Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ruhany lideri Juma namazyndan soňra halka ýüzlendi


Bize gowuşan maglumatlara görä, Eýranyň ruhany lideri şu gun Juma namazyndan soňra, saýlawlardan soň emele gelen krizis bilen baglanşykly halka ýüzlendi. Bu ýüzlenmede ol, Eýranda geçen prezidentlik saýlawlarynda halkyň öz liderini saýlandygyny mälim etdi. Ýagny, Aýatolla Ali Hamenei, 12-nji iunda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda galplaşdyrmalara ýol berilmändigini aýdyp, prezident Ahmedinejady, ses bermäge ukyply 40 million adamdan, 24,5 millionyň goldandygyny mälim etdi. Şeýlede ol, ilaty köçä çykmakdan saklanmaga çagyryp, ýuze çykyp biljek zorluklar üçin, syýasy liderleriň jogap bermeli boljakdygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG