Diňle

Häzir efire gidýär

“Perekrestok”

Geljek programmalar


Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Blog

Kim sebäpkär? Kim günäkär?

09.03.2010
Kyrk bäş ýyl mundan ozal, Saratow şäherine ýakyn tokaýlaryň birinde ýerleşen harby bölümde Gyzyl goşun gullugyny berjaý edip ýörkäm, bir garryja aýal maňa şeýle sowal bilen ýüzlendi: «Sen sygan-a dälsiň?» «Aý, ýok, mama, meniň milletim türkmen». Kempir juda geň galdy: «Be-e, sizem goşun gullugyna alaýýalar-ow».

Gaty görere zat ýok. Kemsinmäge bahana welin, aňryýany bilen ýeterlik. Beýle milletiň bardygyndan bihabar diňe şo kempir bolsady! Eýsem, özüni başga döwletleriň ýaşaýjylary bilen tanyşdyrmakda millet kime, neneňsi şahslara minnetdar bolýar?

Ilkinji orny, elbetde, meşhur sungat işgärleri hem tanymal sport ussatlary eýeleýärler. Eýsem, wagtynda «Köne güzer» bilen Grand-priz baýragyny eýeläp, Orsýeti baglan Berdimyrat Berdiýewi, gyjakda öňüne sazanda geçirmän gelýän Annageldi Jülgäýewi, Nury Halmemmediň «Dutaryň owazyny» birkemsiz gümmürdeden Orazgül Annamyradowany, klarnetiň piri Lew Terýany, skripkanyň jadygöýi Gasan Memmedowy, dünýäde birinji nomer diýlip ykrar edilen deprekçi Rişat Şafiýewi we ýene-ýeneleri hökümet eliniň aýasynda göterip, uzag-u-ýakyn haýsy bir döwlete hödürlände, Türkmenistanyň abraý hem şöhrat baýdagy hol ýokarda galgamajakdy!

Eýsem, welosiped sportunda Gennadiý Lebedew, nyşana ok atmakda Marat Nyýazow, gimnastikada Aman Şanyýazow ýaly Olimpiada oýunlarynyň baýragyna mynasyp bolan, Altymyrat Orazdurdyýew kimin dünýäniň hem Ýewropanyň birnäçe gezek çempiony bolan beýik şahslaryň ýurdundan Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçen soňky Olimpiada oýunlaryna gatnaşmak üçiň sportsmen tapylmadymyka?

Merkezi Aziýa respublikalaryndan Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan ýaly döwletleriň komandalary öz ülkesiniň tuguny dik tutup, stadionyň derwezesinden girende, tomaşaçy märeke el çarpdy. Ýogsam, «Pylan ýurduň ýygyndy komandasy» diýlip yglan edilse-de, ýokarda agzalan respublikalaryň birinden üç, o birinden dört, ýene birinden bary-ýogy bäş adam geçip gitdi. Çaý-nahardan ellibizar bolup, yzly-yzyna jyrlaýan telefonyňam trubkasyny galdyrman, Türkmenistanyň ýaşyl baýdagyna garaşdyk. Gözümiz ýaşardy gitdi, emma ne komanda göründi, ne-de baýdak. Kemsinme-dä onsoň!

Alžir, Efiopiýa, Gana, Ýamaýka, Montenegro, Nepal, Pakistan, Portugaliýa ýaly ululy-kiçili döwletleriň hersinden üç sportsmeniň geçip barýanyny görüp geň galyp otursak, Marokkadan buýsanç bilen baýdagyny galgadyp, bary-ýogy bir kişiniň delegasiýa ýolbaşçysy hem özi, treneri hem özi, ýaryşa gatnaşmaly sportsmenem özi bolup barýanyna ýylgyranymyzy duýman galdyk.

Öz ýurdumyzdan bir adamy hem görmänimiz üçin gözümizden bir damjanyň syrygyp gaýdanyny hem duýman galdyk... Bu ajy kemsinmeleriň haçan soňy gelerkä? Ýene näçe garaşmalyka?

Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Serdar
09.03.2010 11:16
+0 / -0
HYAZIRKI TURKMEN CHINOWNIKLAR DINGE DILDE WATANY SOYYARLER, DURMUSHDA BOLSA DINE OZUNI BILYARLER WE ORYAN CHUNNUR SOYYARLER. "GAPA KAK-JOGAP ALARSYN" DIYEN NAKYL BAR. GARASHMALY DYAL. CHINOWNIKLAR ISHLYAR YALY OLARY HYALI SHINDA ITELEKLEMELI, SILKEMELI.

kimden: Ayhan
09.03.2010 19:26
+0 / -0
Men sen ol biz siz hemmamiz sebapkar, hemmamiz günakar, tutuş jemgyyet. Yöne asyl günakar Döwlet, Yurdy dolandyryanlar, yolbaşçylar. Olarda Watançylyk ruhy, Millet söygüsi, Mertebe düşünjesi yok ahyry. Balaklaryny geymani onaranoklar. Gürlemanem, yöne gury san. Birem gije-gündüz radio-TV-de Döwlet adam üçin. Türkmenistanyn halkara abrayy, Türkmen halkynyn milli buysanjy-mertebesi diyip paşyrdabam yörler bara. Ay bolya-da name diyip name aytjak... Akmak sürer döwrany, akyl Onyn hayrany.(Magtymguly).

kimden: gullyshka nireden: Mary
09.03.2010 20:33
+0 / -0
"Ay bize sportsmen ya-da sungat wertuozlary name gerek. Gowsy fontan, seyilgah we ichi bosh myhmanhana guraly sheyle etsek juba pul basym giryar. Sportdan we sungatdan ne peyda bar, gaytam ona chykdajam etmeli how!" Hramow we tabakdashlary

"Elbetde, gaytam shu bar bolanlarnam basmaly, Ruhnamadan synagdan yykyldylar!" Sapar Ata

"Baa taze kanun kabul edilmanka kimano bilen krasowkany jygyldyga chykarmaly!" Berdi Guly
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil