Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Päkistanda 'Talyp' söweşijileriniň pozisiýalary bombalandy


Owganystan bilen serhetdeş Päkistanyň günorta Weziristan etrabynda “Talyp” hereketiniň söweşijileriniň pozisiýalaryny awiasiýa bombalapdyr.

Talyplaryň hepdäniň Şenbe güni eden hüjümine jogap hökmünde, aswiasiýanyň iki obýekte zarba urandygy habar berilýär. Talyplaryň hüjüminde iki esger ölüp, dördüsi ýaralanypdyr.Hepdäniň altynjy güni talyplaryň türgenleşik geçirýän lagerleriniň oka tutulandygyny, netijede azyndan 20 söweşijiniň ýok edildendigini Päkistan häkimiýetleri habar berdi.

Päkistan häkimiýetleri talyplaryň harby lideri Beýtulla Mehsudyň diri ýa-da öli ele salynmagyna getirip biljek maglumat üçin, 615 müň dollar baýrak belläpdir. Metbugatda çap edilen bildirişde, Mehsudyň elinde bigünä adamlaryň ganynyň bardygy aýdylýar.

Mehsudyň gizlenýändigi çak edilýän ýurduň demirgazyk-günbatar etraplaryny birnäçe hepde bäri Päkistanyň harby howa güýçleri bombalaýar. Ýer üsti operasiýalaryň hem ýakynda başlanmagyna garaşylýar.

Mundan öň ABŞ, Päkistandaky talyplaryň liderini tutmak üçin bäş million dollar baýrak belläpdi.
XS
SM
MD
LG