Duşenbe, Sentýabr 01, 2014 Aşgabat wagty 16:11

Ýörite gepleşikler / Tegelek stol

Mugt ýangyjyň soňy

Ýangyç stansiýasynda
Ýangyç stansiýasynda
Türkmenistanda şu ýylyň 1-nji iýulyndan awtoulag eýelerine berilýän mugt ýangyç normasy ýatyrylýar we bu olaryň her aýda alýan 120 litr ýangyjyny pully almaly boljagyny aňladýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda S.Nyýazowyň prezident bolan ýyllary 1 litr benziniň bahasy 2 amerikan sentine barbardy.

G.Berdimuhamedow 2008-nji ýylyň fewralynda awtoulagly türkmen raýatlaryna aýda 120 litr ýangyjy mugt bermek düzgünini girizdi. Şol bir wagtda 1 litr benziniň bahasy 22 amerikan sentine barabar boldy, ýagny ençeme esse gymmatladyldy.

Indi bolsa, ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek, içerki bazardaky nebit önümleriniň harçlanyşyny tygşytlamak üçin, mugt ýangyç normasynyň ýatyrylýandygy habar berilýär.

Eýsem ozal ilata mugt ýangyç bermegi karar eden prezident birden näme üçin düýpden başga pikire geldi?

Ýa-da ozal ilat şeýle kömege mätäçdi-de, indi şeýle mätäçlik azaldymy ýa-da ýurtda ýangyç meselesinde kynçylyk döredimi?

Ýa-da bolmasa, mugt ýangyç normasyny ýatyrmak baradaky  karar raýatlaryň durmuşyna, güzeran aladalaryna nähili täsir ýetirer?

Türkmenistanyň raýatlary mugt ýa ýeňillikli berilýän harytlaryň, önümleriň bazar nyrhlary esasynda satylmagyna taýýarmy?

Umuman ýurtdaky mugtçulyk syýasatynyň kem-kemden gowşamagy, şol bir wagtda ilatyň sosial goraglylyk şertleriniň o diýen gowulaşyp gidibermezligi barada kim näme pikir edýär?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar we aýtjak-diýjek sözi bar adamlary söhbetdeşlige goşulmaga çagyrýar. Pikirleriňize garaşýarys.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswir sahypasy
    Indiki 
kimden: Atsyz
02.05.2014 00:23
+0 / -0
1 litr benzin 22 dollar dalde sent bolaymasyn

kimden: betje
02.05.2014 00:28
+0 / -0
entejik name goryaniz, mugt dal, pully tapsanyz razy borsunyz benzini. Dine benzini dal, gazy, suwy, togy hem pul berip tapsanyz razy bolarsynyz. Oynadyn oturyn ozunizi, gorersiniz, gorersiniz, goreresiniz. Ynanman, gowy bolar urush yok, shukur, alla gowusyny etsin diyiin. oturyn, yatyn, hor çekin....

kimden: Ashyr nireden: ashgabat
02.05.2014 08:49
+0 / -0
mugt zatlary yatyrmagy kop derejede gowy.zatlar bisarpa tutulmazyaly.yone gynansakda bizin yurdumyzyn ilaty bu zatlara wapshe tayyar dal.bizde ortacha ish haky 3 mln toweregi ol haysy birzada yetsin

kimden: Ata nireden: Turkiye
02.05.2014 13:26
+0 / -0
men " Tegelek Stol" sohbetdesligine gosulmak isleyan, nadip gosulyp bilerin? habarnyza garashyan.

kimden: akgul nireden: asudalyk
02.05.2014 22:12
+0 / -0
Salam !!! name ucin turkmenistanda hemme muhtda name ucin ony pulyna edyarler ha men son hayyran !!! turkemenistanyn ozinde cykyara name ucin ony gymatyarlar men sona hayyran !!!
Muňa jogap

kimden: garagul nireden: goh-galmagal
07.05.2014 00:24
+0 / -0
mugt puharda yok, mugt zat berseler, bashga yerden derini soyyandyrlar, shuna dushunmeyan adamdan adam bolmaz.

kimden: Atsyz
03.05.2014 00:34
+0 / -0
Bizde hemme reformalar ekpress rejimda geçirilýär. Bir gün turýaň yangyjyň mugt däl, öýüňi ýumurdylar, garazyň sökülüp taşlanyldy, özüňem ýowara iberilýäň... Ine ýene bir reforma. Mümkin “stabilizasion fondyň” serişdelerini dereksiz proýetlere harçlap hökümetde pul galan däldir? Yogsam şol fondam “ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek” maksady bilen döredildi dämi? Halkyň bähbidi uçin bu reformany geçirýäler diýp pikir edemok. Serişdeler saglygy saklaýş, bilim ulgamlaryny, oba hojalygy we infrastrukturany gowylandyrmak, ösdürmek uçin ulanylmaz. Muny tejribe görkezýär.

Halk bilen maslahat etmän, geçiş döwrüni anyklap, sosial gorag mehanizymlaryň döredilmezligi bu reforma jemgyýetiň garyp gatlaklaryna gaty agyr deger. Halk hasam garyplaşar. Hyzmatlaryň, harytlaryň bahalary galar, durmuş gymmatlar, galanja telekejiler ýok ediler. Munuň ýaly çylşyrymly reformany şowly geçirmek uçin batyrgaý, halk tarapdan sylanýan bir häkimiýetler gerek. Sebäbi munuň ýaly agyr özgermeleri çydamok uçin halk öz hökümetini sylamaly, onuň aýdýan duşundirmelerine ynanmaly. Ýone hökümetiň syýasaty, dolandyryş ukyby gowşak bolanda, hallkda oňa ynamy bolmadyk jemgyýetde adamlar närazylygyny köçä çykyp görkezmekleri ähtimal. Ýone biz “uruş bolmasa bolýada” diýp her gün özümiz edil uruşda ýaly, zorluk, kösençligu çydap ýaşamany saýlap alan çydamly halk. Biraz söwüners ýene “el ýaly çorek” barla diýp uka gideris.

Halk bilen maslahatlaşman, prosessy aýdyňlaşdyrman, siwilizlenen ýurtlarda ýaly reforma taýarlanyp, geňeşip geçirilmeýäni uçin bu reforma manysyz, dereksiz bolar we halky ýenede uly kösençliklere sezewar eder. Ýangyç tygşytly ulanylmagy gazanmak uçin adamlaryň bilimini artdyrmaly ilki bilen, olar bilen adam ýaly gürleşmäne başarmaly. Men näme uçin ýangyjy tygşytlamaly? Meň näme ýaşaýan rayonymda batkaň, çägaň içinda ýaşaýan, ýollar sökülen, hemme hyzmatlar “tölegli”. Şony tygşytlanym bilen meň durmuşum gowylanarmy? Ýone mümkin bu zatlar ekologiýanyň bähbidine bolar? Türkmenler pyýada ýörap başlarlar, awtoulaglar azalar, howa arassalanar. Garyp adamlar umuman sagdyn bolýalar...
Muňa jogap

kimden: Halk
04.05.2014 02:14
+0 / -0
Halk barmy maslahatlashar yaly, men birwagtdan bäri yok ahyryn.
Muňa jogap

kimden: halk 2
07.05.2014 00:26
+0 / -0
halk bar, yone nalajedeyin halk, eger halk bolmasady, onun ustunde oturan diktator yikilardy, diktatory, onda-da samsyk diktatory uzak saklayan nalajedeyin halkdyr, ol diktatora ganna, ya-da eyer bolyar.

kimden: batyr
03.05.2014 01:35
+0 / -0
batyp baryan dowlet, ustesine sowrujylaryn ishdasi barha achylyar. Goreli bakaly, nireden chykarar bular bizi, garashmakdan bashga alach yok, bar zady alla goyup oturan halkymyz bar.

kimden: Hydyrata
03.05.2014 10:56
+0 / -0
Bu syýasy-ykdysady göçüm; Wagtynda edilen iş! Berdimuhamedow ilki benzini Nyýazow döwründäkiden kän esse gymmatlatdy, bu oňa bazar bahalaryna geçmekçi bolýar diýdirmek üçin gerekdi, ýöne ol Nyýazowyň populist emellerini hem ýeserje ulanýar. Şu sebäpden ol mugt benzin normasyny yglan etdi. By bir okda iki towşan urmakdy. Hem halkara synçylaryny aldady, hem ýurtdaky maşynly gatlagy oýnady. Indi ol döwletde ykdysady problemalaryň çuňlaşmagyndan gorkýar, sebäbi nebit-gazyň doldurmaly deşigi kän we öndürilişi peselýär. Ikinjiden, Günbatar Ukraina bilen başagaý, Orta Aziýada adam hukuklaryna we demokratiýa hiç kimiň eli degmeýär. Türkmen "oppozisiýasy" bolsa Nyýazow döwründe ysgyndan gaçyryldy we ýok ýagdaýynda, indi hem dörejege meňzemeýär, sebäbi halk syýasatdan daş. Indi Gurbanguly mugt benzin bermek, halka para bermek oýnundan el çekse, oňa düşünmek kyn däl. Halkyň barybir edip biljek zady ýok, sebäbi oppozisiýa ýok, ýa-da halk we opposiziýa arasynda jebislik, bolmanda raýdaşlyk ýok, dilde bar, iş ýüzünde ýok. Goý, indi maşynlylar göreşsin. Olar öň oppozisiýany 'ýere sokanlarynda' mugt benzine aldanypdylar.
Muňa jogap

kimden: Dj
03.05.2014 14:10
+0 / -0
Dine mashynlylara zyyany yetenok bu oyunyn ! Iyjegini zordan tapyan mashgalalar kan , in esasy udar sholara deger ! Sebabi mashyn almana puly bolan adam 120 lit benzinin pulunam tapar ! Emma mashynsyz pes mashgalalara nadip udar deger diyen sorag yuze cykyar , Benzin galdy diyip islendik haryt galar , transportirowka edilyan edilmeyan harytlaryn hemmesi galar ! Goy ol ka bir harytlara dahyly bolmasada sowdegarlerin bahany galdyrmagyna sebabp bolyar , ine sana gerek bolsa reforma !

Dj G.B mix edip bashlady !
Muňa jogap

kimden: Atsyz
03.05.2014 16:54
+0 / -0
Raydashlyk yok diyp mashynlylary gunakar edip goymaly dal. Mashynlylan name gunasi bar olaram halkyn bir bolegi.

kimden: Kadyr nireden: Diktatoriya
03.05.2014 20:44
+0 / -0
Mugt benzini ayirmagy dogry.Yone 10 litrda 2 litr iymeklerini ayirsynlar,ussunede bahasyny galdyrmasyn bolyar sholam. Eger ynanmayan bolsanyz elinize gaby alyp Mary welayatyndaky islendik zaprawka baryp olcedayin..Asgabatda beyle dal.Sebabi Ministirler organlaryn ozu kem guydurmaz.Hemmesem shotauda..Galan welayatlardaky organ isgarleri PESHKA. OLAR GYLLYGYNY AKDYRANSONLAR Asgabat at oynotya..

kimden: merdan nireden: witebsk
04.05.2014 19:21
+0 / -0
bu adamlarda name guna name un benzini yatyrdylar (DOWLET ADAM UCHIN) diyen shygary one surya hormatly prezidentimiz diyyaler hany one suryan bolsa gorkotsinda shun etyan zatlarynyn hic birem halka peydaly dal bir giden jay salya hicisem el yeterli dal parahorlar alya dine pully para alyp bayayan adamlar alya hany adalat nirede, intak shu gunumize shukur ederis bu bashlangyjy dine ALLAN ozi gowsyny etsin, halk yatyr, ayaga galyp shu zatlara garshylyk gorkozmeli nagiledigini bildirmeli, berdimuhammedem gorer intak bu etmishlerinin netijesini
Teswir sahypasy
    Indiki