Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň "ZAGS" päsgelçiligi


Türkmenistandaky toýlaryň biri.
Türkmenistandaky toýlaryň biri.

Orsýetde işleýän we rus raýaty bolan türkmenistanlylardan biri ýakynda öýlenmek üçin ýurda barýar. Söýýän gyzyna gudaçylyga barylýar we ene-atalaryň razylygy bilen toý taýýarlygyna başlanýar.

Emma haçan-da nika üçin resmilere ýüz tutulanda, toý taýýarlygyny goýbolsun etmeli bolýarlar. Sebäbi "ZAGS" prosesiniň Türkmenistanda dört aýa çenli uzaga çekip biljekdigi aýdylýar.

Ýaşlar, "Biz onda Orsýetde nikadan geçäýeli" diýip aeroporta baranlarynda, türkmen raýaty bolan gyzyň diňe Türkmenistanda nikadan geçen halatynda ýurtdan çykyp biljekdigi aýdylýar. Şeýlelik-de ýaşlaryň şatlygyna sogan dogralýar.

Edil şeýle ýagdaýlary türk raýatyna durmuşa çykmak isleýän türkmen zenanlary hem yzygiderli başdan geçirýärler. Azatlyk Radiosynyň "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky tapgyrynda ynha şu temadan söhbet edilýär.

Sizi hem bu tema hakda öz pikiriňizi aýtmaga çagyrýarys. Eger programma gatnaşmakçy bolsaňyz hat@azatradio.org arkaly habarlaşyň. Eger teswir galdyrmakçy bolsaňyz aşakdaky forumdan peýdalanyp bilerisiňiz.

XS
SM
MD
LG