Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan hökümeti owgan söweşi boýunça tagallalary gorap çykyş edýär


 Häzir 9 müň sany Britan esgeri Owganystanda gulluk edýär.
Häzir 9 müň sany Britan esgeri Owganystanda gulluk edýär.

Owganystandaky çaknyşyklarda pida bolýan Britan esgerleriniň sany artýar. Britan hökümetini bolsa ýurduň oppozisiýasy tankyt edýär.

Owaganystandaky uruşda bir günki atyşyklarda pida bolan 8 sany britan esgeriniň jesedi 14-nji iýulda ýurda getirildi. Harby aeroportdaky merasyma bolsa olaryň hossarlary gatnaşdy.

Owganysatnadaky uruşda Britaniýa şeýle pidany bir bada çekmändi. Häzir 9 müň sany Britan esgeri Owganystanda gulluk edýär. Olar Talyplaryň köp hüjüm edýän welaýaty bolan Helmanda ýerleşdirildi.

ABŞ-niň prezidenti Barak Obamanyň Owganystan boýunça täze syýasaty esasynda, müňlerçe amerikan esgerler bu welaýata iberildi. Olar britaniýaly esgerler bilen bilelikde howpsuzlygy goramaga synanyşýarlar. Şol sebäpden ýurduň günortasyndaky Helmantda ölüm-ýitimleriň sany köp.

“Ýardam dowam eder”

Britaniýanyň premýer ministri Gordon Braun, parlamentdäki çykyşynda öz hökümetiniň Owganystandaky uruşda ýardamyny dowam etdirijekdigini nygtady hem-de Owganystandaky uruş çärelerinde maliýe serişdesiniň iki esse köpeldilmeginiň zerurdygyny mälim etdi.

“Bu tomus gaty kyn ýagday döredi we ol heniz dowam edýär. Ýöne biz Helmantda Talyp gozgalaňçylaryny ýeňmek isleýän bolsak we ol ýeri Britanlar hem-de dünýä üçin parahatçylykly bir nokada öwürmek isleýän bolsak, onda biz Owganysatandaky operasiýalarymyzy dowam etdirmeli bolarys. Men munuň dogrydygyna ynanýaryn, şol esasda-da mümkin boldugyndan güýçli plana eýe bolan mümkinçiliklerimizden peýdalanmaly” diýip, Britaniýanyň premýer ministri aýtdy.

Ýöne Braunyň Owganystan boýunça syýasatyny, oppozision konserwator partiýa berk tankyt edip gelýär. Bu partiýanyň lideri Deýwid Kameron ýagdaýa dawa-jenjelli diýip bahar berse-de, operasiýanyň dowam etdirilmelidigini hem belledi.

Britaniýanyň goranmak ministri Bob Einswort, hökümetiň bu hereketini goldap çykyş edip, agyr söweş barýan ýerde harbylary gormak üçin kämahal wertolýotdan peýdalanylmaýar diýdi.

Owganysatandaky britaniýaly komandirleriň, Talyplara garşy uruşda ýeňiş gazanjakdygyna ynanýandygyny mundan ozal Braun öňe sürüpdi. “Britaniýanyň bu uruşa goşulmakdan maksady, Britan köçelerinde terrorçylykly hüjümiň öňüni almak. Şonuň üçin, Owganysatandaky we Päkistandaky terrorçylaryň kerebini ýok etmeli” diýip, Brown ýörite nygapdy.
XS
SM
MD
LG