Biz barada
RFE/RL-niň missiýasy hökümetleri tarapyndan erkin metbugaty gadagan edilen ýa-da doly ýola goýulmadyk döwletlerde habar bermek arkaly demokratik gymmatlyklary we institutlary wagyz etmekden, şeýle-de adam hukuklaryny ilerletmekden ybarat. RFE/RL-niň žurnalistleri ýerli derejede köpler üçin elýetersiz bolan: senzurlanmadyk habarlary we açyk çekişmeleri hödürleýär. RFE/RL obýektiw žurnalistikanyň iň ýokary ülňülerine laýyk gelmäge we basyş ýa-da täsir synanyşyklaryndan täsirlenmän faktlary habar bermäge çalyşýar.
20 döwletde, 28 dilde: Biziň gepleşiklerimiz 20 döwletde 28 dilde efire berilýär. 400-den gowrak žurnalisti, 750-den gowrak ştatdan daşary habarçysy we 19 sany ýerli býurolary bolan RFE/RL dünýäňiň iň uly habar serişdeleriniň biri hasaplanýar. (Karta serediň.)
Demokratiýanyň binýadynyň habardar edilen raýatlardygy baradaky düşünjä esaslanyp hem-de ýarym asyrdan gowrak döwri öz içine alýan tejribesine daýanyp, RFE/RL aşakdaky ýörelgelerden ugur alýar:
1. RFE/RL obýektiw habarlary, analizleri hem-de demokratiýa we erkin bazara geçiş döwründe zerur bolan ýerli we regional meseleler boýunça çekeleşikleri halk köpçüligine ýetirýär.
2. RFE/RL demokratiki gymmatlyklary göz öňünde tutup, graždan jemgyýetçiligini güýçlendirýär.
3. RFE/RL etniki we dini çydamsyzlyklara garşy göreşýär.
4. RFE/RL ýerli media üçin nusga bolýar, metbugatyň professionallygyny we garaşsyzlygyny güýçlendirmek boýunça türgenleşdiriş arkaly olara ýardam berýär hem-de ýerli habar serişdeleri bilen giňişleýin hyzmatdaşlyk edýär.
5. RFE/RL regiondaky ýurtlar bilen dünýäniň ösen demokratiki jemgyýetleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam berýär.