän talaplary babatda hem entek edilmeli işleriň bardygy göz öňünde tutulyp, Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gözegçilik etjek missiýanyň, hatda onuň az sandaky gözegçileriniň hem häzirki wagtda ol ýere ugradylmagy maslahat berilmeýär. Bu barada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasynyň ýörite Kesgitleýji toparynyň (OSCE/ODIHR NAM) 3-nji ýanwarda ýaýradan hasabatynda nygtalýar.

Türkmenistanda saparda bolupdy

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasynyň Kesgitleýji topary Türkmenistanda fewralda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gözegçilik etjek toparyň düzümini we iş çäklerini belli etmek üçin, 7-9-njy dekabrda Aşgabadyň çakylygy bilen Türkmenistanda saparda bolupdy.

Bu saparyň netijeleri barada ÝHHG-niň Demokratik institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasynyň metbugat wekili Ýens Eşenbaher Azatlyk Radiosyna şeýle diýipdi:

—Saýlawlara gözegçilik etmek barada çakylygy alanymyzda, biz şol ýerdäki ýagdaýlary öwrenmek üçin, ilki Kesgitleýji topary ugradýarys. Şol toparyň berjek rekomendasiýalary netijesinde-de, biz saýlawlara düýpli gözegçilik etmelimi, şeýle bolsa, muny nähili ýagdaýda amala aşyrmalydygy barada netijä gelýäris. Ýagny, munuň netijesinde gürrüňi gidýän döwlete nähili gözegçilik missiýasynyň ugradylmalydygy kesgitlenilýär.

Çäklendirmeler göz öňünde tutuldy

Kesgitleýji toparyň Türkmenistana eden sapary bilen bagly hasabat sişenbe güni çap edildi. Hasabatda Türkmenistanda häzire çenli “Demokratik partiýadan” başga syýasy partiýalaryň ýokdugy, hökümetiň dürli ugurlary boýunça güýjüň kanagatlanarly bölünmändigi, şeýle-de möhüm adam hukuklaryna we azatlyklaryna bolan hormatyň hem çäklidigi bellenilýär.

Şeýle-de hasabatda 2011-nji ýylda kabul edilen “Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” kanunyň bu ugurdaky kanunçylygyň halkara standartlaryna tarap ädilen ädim bolandygyna garamazdan, onda saýlaw prosesiniň käbir möhüm taraplarynyň kesgitlenmändigi ýa-da ýeterlik derejede esaslandyrylmandygy bellenilýär.

Netijede Kesgitleýji topar Türkmenistana fewral aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gözegçilik missiýasynyň ugradylmagynyň häzirki wagtda maksada laýyk däldigini öňe sürýär.

Saýlawlara hemaýat beriji topar

Emma türkmen resmileriniň ÝHHG-niň Demokratik institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasy bilen saýlaw reformalary ugrunda dialogy gurnamak maksatlaryna ünsi çekip, Türkmenistana saýlawlara hemaýat beriji toparyň ugradylmagyny maslahat berýär. Bu topar mundan beýläk saýlawlaryň kanuny we administratiw binýadyna gözegçilik edip, şeýle-de saýlaw prosesi boýunça has köp maglumat ýygnamak üçin ýurduň ençeme künjeklerine sapar eder.

Mundan öň hem ÝHHG-niň Demokratik institutlar we Adam hukuklary boýunça edarasy Türkmenistanda 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna we 2008-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Mejilise geçirilen saýlawlara özüniň saýlawlara hemaýat beriji toparyny ugradypdy. Şeýle-de 2010-njy ýylyň 5-nji dekabrynda geçirilen ýerli saýlawlara saýlaw ekspertleriniň toparyny ýollapdy.

ÝHHG-niň Demokratik institutlar we Adam hukuklary boýunça edarasy (ODIHR) adam hukuklary, demokratik institutlar, kanunyň üstünligi, şeýle-de ÝHHG-niň düzümine girýän döwletleriň öz üstüne alan beýleki giň gerimli borçnamalary esasynda işleşýär. Emma edaranyň üns berýän iň esasy meseleleriniň biri saýlawlaryň demokratik tertipde geçirilmegine gözegçilik etmekdir.
XS
SM
MD
LG