Gürjüstanyň BMG-däki öňki wekili Yrakly Alasaniýa, prezident Mihail Saakaşwiliniň wezipesinden çekilmegi talap edilip geçirilýän protestleriň o diýen netije bermändigini aýdyp, öz syýasy partiýasyny döredýändigini yglan etdi.
Alasaniýanyň Biziň Gürjüstanymyz we Erkin Demokratlar atly partiýasy, Gürjüstanyň prezidenti Saakaşwiliniň wezipesinden çekilmegi meselesinde onlarça beýleki partiýalar bilen pikirdeş.
Olar Aprel aýyndan bäri Saakaşwiliniň wezipesinden çekilmegini talap edip protest gurnap gelýärler.
Gürjüstanyň oppozisiýon partiýalary, Saakaşwiliniň 2003-nji ýylda amala aşyrlan mämişi rewolusiýadan soňra, ygtyýarlyklary ýeke öziniň eýeläp gelýändigini we Awgust aýynda bolsa, ýurduň Orsýet bilen çaknyşmagyna sebäp bolup, Gürjüstana aşa zyýan ýetirendigini aýdýarlar.