Diňle

Häzir efire gidýär

Hepdä syn

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3051
EUR / 
RUB
0,0252
RUB / 
USD
30,3

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Bloglar

Demokratiýa tarap ýene bir ädim diýip bolarmy?

03.03.2010

Türkmenistanda geçen nobatdaky Döwlet howpsuzlyk geňeşinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizmek, ony liberallaşdyrmak boýunça ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna aýdan teklipleri aradaky köp soraglary aýdyňlaşdyrdy diýse bolar.

Jeza çäreleriniň 25 ýyldan 15 ýyla getirilmegi hem-de tussaglykda ýatan adamlaryň ýagdaýlaryny gowulandyrmak, neşe serişdesi bilen gaýtadan tutulýanlary möhletinden öň boşatmazlyk hakynda kanuna giriziljek üýtgetmeler, belki-de, Türkmenistanyň halkara kada-kanunlaryna golaýlaşýandygyny görkezýän alamatdyr.

Türkmenistan garaşsyzlyk alandan soň, Jenaýat kodeksi doly işlenip, 1997-nji ýylyň maýynda taýýar bolupdy. Oňa çenli Türkmenistan SSR-niň öňki Jenaýat kodeksi ulanylýardy. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 1997-nji ýylda tassyklanan Jenaýat kodeksinde iň agyr jenaýat işi üçin 20 ýyl hem-de ölüm jezasy berilýärdi.

1999-njy ýylyň 29-njy dekabrynda geçen IX Halk Maslahatynda ölüm jezasyna moratoriý (wagtlaýyn saklamak) girizilmegi we ony ýerine ýetirmek doly gadagan edilensoň, iň agyr jeza 25 ýyl diýlip bellenilipdi.

2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalary bilen baglanyşykly şol ýylyň 30-njy dekabrynda geçen Halk Maslahatynda Saparmyrat Nyýazowyň teklibi bilen Jenaýat kodeksine düzediş girizilýär. Şol düzediş esasynda iň agyr jeza ömürlik tussaglyk diýlip yglan edilýär.

Başga döwletleriň praktikasyna seredeniňde, Türkmenistanda häzirki güne çenli hereket edip gelen jeza çäreleri liberala ýakyn diýlip hasap edilýärdi. Emma prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň jeza çärelerine düzedişler girizmek hakyndaky teklibi köplere Türkmenistan dogrudan-da demokratik ýola gadam basýar diýdirdi.

Sebäp näme?

Prezidentiň beýle liberal teklipleri orta atmagyna nämeler sebäp bolup biler?

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda halkara guramalary tarapyndan adam hukuklaryny gödek bozýanlykda aýyplanyp geldi.

Halkara ”Gyzyl ýarymaý” guramasynyň türkmen tussaghanalarynyň ýagdaýy baradaky soraglaryny, talaplaryny kanagatlandyrmazlygy, şonuň bilen birlikde-de S.Nyýazow tarapyndan tussag edilen dürli wezipedäki adamlaryň ykbalyna biparh garalmagy bu aýyplamalara esas bolup gelipdi. Indi bu mesele boýunça-da Türkmenistanyň öz garaýşynyň bardygyny aýdyp boljaga meňzeýär.

Jenaýat kodeksine giriziljek üýtgetmelerden ugur alsak, onda şu ýylyň maý aýynda Beýik ýeňşiň 65 ýyllygyna ýa-da Konstitusiýanyň kabul edilen gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň türmelerindäki tussaglaryň aglaba köpüsi prezidentiň permany bilen azatlyga çykar.

Biziň çakymyza görä, ol topara hökümetiň öňki iri çinownikleri bilen bir hatarda 2002-nji ýylda tussag edilen harby ofiserler hem-de şol ýylyň noýabr aýynda döwlet agdarlyşygynda aýyplanyp tussag edilen adamlaryň belli bir topary girer. Galanlarynyň-da şu ýylyň Garaşsyzlyk baýramçylygyna gabatlanyp, boşadylmagy mümkin.

Kanunlar häzirki depginde täzelenip kabul edilip gidilse, onda Türkmenistanyň Garaşyzlygynyň 20 ýyllygyna 2011-nji ýylda türkmen tussaghanalaryndan Saparmyrat Nyýazowyň döwründe tussag edilen adamlaryň hemmesiniň-de azatlyga çykmagy ahmal. Bu hem ilki bilen prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň diňe Türkmenistanda däl, eýsem halkara arenasynda-da abraýyny bir gez ýokary galdyrardy.

Gurbangeldi Töräýew türkmenistanly ykydysady we syýasy analitigiň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: nazar
04.03.2010 13:51
Tussagdaky adamlar, dowletin algysy dala, belli bir dowurde girenleri jemlap birden azatlyga cykarar yaly. Olaryn icinde jemgyyete ziyanlilary hem bar. Tussaglary giren yilina we dowrune gora azatlyga cykarmak abray getirer diyip oylamak gaty gen zat.
Muňa jogap

kimden: Samsyk
04.03.2010 17:11
Barde awtor syyasy tussaglar barada aydyar, akylly! Syyasy tussagyn wagty, dowri, zyyany diylen zat yok. Ozun hem bir gun dushende gorersin, Huday gorkezmesin. Butin dunya oynamaga gygyryp duran daldir, indi butin dunya samsyk boldymy?

kimden: Şahyr
04.03.2010 20:39
Nesip bolsa Yurdumyzda hemme zat gowy bolar. Adam haklaram öser, birek-birege hormatam, demokrasiya-da bolar. Bize düşen - Alla bil baglap, her birimiz öz ornumuzda, Watan söygüsi bilen Türkmen halkynyn önündaki mukaddes borçlarymyzy berjay etmek. Galanam name Hudayjanyn özi hoşniyetli we erjel Milleti hiç wagt yeke goymaz. Biribar diyilyar-a, Türkmen halkynyn hem elinden tutup üstünliklere we ösüşin belent sepgitlerine yetirjek Biri bar. Biz zahmeti çekip, gujurymyz gayratymyz bilen Millet hökmünde bize düşen işleri gül yaly edeli. Galanam Allah Kerim. Birem imanly, akylly, halal, demokrat yolbaşçylaryn yetişip Yurdumyzy güllük-gülistanlyga .öwürmegi üçin dilegde bolalyn...Hem ruhy(ahlak) taydan hemem maddy-tehniki we sosial taydan...
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS