Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yaranjaňlar edebiýaty gülleýär


Golaýda prezidenti wasp edyän edebiýaty döredýänleriň hataryna ýurduň ýene bir belli şahyry goşuldy. Ol Ýaşlar baýragynyň eýesi, belli şahyr hem dramaturg Nobatguly Rejepow.

Nobatguly Rejepowyň 1990-njy ýyllarda “Çarhypelek” atly örän gowy piýesasy peýda bolupdy. Onuň Ýaş tomaşaçylar teatrynda goýlan “Gedaý bagşy” dramasy hem uly abraýa eýe boldy.

Nyýazowçylyk döwürde Nobatguly Rejepow S.Nyýazowyň beýikligini wasp edipdi. Indi bolsa prezident G.Berdimuhamedowy taryplaýar.

N.Rejepow beýleki öwgüçilerden has saýlanmak üçin, prezidenti Allanyň Beýik Ogly diýip, wasp edýär. Bu bolsa ony hatda Isa Mesihden hem ýokary göterdigi bolýar. Bu tarypnama “Nesil” gazetiniň 27-nji iýuldaky sanynda çykdy. Sözüm gury bolmaz ýaly, şol odadan käbir setirleri okyjylara hödürleýärin. Muňa goý okyjylar baha bersin…

Prezidentim bar

Nobatguly Rejepow

(Odadan bölekler)

Galkyn, eý!
Silkin, eý!
Ýalkan, eý türkmen.

Halka hussar, ýurda howandar lider
Watan kuwwaty sen, halkyň doklugy.

Külli türkmen diňe saňa bitendir,
Danasyň sen, giden bir dünýäsiň.

Weli alamatly prezidentim bar,
Buýsan, eý, berkarar, ýurduňa buýsan.
Bir agza bak, Arkadagyňa uý sen,

Dünýäde şöhratly prezidentim bar,
Adyl-adalatly prezidentim bar.
Şah kaddy-kamatly prezidentim bar.
Beýik arka dagym, ýeke-tägimdir.
Prezidentim Watanymyň täjidir.
Prezidentim beýik arkadagymdyr.

Allam arşdan Beýik Oglun ýalkasa,
Ol külli türkmeniň ýalkanýanydyr.
Meniň hak halatly prezidentim bar,
Meniň parasatly prezidentim bar.
Paýhasy ganatly prezidentim bar.

Uludan uly ol, Beýikden Beýik.
Danadan dana ol, Serdardan Serdar.

Ulus iliň bagty
Seniň bagtyňdyr,
Ulus iliň kalby
Seniň tagtyňdyr.

Bu ullakan ýurda, bu beýik ýurda,
Oguz hana kybap Serdar derkardyr.
Arkadagym, sen hakyky Serdarsyň.

“Nesil” gazetinden. 27-nji iýul.

Hudaýberdi Hally Çehiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG