Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy Benedikt reforma çagyryş edýär


Rim papasy Benedikt 16-njy dine uýýanlara ýollan hatynda BMG –ni we halkara maliýe institutlaryny reforma etmäge çagyrypdyr.

Ýaragsyzlanmak, açlyga garşy göreş hem-de töwerek-daşy gorap saklamak ýaly meseleler bilen meşgullanmagy üçin, BMG-ni özgertmegiň zerurdygyny Rim papasy belläpdir.

Onuň pikiriçe, deňsizligi aradan aýyrmagyň we mätäçlere kömek bermegiň hatyrasyna dünýäde baýlygy belli bir derejede bölüşmeli.

Benedikt 16-njynyň haty Italiýada geçjek “uly sekizligiň” sammitiniň öň ýany çap edilipdir.
XS
SM
MD
LG