Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geljek hepdeden başlap Päkistanly bosgunlar öýlerine dolanyp barýar


Päkistanyň premýer ministri Yusuf Reza Gilani, Swat jülgesindäki harby operasiýalar sebäpli öý-öwzarlaryny terk etmäge mejbur bolan 2 million çemesi bosgun geljek hepdeden başlap öýlerine dolanyp biler diýýär.

Sebitiň howpsuzlygyny goramak üçin, harbylar ol ýerde galar diýip, Gilani sözüne goşdy. Düýn BMG-niň adam hukuklary boýunça resmisi John Holmes bu ýere baryp görenden soňra, Gilani şeýle beýanat bilen çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG