Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Älem haçan we näme üçin döräpdir?


Alymlaryň bellemegine görä, Älemiň bize tanyş adaty materiýadan durýan bölegi onuň doly 5 prosentine-de ýetenok.
Alymlaryň bellemegine görä, Älemiň bize tanyş adaty materiýadan durýan bölegi onuň doly 5 prosentine-de ýetenok.
Birleşen Ştatlaryň Aeronawtika we kosmiki giňişligi derňemek boýunça milli gullugy NASA-nyň 2013-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan býujeti ýaňy-ýakynda 0,3 prosent (59 million dollar) kemeldilende, onuň alyp barýan astrofiziki işleriniň aglabasy ýatyrylar diýip howatyr edilipdi. Elektroniki kameranyň kömegi bilen 150 müňden gowrak ýyldyza gözegçilik edýän, işi şowly “Kepler missiýasy” ýapylar gorkusy has hem uludy. Sebäbi 2009-njy ýylda beýleki ýyldyzlaryň daşyna aýlanýan terrestrial (Ýere çalymdaş) planetalaryň gözlegine çykan bu kosmos teleskobynyň işi çylşyrymly: çünki bir planetanyň öz ýyldyzynyň öňünden geçende gaýtalaýan orbitasyny tassyklamak üçin ençeme ýyllyk gözegçilik gerek bolýar. Ýöne NASA-nyň 4-nji aprelde "Kepler" missiýasynyň 2016-njy ýylyň sentýabryna çenli uzaldylandygyny habar bermegi köp adamlaryň ýeňillik bilen dem almagyna getirdi.

2013-nji ýylda Birleşen Ştatlar kosmos giňişligini öwrenmek barada barýan tagallalary 17,7 milliard dollar möçberinde maliýeleşdirer. Mundan daşgary Ýewropanyň, Orsýetiň, Hytaýyň, Hindistanyň we Ýaponiýanyň hem öz ýörite programmalary bar. Bu ugurda tutuş dünýäde edilýän çykdajylar ýylda 35 milliard dollar çemesi diýip çaklanylýar.


NASA-nyň 4-nji aprelde "Kepler" missiýasynyň 2016-njy ýylyň sentýabryna çenli uzaldylandygyny habar bermegi köp adamlaryň ýeňillik bilen dem almagyna getirdi.
NASA-nyň 4-nji aprelde "Kepler" missiýasynyň 2016-njy ýylyň sentýabryna çenli uzaldylandygyny habar bermegi köp adamlaryň ýeňillik bilen dem almagyna getirdi.
Onsoň munça harajat nämä gerek diýip soralmagy mümkin. Bu çykdajylar özüni, töweregini bilip ugraly bäri adamzady gyzyklandyryp gelen "Älem haçan, näme üçin döräpdir, biz nireden geldik, nirä barýarys, Älemde bizden başga-da dünýäler barmy?" diýen ýaly soraglara jogap tapmak üçin edilýär.

Grek filosofy Aristotel dünýä baky galar, oňa çökme, dargama ýok diýen pikirden ugur alypdyr. Dürli dini taglymatlara eýerýänler bolsa Älemiň belli bir wagtda bir ýokary güýç tarapyndan ýaradylandygyna ynanypdyrlar.

Adamzat özi, töweregi barada oýlanyp ugransoň, şular ýaly sansyz-sajaksyz taglymatlar döräpdir. Bu taglymatlar biri-birinden nähili tapawutly bolsalar-da, olaryň arasynda bir umumylyk bar: bularyň hiç birini gutarnykly subut edip bolanok, köpüsini inkär edere-de ýeterlik subutnama ýok.

Döwrebap ylmyň hem öz berýän jogaplary bar. Nähili-de bolsa, Älemiň näme üçin döräp başlandygyny, bu başlangyçdan ozal nämeleriň bolandygyny, onuň näme bilen soňlanjakdygyny ýa ondan soň nämeleriň boljakdygyny bilýän ýok. Bu soraglara gezek gelende ylym hem umumy pikir ýöretmelere, çaklamalara çolaşyp galýar.

Uly Ýarylyş

Giňden kabul edilýän teoriýa boýunça Älemiň döräp, ösmegi 13,7 milliard ýyl mundan ozal bolan Uly Ýarylyş (Bing Bang) bilen başlanýar. Bu Ýarylyşa nämäniň sebäp bolandygy belli bolmasa-da, şondan beýläk taryhyň indiki ugruny kesgitlän kosmologik ösüşiň ilkinji ädimlerinden başlap güýje giren tebigat kanunlary bolýar.

Älemde çäksiz gyzgynlyk, çäksiz dykyzlyk we energiýa - adamzadyň akylyna sygmaýan ýagdaý - höküm sürüpdir. Onsoň aşa gysga wagt aralyklarynda gigantik prosesler bolup geçýär. Kosmos gysga wagtyň içinde ýokary tizlik bilen giňelip, temperatura aşaklap başlaýar. Deslapky sekundlardan başlap, energiýa elektronlar, protonlar we neýtronlar ýaly elementar bölejiklere öwrülýär. Agyrlyk güýji ýaly güýçler peýda bolýar.

Uly Ýarylyşdan sanlyja minut soň Älemde temperatura bir milliard gradusa deň bolupdyr. Ondan soňraky ýarym sagadyň içinde ilkinji atom özenleri döreýär. Bir ýyldan soň kosmos giňelip, biziň häzirki galaktikamyz Akmaýanyň Ýolunyň 6 essesi bolýar.

Temperatura 100 ýyldan soň 200 müň gradusa, 1000 ýyldan soň hem 60 müň gradusa gelýär. 380 müň ýyldan soň kosmos sowap, temperatura 2700 gradusa çenli aşaklanda, elektronlaryň atom özenleriniň daşyna aýlanyp başlamagy netijesinde atomlar döreýär. Bularyň takmynan 75 prosenti ýeňil we ýöntem atomlar bolan wodorod (hydrogen) atomlaryndan (bir proton we bir elektrondan ybarat) durýar. Galan dörtden birini emele getiren geliý (helium) atomlary (iki elektorn we geliý ýadrosyndan ybarat) bolýar.

Aradan 100 million ýyl geçenden soň wodorod we geliýden ybarat äpet gaz dumanlyklarynda ýyldyzlar doglup, kosmos giňişliginde dumly-duşa ýalkym saçýan asman adalary - galaktikalar peýda bolýar.

Uly Ýarylyş modeli diýilýän düşünje häzirlikçe şeýle. Ýöne geljekde bilimde ilerleme bolan halatynda onuň giňemegi mümkin. Ylmyň dürli pudakarynda, aýratyn-da kosmologiýada, Älemiň strukturasyna düşünmek babatda ölçegleriň üsti bilen öwrenilen köp zatlary, ýagny 10 ýyl mundan ozal hem göz öňüne-de getirip bolmandygyny nazara alanyňda, ilerleme boljakdygy şübhesiz.

Älemiň garaňky syrlary

Alymlaryň bellemegine görä, Älemiň bize tanyş adaty materiýadan durýan bölegi onuň doly 5 prosentine-de ýetenok. Onuň 65-70 prosentini Garaňky energiýa (Dark Energy), 25-30 prosentini hem Garaňky materiýa (Dark Matter) eýeleýär. Bular barada bilinýän zat ýok. Erkin wodorod we geliý elementiniň paýyna düşýän – 4 prosent. Ýyldyzlaryňky 0,5, agyr elementleriň paýy 0,03 prosente barabar. Planetalar we biz (adamzat) şu agyr elementlerden durýarys.

Älemde näçe galaktikanyň bardygy anyk bilnenok. Munuň sebäbi olaryň hemmesini görüp ýa surata düşürip bolmaýandygy. Ýöne astornomlar kosmosyň gözegçilik edip bolýan bölegindäki galaktikalary çalarak sanapdyrlar. Berilýän sanlar 100 milliard bilen 500 milliardyň aralygynda.

Biziň galaktikamyz hem şu galaktiklaryň biri. Ol bularyň iň ulusy däl, iň kiçisi-de däl. Onda takmynan 100 milliard ýyldyz bar diýilýär. Bularyň hem hemmesi bolmasa-da, iň bärkisi ýarpysynyň öz planeta sestemalary bardyr diýlip çaklanýardy. Ýöne ýaňy golaýda geçirilen bir barlag Akmaýanyň Ýolundaky planetalaryň sanynyň mundan has köpdügini görkezdi. Bu barlagda ýyldyz başyna 1,6 planetanyň düşýänligi aýdylýar. Bu hasap dogry bolsa, onda biziň galaktikamyzyň bir özünde iň azyndan 100 milliard ýyldyz bilen 160 milliard planeta bar.

Älemde bir kiçijik dänejik hasaplanýan Akmaýanyň Ýoly giň regiona uzalyp gidýär. Onuň bir ujundan ol ujuna ýetjek bolsak, özümiz-de ýagtylygyň tizliginde - sekuntda 300,000 kilometr - hereket etsek, bize 100 müň ýyl gerek.

Biziň galaktikamyzy hem öz içine alýan şu 100 milliard ýa 500 milliard bardyr diýilýän galaktikalar, erkin dumanlyklar Älemiň diňe bir 4-5 prosenti bolsa, onda Günüň galan ömri (4,5 milliard ýyl, Ýerdäki ýaşaýyş şoňa bagly) tamamlanýança Älemiň garaňky syrlaryna düşünip biljegimiz gümana.

Ýöne ekzoplanetalarda (Gün sistemasyndan daşardaky planetalar) özümiziňkiden akyllyrak siwilizasiýalara sataşyp, jedelli meseleleri parahatçylykly çözmegiň ýollaryny şolardan öwrenäýmesek, ondan bärde hem dargap gitmegimiz mümkin. Muňa gerekli şertleri özümiz döretdik. Sowuk uruş döwründe öz planetamyzy üstündäki ýaşaýyş bilen birlikde ençeme gezek ýok etmäge ýeterlik ýarag arsenalyny topladyk. Trilliardlarça asman jisimleriniň arasynda hem çalaja aýak basyp bilenimiz – diňe Aý boldy. Onuň hem Ýerden aralygy diňe 400,000 kilometr - ýagtylyk üçin 1,3 sekuntlyk ýol.

Araz Perwiş Germaniýada ýaşaýan türkmen žurnalisti, syýasy ylymlaryň doktory, Gamburg şäheriniň Daşary diller institutynyň mugallymy.


ÇEŞMELER:
  1. GEOkompakt, 18.November 2011. Der UrknallBörner
  2. Gerhard: Kosmologie. Eine Einführung. Frankfurt am Main. 2011
  3. http://www.nasa.gov/centers/ames/news/releases/2012/1233AR.html
  4. http://www.voanews.com/english/news/science-technology/Study-Milky-Way-Galaxy-Has-160-Billion-Planets-137344993.html
  5. http://www.welt.de/wissenschaft/weltraum/article13811282/In-der-Milchstrasse-wimmelt-es-nur-so-von-Planeten.html
  6. http://kepler.nasa.gov/
XS
SM
MD
LG