Diňle

Häzir efire gidýär

“Perekrestok”

Geljek programmalar


Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Blog

Gyzlar äre gaçýarlar

11.03.2010

2010-njy ýyl özüniň ilkinji aýlaryndan bir täsin wakasy bilen başlandy. Gyzlar haýran galmaly derejede äre gaçyp başladylar.

Gyzlaryň äre gaçmagy ýaly wakalar öňräklerden bärem türkmenleriň arasynda bar. Köplenç ýagdaýda gyzlar halaýan ýigidine berilmedik ýagdaýda gaçýardylar. Ýa-da gurban baýramy döwründe çalt söýgä sataşyp, ony hem ene-atalaryna aýtmaga çekinip, gaçardylar. 2010-njy ýylda welin, gyzlara bir döw-ä çaldy. «Pylanynyň ogly gyz alyp gaçypdyr», «Pylanynyň gyzy gaçyp gidipdir» diýen ýaly habarlar günüň-güni eşidilýär.

Ene-atalar hut ukudan oýanan ýaly äm-säm ýagdaýda galýarlar. Olar ogullarynyň, gyzlarynyň kimdir biri bilen halaşýandygy hakda hiç hili habar bilmändiklerini, wakanyň birden ýüze çykandygyny aýdyp, aglaşýarlar.

Sebäp näme?

Oglanlaryň gyz alyp gaçmasy ýoksuzlygyň alamaty. Halkyň hal-ýagdaýynyň çökmegi adamlarda galyň tölemäge ýagdaý goýmady. Türkmenleriň gyza galyň salma keseli olary köp masgaraçylyklaryň üstünden eltýär. Adam ýaly soralyp barlanda hökman dört müň, ýa-da, iň bolman, iki müň amerikan dollaryny, munuň-da daşyndan köp gymmat bahaly mata-marlaklary, gyzyl şaý-sepi galyň hökmünde salýarlar.

Ýaşlaryň toýuny tutmak üçinem azyndan üç-bäş müň amerikan dollary gerek. Ogul öýermek üçin umuman, ýedi-on müň amerikan dollary gerek. Iýmäge çörek, geýmäge eşik tapmasy kyn adamlar beýle ýagdaýda gelin edinmegi başarmaýarlar. Ýöne ýetişip barýan ogullar ene-atanyň haçan-da bolsa, bir wagt pul tapjagyna garaşyp durmaýarlar. (Garyp öýleriň ogul öýermek üçin puly taparyndan tapmazy ýakyn). Şeýle bolansoň, ýigitler gyzy alyp gaçaýýarlar.

Gyzlaryň gaçmagynyň ikinji bir sebäbem, köp gyzlar üçin gudaçylyga barýanam ýok. Sebäbi ilatyň esasy bölegi garyplyga sataşdy. Şonuň üçin Türkmenistanda durmuşa çykyp bilmän oturan gyzlar ýylsaýyn köpelýär. Köp gyzlar bolsa, durmuşa çykman ömürlerini ötürmek islemeýärler we olar gudalaryň gelerine garaşyp oturmaýarlar. Olaryň käsi özlerine lak atan çem gelen oglan bilen hem gaçaýýarlar.

Hiç zat gyzyklandyranok

Gyzlary oglanyň ýaşaýyş durmuşy-da gyzyklandyrmaýar, edýän işi-de. Neşe söwdagärine, neşekeşe, türmeden gelene, hiç bir ýerde işlemeýäne gaçyp duranlaram bar.

Äre gaçýanlaryň arasynda mekdebi tamamlamadyklaryň-da barlygy haýran galdyrýar. «Bu gyzlara ne döw çaldyka?!» diýýärler. Gelin bolup, başa kürte atmak höwesi olaryň gözüni gapypdyr. Olaryň soňky ýaşaýşy nähili boljak, ony bilýän ýok.

Häzir-ä gyzlaryň arasynda äre gaçmaklyk köpeldi. Misli, gripp keseliniň ýokuşyşy ýaly, äre gaçma keseli olara ýokuşypmy-nämemi, gyzlar biri-birinden kem galyp barýan ýaly, äre gaçýarlar.

Äre gaçýan gyzlaryň hossarlary säher bilen turup, hossarlaryna «Waý, biziňkem turup gidiberipdir!» diýşip, jaň edýärler. Gyzlaryň şeýle köp äre gaçan wagtynyň hiç bir zamanda bolmandygyny aýdyp, ýaşuly nesil ýakasyny tutýar. Olar ýagdaýy sosial ýetmezçiliklere syrykdyrmany welin bilenoklar.

Garýagdy Meläýew Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Invisible
11.03.2010 09:31
+0 / -0
Gynandyryjy yagday. Men pikirimchede gachyanlaryn 70%den gowragy shu GALYN meselesi uchinmika diyyan. Sonky sapar Turkmenistanda wagtym galyn bahasyny eshdip hayran galdym. Gyzlar bir birine bas edip, hatda brilliant saldyryp bashlapdy. Ondan bari ep-esli wagt gechdi welin yenede nyrhy galandyr. Awtor aydyshyn yaly sonky dowur shu gachmak moda bolan yaly esasan, yash gyzlaryn (yany okuwy gutaran) arasynda are gachyanynyn sany kopeldi diyip eshitdim. A bu bolsa kabirinin yenilkelleligi uchin a kopusinin bolsa okuwsyzlykdan, ya ishsizlikden edyani bolup biler. Sebabi indi 20-40.000$ para bermane guyji yetmeyanler, 10y gutaranson oz bilimine synanshmagy pikirem edenok --- SHANS yok...sheydibem...

kimden: mahmal nireden: ahal
11.03.2010 13:57
+0 / -0
Belki sol gyzlaryn ene-atasy gunalidir, gyzlary berk saklap olara erkinlik beryan daldirler? Onson hem Azatlyk yaly abyreyli radiosyny ara gacdy diyen yaly sozlemleri ulanmagy men-a gen galdyryar. Durmusa cykdy, ojak gurdy diyip bolmayarmyka?
Muňa jogap

kimden: nabelli nireden: istanbul
11.03.2010 17:43
+0 / -0
Mahmal ! Gyz gachsa "GACHDY" diymeli bolar-da , olar il yaly durmush guranoklar ! Onsonam bu yerde dine ene-atany gunakarlemek yalnysh , ene-ata name etsin dowlet goldaw bermese ? Shol gachyanlar hem okuwa girmage yagdayy bolman , ish tapman yoren gyzlar. Okuwa girmage pul yok , onson umydam yok ! Sheydibem are gachyalar-da !
Galyn meselesi chozulmejek mesele dal , eger yashlaryn ozleri dushunishseler , ene-ata hem dushunyar yagdaya. Galyn sebapli gachyan gaty az. Esasy sebap yenilkellelik we okuwsyzlyk.
Muňa jogap

kimden: Myrat nireden: Mary
11.03.2010 18:51
+0 / -0
Mahmal jan menem Senin aydanyna goşulyan. Azatlyk radioyasy has salyhatlyrak söz bilen bu yagdayy beyan edip bilerdi. Yöne Türkmen dilinde, Türkmençilikde bu yagdayy mundan gowy beyan etjek başga sözem yok-da. Barde şol söz muny üçin jüpüne düşüp dur-da. Elbetde barde ene-atalaram belli bir dereje sebapkar. Çagasyny on yaly gaty gysyp saklaman, azajygam bolsa erkinlik bermeli. Bizin-a göwün arzuwymyz gyzlarymyz gaçyp gitman, söyüşip halaşyp göwün islan yigitlerine özleri barsynlar. Toyam tutulsyn, gudaçylygam bosun, Türkmençilikde bolmalysy yaly bolsun hemme zat we yaşlar beyle işe baş goşmaga mejbur bolmasynlar. Şon üçinem akylly hereket edip, salyhatly we arassa pglana göwün bermeli. Elbetde bu döwürde arassa gyz tapmagam ansat dal welin... Bolya-da yene-de umytly bolmaly, nesip bolsa hemme zat gowy bolar. Myrat Mary.
Muňa jogap

kimden: mahmal nireden: ahal
12.03.2010 21:24
+0 / -0
Myrat, menem siz bilen ylalasyaryn. Siz yaly pikir edyan adamlaryn gyzlary hic hacan gacyp gitmez diyip pikir edyarin. Sebabi sizin dusunjaniz basga. Menin aytjak bolan zadym, ayal gyzlar barada gurrun edileninde godeklikden dasda boljak bolmaly.
Muňa jogap

kimden: Invisible
12.03.2010 10:11
+0 / -0
Mahym, toklym, - "Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli." diyip bar. Diymek Bloga yazylyan yazgylar dine awtorun ozune degishli...shuny hem unutmalyn! Birem, "are gachan" gyzlary ARE GACHDYdan bashga mylayym soz bilen wasp edilenok. Sebabi bizin jemgyyetimizde "are gachmagyn" bn "durmush gurmagyn" arasynda tapawut kan...
Muňa jogap

kimden: visible nireden: Mary
12.03.2010 18:29
+0 / -0
Myratjan, guzym, name Mahmalyn ustunden dusyan. Sol gyzlar kime gacyarka, aytsana. Sen yaly erkekler gacyar. Olaryn gacmagynyn sebabi hem turkmenlerin gyzlaryn terbiyesine cemelesmeginde yatyr. Yagny durmusa cykanyndan son, turkmen masgalasynda sol gyz oz erkine goyberyarler. Durmusa cykan gyzdan hic zat talap edilmeyar. Gyzka bolsa gaty berk saklanyar. Sol sebapli hem gaty kop akyly bilen tapawutlanmayan gyzlarymyz durli yollar bilen durmusa cykyp gitmage sinansyarlar. Yene-de erkinligin gozleginde kop halatlarda durmusyna zyyan yetirjek yalnyshlyk edyarler.
Muňa jogap

kimden: mahmal nireden: ahal
12.03.2010 21:16
+0 / -0
Invisible, jojujygym, birinjiden-a menin adym Mahym dal-de Mahmal, ikinjiden hem "are gacdy" diyen sozlerin Blogda yazylandygyny gordum, sagja bol, kanirlerinden tapawutlykda gozum bar Hudaya sukur, emma Azatlyk oz saytynda name cap edyandigini bilmeli, menin aytjak bolan zadym sol. Onson hem men-de turkmen, turkmen jemgyetindaki dujunjelerini senden gowy bolyarin. Emma gyzlary, ayallary kemsidip bizin jemgyetimiz name gazandy? Eger kemsitmeler netije beren bolsa, "are gacyan" gyz turkmenin arasynda bolmazdy!
Muňa jogap

kimden: Transparent
13.03.2010 02:34
+0 / -0
Metbugatda pul ogurlana ogurlady diyilyar, adam oldurene oldurdi diyilyar, yumurana yumurdy diyilyar, yalan sozlane yalancy diyilyar, gepca gepci diyilyar (menince bilshime gore). Are gacmak erbet soz diyiba bilemok, menin garyndashlaryma ulanyar oz dilllerinde kopculikde-de, pylanyn gyzy are gacdy diyip. "Ar" sozem erbet dal, "gacmak" sozem erbet dal. Turkmenlerin bir kinosynda-da bardy, bir gyz traktorist oglana gacyar. Ana sho kinoda. Diymek, gacan bolsa gacdy diymeli borda, mala gacanoga, are gacyar. :)))
Muňa jogap

kimden: Invisible
13.03.2010 03:14
+0 / -0
Hmm, Mahmal, howwa tuweleme jemgyyetimizdaki dushunjeleri gaty gowy bilyar ekenin, Medal dagy beraymeli bolupsyn...Jemgyyetdaki bolup gechyan zatlardan habaryn bolup/gowy bilyan bolsan, ene-atany gunakarlemezden on gachyan gyzlaryn nache %'nin "berk saklanyp, erkinlik yokdugy" sebapli gachyamy ya gushkellelikden/ishsizlikden/okuwsuzyldan, etc, gachyamy - shony anyklajak bolmaly. Zannyn gushkelle bolsa ene atada guna yok! Sonam, awtor gyzlary KEMSITMEK niyeti bilen yazandyr oydemok...bolup gechyan zatlary ile yetirmek we diskussiya etmek uchin yazandyr. Aga ak, gara gara diymegi basharmaly..

P.S. Transparent, kime name diyip reply edilenni bashdan okap gaytmagyny maslahat beryan. Son kimin "are gachmak" sozune erbet diyyanine dushunersin!
Muňa jogap

kimden: mahmal nireden: ahal
13.03.2010 16:48
+0 / -0
Invisible, men hem "are gacyan" gyzlaryn yokary intelektin agyr yukini goteryan gyzlar diyip hasaplamayaryn. Emma sol gyzlaryn dusunjelerinin pes bolandygynda kim gunakar? Yazgeldi oz teswirinde "эне аталары нахили гызларыны осдирип етишдирярлер озлери ийман гейман дишлеринин кирини сорып гызларына ийдирип гейдирярлер" diyipdir. Belki gyzlaryn terbiyesine hut seyle cemelesman ozi nadogrydyr. Belki ene-ata cagalary bilen bilen barjasyny bolusip perzentlerine baryna SUKUR diymani owretmelidir. Belki ene-ata gyzlaryna yene bir gymbat bahaly barhat koynek geydirmek ucin hars urman, gyzlary bilen koprak gurlesip, bile tarih, medeniyet, turkmenin edep-ekramy barada koprak sohbet acmalydyr. Cagany adam edip etisdirmek ucin material baylyklar hokman dal. Ene-atanyn ruhy baylygy zerur. Ene-atalaryn cagasy bilen ruhy baglansygy bolmaly. Caga hemise ozinin gowy gorulyandigini, ene-atasynyn mydama ozi barada alada edyandigini duymaly. Seyle atmosferada osen caga hic hacan ene-atasyndan rugsatsyz hic yerik gacyp gitmez. Sebabi sol caga ilki bilen ene-atasynyn aladasyny eder, hatda soyup olup baryan bolsada ene-atamyn yuregini agyrtmayin diyip oz duygularyna goz yumup biler!
Muňa jogap

kimden: Invisible
13.03.2010 19:49
+0 / -0
"Men name diyyan, men dutarym name chalya"
Yazgeldin quote'i prichom barde? Mahmal, koroche bu bolup gechyan zatlara DINE ene-atan beryan terbiyesi gunakar diyjek bolyanmy? {ondada berilen terbiye yagny ene-ata chagasyny asha soymeli dal?} Walla, diyyan zadyna dushunen bolsam arap bolayyn.
Ene-ataLAR "menzeshje" stilde terbiye berenok chagalaryna...Her kim her durli. Biri urup sogse, beylekisi sen aydyshyn yaly, bashga birem Yazgeldin aydyshy yaly! Tak chto bir quote'i mysal berip Umumylashdyryp oturma..!
Muňa jogap

kimden: mahmal nireden: ahal
15.03.2010 01:56
+0 / -0
Invisible, kim "Umumylashdyryp otir"? Men bu yagadayyn yuze cykmagynda dine ene-atalary gunalemeyarin. Men bu problemmanyn cykalgasynyn bir yoluny gorkezyarin. Senin logikandan cen tutulsa are gacyan gyzlaryn hemmesi "gusbeyni, zanny yaman-da"? Name ucin urusdan sonky agyr dowurde Turkmenistanda seyle "are gacyanlaryn" sany azdy? Hany Umumylashdyrman jogap berjek bol.



kimden: aman nireden: ewropa
11.03.2010 14:49
+0 / -0
Son näme bolyar? Ayriylyshyarlar.Elinde 1 ya-da 2 chaga b-n yzyna dolanyar. Ona garashyan kemsidilip yashamak,ya-da yene shähere Prostutition üchin gachmak. Yokmyka yolbahchylarda ynsap. Yolbashchylar, bizin pulumyzy,baylgymyzy aldynyz,hakymzy hukugymyzy ayaklarynyzy astyna aldynyz,biz hich zat diymedik,diyip hem bilemizok!!! Gayrat eding namysymyzy ayaklarynyzyn astyna almang!!!

kimden: Язгелди nireden: Бяшимов
12.03.2010 01:13
+0 / -0
Махмал, аре гачан гызлара, аре гачды диймега анырда дурсын олара башгарак кемсиндирижи созлерем айтсан азмыка диййан себаби олар, осдирип етишдирен эне аталарынын йузине гара чекип гидярлер, эне аталары нахили гызларыны осдирип етишдирярлер озлери ийман гейман дишлеринин кирини сорып гызларына ийдирип гейдирярлер онсан наме учин онын ялы самсык келлеси бош гызлара кемсиндирижи соз айтмажак шоны мана айтсана Махмал??
Muňa jogap

kimden: mahmal nireden: ahal
12.03.2010 21:20
+0 / -0
Yazgeldi, kemsitme netije bermez, has hem ayal masgalany kemsiden erkek oz mertebesini plintusdan pese dusurer. Halkyn ahlak derejesini yokarlandyrmaly, ayal-gyzlara erkinlik bermeli. Dine erkin ayal erkin cagalary yetisdirip biler. Sonda yurt hem erkin bolar!

kimden: galyn nireden: galyn
12.03.2010 01:50
+0 / -0
Galyn meselesi NORMALASDYRYLMALYDYR, cig hem koymesin kebap hem makylyna menzedip

kimden: Atsyz
12.03.2010 03:00
+0 / -0
Kerim agamyzyn yazyshy yaly"dowur sheyle dowur"

kimden: Robinson nireden: Ada
12.03.2010 11:54
+0 / -0
Turkmening dabi gynansakda yityar.
Dowur sheyle dowur'dir welin bizem turkmen. Aslymyz bar. Name bolsada yitirman saklajak bolmaly. Yogsam bizing name tapawudymyz galar beyleki milletlerden. Bizi turkmen edyan aslyyetimize bagly galmagymyzdyr.

kimden: Myrat nireden: Ukraina
15.03.2010 01:29
+0 / -0
Ay dory aydyarlar bizin dabimiz yitip baryar, name diysenizde. Gayrat edelin turkmen mili dap dessurlarymyzy saklajak bolalyn. Esasanam are gacmak meselesi gyz mashgalanyn ozune baglydyr. Eger:'' Gacjak dal men!"diyseler olary zorluk bilen alyp gacjak oglan yokdyr?! Gyzlan kelesinde name pikir bar eken ??? Gacdyda son ??? Name bolarka diyip pikir edyarmikeler olar ???

kimden: adam nireden: dashary yurt
16.03.2010 01:36
+0 / -0
ay mena name diyjegimem bilemok,turkmen gyzlarynyn shu derejede bolmagy,mena namys etdirya..allajan bize bir gowja gyz galsynda
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil