Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-niň raketa garşy enjamy Batumi portuna ýerleşdirildi


ABŞ-niň raketa garşy enjamy, Gürjüstanda geçirilmeli harby-deňiz türgenleşiginde Gara deňziň Batumi portuna ýerleşdirildi.

Bu türgenleşik Batuminiň kenaryna gözegçilik edýan harbylar bilen bilelikde şu hepdäniň Çarşenbe we Penşenbe günleri geçiriler diýlip garaşylýar.

Geçen ýyl rus-gürjü konflikti ýze çykanyndan soňra, Günbatar Gürjüstany goldaýandygyny mälim etmek üçin şeýle çäreleri geçirýär diýlip maglumat berilýär.

Halkara jemgyýetçiliginiň garşy bolmagyna garamazdan, Orsýet Günorta Osetiýanyň hem Abhaziýanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi.

Düýn Orsýetiň prezidentiniň Günorta Osetiýa eden saparyny, Gürjü resmileri prowakasiýa diýip häsiýetlendirdiler.
XS
SM
MD
LG