Diňle

Häzir efire gidýär

“Perekrestok”

Geljek programmalar


Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Blog

Abort gerekmi ýa-da gerek däl?

08.03.2010

Göwreli bolmak, çaga dogurmak her bir enäniň arzuwy-islegi. Gujaga çaga almak ene üçin bagt. Ýöne göwrelilige bimahal çagda sataşýan aýallar üçin bu ýagdaý uly betbagtçylyk bolup durýar.

Aýallar söýgä sataşýarlar ýa-da aldawa düşýärler, ýa-da ýeňil eklenç gözleginde ters ýola düşüp, şowsuzlyga uçraýarlar, garaz, erkek bilen gatnaşykdan soň aýal başynda dert galýar. Gerekmejek mahaly göwrelilik ýüze çykýar. Beýle ýagdaýda aýallaryň köpüsi dogurmak islemeýärler. Çagany aýyrdýarlar, ýagny abort etdirýärler.

Abort etdirmek hemmelere başardyp durmaýar. Doktora ýüz tutmaly. Doktora ýüz tutjak ýeriňde propiskaň bolmaly. Abort etdirmek üçin gan we dürli analizler tabşyrmaly. Her analiziň bahasy üç dollara ýakyn. Abort etdirmek (arzan ýagdaýda) ýigrimi dollar. Munça puly welaýatlardan çörek bişirip satmak üçin ýa-da başga bir gazanç gözläp uly şäherlere gelýän gyzjagazlar, şeýle hem ýeňleslik ýolunda neşekeşlige sataşýan zenanlar tapyp bilmeýärler. Talyp gyzlaryň eýdip-beýdip, bu puly tapmagam mümkin. Şu sebäpler üçin aldawa düşüp, göwreli bolýan ýaş gyzlar hem-de mydama pulsuz neşekeş aýallar göwresindäki çagany aýyrtmaga, ýagny, abort etdirmäge mümkinçilik tapman, dogurmaly bolýarlar.

Abort etdirmäge pul tapmaýan ýaş gyz soňra dogran çagasyny eklemäge, ýat ýerde ýaşamaga nädip mümkinçilik tapsyn. Şeýle ýagdaýda dünýä inýän günäsizje adamjyk çaga dogrulýan öýlerde zyňlyp gidilýär. Ogryn ýagdaýda göwreli bolmak, çaga dogrulýan öýlerde çaga taşlap, gaçyp gitmek hadysalary sowet döwründe-de kän bolýardy. Şol zatlar sebäpli, Türkmenistanyň dürli şäherlerindäki ýetimler öýlerinde ejesiz-kakasyz ulalýan ýetim çagalaryň bäri-aňyrsy ýokdy. Ulalansoň olaryň arasynda ogry-jümrüler, adam öldürýänler bolup ýetişýänler hem bardy. Sebäbi hossar terbiýesi ýaly terbiýe hiç ýerde bolmaýar. Biz çem gelen tarapyndan dogrulyp taşlanyp gidilýän ýetimler bilen öň özüniň gerekli ojagynda doglup, uruşda ýa-da ýer titremesinde hossarlary ýogalyp, mejbury ýagdaýda ýetimler öýüne düşen çagalary deňeşdirmek islemeýäris. Sebäbi hossardan birazajyk terbiýe alan çaga-da soňy bilen adam bolup ýetişýär. Ýöne bäbekliginden ýetimler öýüne zyňlyp, hiç hili ene-ata terbiýesini almadyk çagalar welin, soňy bilen jemgyýetiň ýürek agyrysy bolup ýetişýärler. Olar ýürek agyry bolmanda-da, kiçijik adamjygyň hossar mährini alman ýetişmegi gynançly hadysa bolup durýar.

Kyn sowal

Bir hepdede bäş çaga golaý zyňlyp gidilýändigini çaga dogrulýan öýlerde işleýänler gürrüň berýärler. Käte gowy dolanan çaganyň çagalar öýüniň gapysyna, zir-zibil dökülýän ýerlere zyňlyp gidilýändigini aýdýarlar. Şeýle zatlary eşidip, ýetimler öýlerindäki körpejeleri synlap, pikir öwürýärsiň: «Olara ömür berleni gowumy ýa-da ene garnyndaka olaryň dünýä inmekden mahrum edileni?» Kyn sowal. Bu hakda hiç kim çözgüt boljak zady aýdyp bilmez.

Häzirki döwürde ýaşaýyş asla-da kynaldy. Garaz, hökümet olary ýetimler öýüne atyp, ölmez-ödi iýdirerem, geýdirerem, ese-boýa-da galdyrar. Ýöne, olar kämillik ýaşyna ýetensoň hem hany olara iş, hany olara okuw, hany olara ýaşamaga tünek? Bu wagt «men-men» diýen maşgalalar zordan tünek edinýär. Ýeke otagyň bahasynyň otuz müň dollara çykan döwründe 150 dollar aýlyk bilen nädip jaý edinmeli? Eger hökümet olara jaý bermek meselesini üstüne alaýan ýagdaýynda-da her çaga dogrulýan öýde hepdede azyndan bäş çaga taşlanyp gidilýän bolsa, ýurtda näçe çaga dogrulýan öý bar, hökümet bar gurýan jaýyny taşlanýan çagalara berip duraýmasa.

Garaz, kyn mesele. «Göwreli bolmaň» diýib-ä olara gep düşündirip bolmaýar. Häzir aýratynam ýaşlar azypdyr. Ýaşy uluraklaryň gürrüňini etmäliň, mekdep okuwçylarynyň arasynda göwreli bolup, äre gaçýanlar bar.

Ýa-da çaga aýyrdasy gelýänleriň abort meselesine kömek bermelimi? Dini taýdan çaga aýyrtmak uly günä hasaplanýar. Ýöne şeýle-de bolsa, ýetimler öýlerini hossarsyz çagadan dolduryp durmagam lezzetli iş däl. Abort etdirjekleri mugtuna hem anonim abort etmäge kömek bermegi ýa-da hökümet öz üstüne almalymy? Nädeniňde gowy boljak? Bu meseläni häkimiýetler köplük bolup çözmeli.

Serdar Gulgeldiýew türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: nabelli nireden: istanbul
08.03.2010 00:49
+0 / -0
Shu bolyan zatlardan eysem hokumetin habary yokmy ? BAR ! Shu meseleleri chozmage serishde barmy ? BAR !
Yone gynansagam henize chenli derekli chareler gorulmedi :( Dine gereksiz kashan jaylar guruldy :( Olaryn bahasam elyeterli dal :( Kime gerek shu zatlar ? Hokumetdaki yokary wezipeli adamlar nadip shu goze durtup duran meselelere biperway garap bilyarler ? Hey bularda Watan soygusi yokmy ? Aytsan aydyp oturmaly , yone biz bu yerde hernache aytsagam bular dowleti duzeltjege menzanok , tersine beter gemiryaler ! Dowlet dine shu wagtky okap yoren yashlaryn gayrat-gujury bilen duzeler . Shu wagtky hokumetden beyle zatlara garashmak UTOPIYAdan bashga hich zat hem dal !
Muňa jogap

kimden: aylar
08.03.2010 01:59
+0 / -0
Siz Turkmenistanyn ilat sany barada sonky 2009 njy yyl boyunca maglumatlary gordugizmi? 5 milliona etmeyar ilat sany. Shu yagdaydada name etmeli. Dushunukli, durli yagday bolup biler, emma mysal uchin yewropa yurlarynda doguran chagasyny anonimlik yagdayda keselhanala tabshyryp bolyar. Bu hyzmata baby box diyarler. Shonda chagasy bolmadyk adamlar neressani aguldyk ya-da gyzlyk edinip biler. Turkmen halky neshekeshlik zerarly gyrylyar. Shu barada milli bahbitlerini one suyan hakimiyetler alada etmeli. Sanlyja turkmen halkynyng bilim derejesini yokarlandyryp, halky halas etmage chalshmaly!

kimden: Yomut
08.03.2010 02:44
+0 / -0
jaylaryn bahasy 30 mun dollar dal, 50 munden gecdi. Menina kakam 5 gezek tazeden dogulsa-da alyp bilmeyar mana jay 170 dolar aylyk bilen. Bizinki yaly bay yurt dagy taze oylenyanlere mugt berende-de bolyara jay. Nama gerek 500 000 dollarlyk otel. Nace adamy jayly edip bolya shona. Menem oz halayan gushum, gulum bilen arkayyn durmush gurardym Galynynada bermage pulum yok, yewropadan grant alaymasam, liberal balajyk dogurjak bolyas diyip, proyekt duzup gorkezip. :(

kimden: ankaw nireden: istanbul
08.03.2010 04:40
+0 / -0
jynsy aragatnashygy togtatmak gaty kyn mesele. mekdeplerde gyzlara ayratyn oglanlara ayratyn jynsy aragatnashyk barada maglumat berip duryan mugallyma ya-da mugallymlar gerek. belli yasha yeten chagalara yorite sheylerak sapak goymak kop biduzginciligin onune gecip biler.

birem prezervativ ansadyrak tapar yaly elyeterli bolmaly. bu mesela ayyp zat diyip hem seretjek bolup otyrmaly dal. dogrylyp koce taslanyan chagalaryn yanynda jynsy aragatnashyk bilen gechyan keseller hem uly howp jemgyyet uchin.

kimden: gurban
08.03.2010 11:43
+0 / -0
-Dowlet we halk, bu meselani aborta cenli gelip yetmegine we durmus gurmazdan beyle zatlara yol acylmagyna rugsat bermeli dal. Turkmenistanyn narko koridor bolmagyna rugsat bermeli dal. Turkmen medeniyetinin yerine YEWROPA medeniyetinin gelmegine-de(!). Bu zatlary adaty wakalara owurmage synanysyanlara yol acmaly dal. Turkmenistanda serisde bar, yone Turkmenistanyn korrupsiya derejesini hem bilyaniz. Sagdyn jemgiyet hemme zatdan mohumdir we bizin jemgiyet fundamentimiz Yewropa we Orsyetinka duybunden dogry gelmeyar. Onsonam, dollar yerine manat bilen bahalandyrsak Turkmenistandaky yerli nyrhlary, has yerlikli bolar.
Muňa jogap

kimden: aman nireden: ewropa
09.03.2010 17:59
+0 / -0
Gurban gaty dogry aydyang. Menin pikirimche Türkmenistan dine bir maddy taydan däl,eysem ruhy taydan da kämilleshmeli, ya da halkyn bu kämilligi üchin alada edilmeli.ve bu ahlaksyzlygyn önine gechmek mümkin,meselem
1. Toy edyän,mashgala guryan yashlara döwlet tarapyndan kömek edilmeli.
2. Täze doglan chaganyn yashayish shertleri,saglyk strahowkasi yaly zatlar döwlet tarapynda garshylanmaly.
3. Mekdeplerde,televidinyede,gazetlerde mashgalanyn mukaddesligi düshündürülmeli.
4. Gysgachasy Türkmen türkmen yaly yashamaly. Eger türkmen ewropaly ya-da rus ya-da bashga millet yaly yashamaga synanyshsa(ruhy tarapdan) netijesi ine shul bolar.

kimden: Ayhan
09.03.2010 19:16
+0 / -0
Asyl möhüm zat bu işler bolmaz yaly bularyn önüni almaly. Ayratynam yaşlar akylly bolmaly kelegöçgünlik bilen hereket etmeli dal. Akyl, sabyr, tejribe, gin düşünje, ynsap we wyjdan gerek.Bu zatlar gaty gynandyryjy yagdaylar. Ne günlere düşdün eziz Türkmenim. Nirede ahlak, nirede edep-terbiye, nirede Hudaydan gorky?! Biz yene-de umytly. Nesip bolsa : Bal süyji baldanam bala - hakykatyna hemmeler düşüner we ene-atalar çagasyna söygi, mahir-muhapbet we şepagat nazary bilen bakar.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil