Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gazprom” türkmen gazyna hyrydar emma...


Aprel aýynda “Orta Aziýa – Merkez” gaz geçirisinde bolan partlamada Türkmenistan “Gazpromy” aýyplapdy.
Aprel aýynda “Orta Aziýa – Merkez” gaz geçirisinde bolan partlamada Türkmenistan “Gazpromy” aýyplapdy.

2009-njy ýylda türkmen gazynyň Orsyýet üçin bahasyna gaýtadan garamak meselesiniň “Gazpromyň” başlygynyň orunbasary we “Gazprom Eksport” kompaniýasynyň başlygy Aleksandr Medwedew we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Täçberdi Tagyýewiň arasynda 23-nji iýunda maslahat ediljekdigini Orsyýetiň “Kommersant” we “Nezawisimaýa Gazeta” neşirleri habar berdiler.

Türkmen tarapynyň Orsyýet bilen gazyň bahasyny maslahatlaşanlygy ýa-da “Gazpromyň” resmi topary bilen duşuşanlygy barada Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde habar berilmedi. Şeýle duşuşyk barada “Gazpromyň” resmi internet saýtynda hem maglumat ýaýradylmady.

Täze baha formulasy

Öz nobatynda “Kommersant” gazeti Orsyýetiň wise-premýeri Igor Seçine salgylanyp, “Gazpromyň” resmi toparynyň türkmen tarapy bilen duşuşygynda häzirki wagtda her müň kub metri 300 amerikan dollaryna durýan türkmen gazynyň bahasyny takyk kesgitlemek düzgüninden el çekip, ony nebit önümleriniň Ýewropadaky bahasyna baglamak formulasyna geçmek meselesini maslahatlaşjakdygyny ýazypdy. Şeýle täze usula geçmäge “Türkmengazyň” hem garşy däldigini mälim edenligini, Orsyýetiň resmisi Seçine salgylanyp, “Kommersant” belledi. Maglumata laýyklykda, täze düzgüne geçilen ýagdaýda, bu türkmen gazynyň “Gazprom” üçin bahasynyň çürt-kesik arzanlajakdygyny aňladýar.

Orsyýetiň “Nezawisimaýa gazeta” neşriniň ýazmagyna görä, täze formula geçilip, gazyň nyrhy nebit önümleriniň Ýewropadaky bahalaryna baglanan ýagdaýda şu ýylyň üçünji çärýeginde “Gazprom” türkmen gazynyň her müň kub metrini 220, dördünji çäreginde bolsa 160 dollardan satyn alyp biler.

Turkmen Döwlet Habarlar gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistan bilen Orsyýetiň arasynda gaz pudagyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we perspektiwalary barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazpromyň başlygy Alekseý Milleriň arasynda 15-nji iýunda Awazada maslahat edildi.

Çekilen zyýan uly

Şu ýylyň aprel aýynda “Orta Aziýa – Merkez” gaz geçirijisinde bolan partlamadan soň türkmen gazynyň Orsyýete akdyrylmagy bes edilipdi. Bu ýagdaýyň Türkmenistanyň esasy girdeýji çeşmesi bolan gaz eksportyna ykdysady taýdan uly agram salanlygyny ekspertler belleýärler.
Türkmenistanyň çeken zyýanynyň eýýäm bir milliard dollardan aşanlygyny çak etmek mümkin


Orsyýetiň syýasy barlaglar institutyndan Aždar Kurtow, Orsyýet türkmen gazynyň esasy hyrydary diýip aýdýar. “Şu günki gün Türkmenistanyň şeýle-de Eýrana tarap Körpeje-Gurtguýy gaz turbasyna gaz akdyrmak we tebygy gazyndan polipropilen işläp çykarmak hem gazy suwuklaşdyrmak üçin mümkinçilikleri bar. Emma Türkmenistanyň şol mümkinçilikleri onuň Orsyýet bilen gaz söwdasynyň möçberine garanda örän çäkli bolansoň, ol býudžetiň girdeýjililigi taýdan uly zyýan çekýär.” Şeýle hem Kurtow, gazyň bahasy we ýurduň her aýda adatça akdyran gazynyň mukdaryny hasaba alyp, Türkmenistanyň çeken zyýanynyň eýýäm bir milliard dollardan aşanlygyny çak etmek mümkin diýip belleýär.

Aprel aýynda “Orta Aziýa – Merkez” gaz geçirisinde bolan partlamada Türkmenistan Orsyýeti aýyplapdy we “Gazpromyň” turbadan alýan gazyň mukdaryny çürt-kesik azaltmagynyň partlama sebäp bolanlygyny öňe sürüpdi.

Soňky aýlaryň dowamynda Türkmenistan gaz eksportynyň ugurlaryny artdyrmak syýasatynyň strategik ähmiýetini nygtap, türkmen gazynyň täze bazarlara çykarylmagyna mümkinçilik döredýän halkara proýektlerine ünsüni artdyrdy. Hususan-da Hazar regionynyň gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça NABUCCO proýektine gatnaşýan ýewropaly kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk boýunça şertnama baglaşypdy. Türkmen gazyny Päkistanyň energiýa bazaryna çykarmak boýunça proýektlere hem Türkmenistanyň üns berýänligi baradaky maglumatlar hem peýda bolupdy. Şu ýylyň aýagynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň işe girizilmegine garaşylýar.

Kime amatsyz, kime bähbitli?

Aždar Kurtow “häzirki wagtda gazyň nyrhy boýunça “Gazprom” tarapyndan Türkmenistana edilýän teklipler, strategiýa taýdan dogry ädim bolsa-da, taktika taýdan saýlanan pursat onçakly amatly däl” diýip hasap edýär. “Birinjiden häzir Türkmenistana nebit-gaz meselesini maslahat etmek üçin Hytaýyň delegasiýasy bardy. Taraplaryň Günorta -Ýolöten ýatagyny özleşdirmek meslesini-de maslahat etjekdigi çak edilýär. Şeýlelikde Hytaý bilen gepleşikleri geçirip gutarýança Aşgabadyň “Gazproma” belli bir jogap berjegine garaşmak kyn.”

Kurtowuň aýtmagyna görä, energiýa bilen bagly häzirki halkara ýagdaý nazara alynanda, Orsyýet bilen bar bolan ylalaşygy Türkmenistan üçin bähbitli, sebäbi bu ylalaşyk Türkmenistanyň wagt utmagyna we Gazpromdan eglişikleri talap etmegine mümkinçilik berýär.
Hytaý bilen gepleşikleri geçirip gutarýança Aşgabadyň “Gazproma” belli bir jogap berjegine garaşmak kyn


Türkmenistan bilen Orsyýetiň arasynda gazyň nyrhy boýunça ylalaşyga gelinmegi üçin, taraplaryň käbir beýleki meselelerde hem ylalaşmagy zerur diýen pikirler hem orta atylýar. “29-nji iýunda “Türkmengaz” Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça geçirýän tender bäsleşigi barada netije çykarmaly. Onuň şol bäsdeşlikde saýlap aljak tarapy, Türkmenistanyň Günorta Ýolöten ýatagyndaky gazyny haýsy tarapa satmakçydygyny görkezer” diýip, Orsyýetiň “Brokerkreditserwis” kompaniýalar bileleşiginden Maksim Şeýine salgylanyp, “Kommersant” gazeti ýazýar.

Gündogar we günbatardaky hyzmatdaşlar

Aşgabadyň Pekin bilen ýangyç-energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesiniň 23-nji iýunda Aşgabada resmi sapary bilen baran Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet şurasynyň başlygynyň orunbasary Li Ketsýanyň türkmen tarapy bilen gepleşikleriniň esasy temasy boljakdygyny “Türkmenistan Altyn Asyr” internet saýty ýazypdy.

Aşgabat Waşington bilen hem uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. Turkmenistan.ru internet gazetiniň maglumatyna görä, “amerikan tarapy bilen perspektiw we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň formatyny kesgitlemek” meselesini maslahat etmek tabşyrygy, 22-25-nji iýun günleri ABŞ-na sapar edýän Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan berildi.
XS
SM
MD
LG