Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmen dünýäsi” gazetiniň baş redaktoryna näme boldy?


Men Jumageldi Mülkiýew bilen 1999-2000-nji ýyllarda "Diýar" žurnalynda bir kabinetde işledim. Şol döwürde ol žurnalyň syýasat, menem medeniýet hem edebiýat bölümini alyp barýardym.

Jumageldi Mülkiýew 2007-nji ýylda "Türkmen dünýäsi" gazetiniň baş redaktorlygyna bellenýär. Ol 2007-20011-nji ýyla çenli eserlerinden bölekleri gündelik metbugatda, "Edebiýat we sungat" hepdeliginde, "Garagum" žurnalynda çap etdirýär, onuň geçen ýyl Seljuklaryň taryhyna degişli iki romany kitap bolup çykýar.

Şu ýylyň nowruz baýramçylygynyň öň ýanynda wise-premýer Maýsa Ýazmuhammedowa J.Mülkiýewi ýanyna çagyryp, onuň üstünden arza bolandygyny aýdyp, ondan wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, iki romanyny kitap edip, üstesine hem gündelik metbugatda çap etdirmeginiň sebäbini düşündirmegini talap edip, oňa "Nowruzdan soň gözüňi türmede açaryn" diýipdir.

Hakykatda, Jumageldi Mülkiýewiň işi fewraldan-nowruz baýramçylygyna çenli üstünden döredijilik toparynyň bir böleginden arza bolandygy üçin derňelip, hatda onuň ýolbaşçylyk edýän gazeti aýda iki gezek çykýandygyna seretmezden, fewral-mart sanlary adatdakylaryndan 5-10 gün gijä galyp çykypdy.

Üznüksiz barlaglarda doly ukusyny alyp bilmedik, munuňam üstesine türmä düşmekden howsala edensoň, asla ýatmadyk Jumageldi Mülkiýew has öň tassyklanan delegasiýa bilen nowruz baýramçylygyna gatnaşmaga Eýrana baranda, ukusyzlykdan saňsar bolandygy üçin, ol geň-taň hereketleri edipdir. Şonuň üçin döwlet baştutany Eýrandan gelen badyna, saglyk ýagdaýy sebäpli ony wezipesinden boşadýar.

Maňa mälim bolan maglumata görä, ol 28-nji martdan-5-nji aprele çenli Aşgabadyň psihiki dispanserine ýerleşdirilipdir. Ýöne wraçlar onuň ukusyzlykdan saňsar bolandygyny anyklanlaryndan soňra, ol ruhy hassahanadan çykarylypdyr.

Bir zat belli, Jumageldi Mülkiýewiň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanypmy ýa şahsy inistatiwa görkezipmi, garaz döredijiligini ile ýetirmek üçin eden tagallalary onuň üstünden arza ýazylmagyna sebäp bolupdyr. Munuňam üstesine ol hereketler käbir ýokary derejeli döwlet emeldarlaryna ýaramandyr. Şonuň üçinem Jumageldi Mülkiýew şu güne düşürildi.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG