Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli milletçiler žurnalisti öldürmekde günäli tapyldy


Penşenbe güni Moskwanyň şäher sudy orsýetli iki sany ýaş milletçini 2009-njy ýylyň ýanwarynda ynsan hukuklaryny goraýjy ýurist Stanislaw Markelow bilen žurnalist Anastasiýa Baburowany öldürmekde günäli tapdy.

Bu aýyplanýanlar Nikita Tihonow bilen onuň gezýän gyzy Ýewgeniýa Hasis.

Orsýetiň organ işgärleri bu gürrüňi edilýän jenaýatçylykda Ýewgeniýa Hasisiň Stanislaw Markelow bilen Anastasiýa Baburowany yzarlandygyny, Nikita Tihonowyň bolsa ahyrky netijede olary atyp öldürendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG