Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sessiz duşman bolan ‘doňuz dümewi` gitdigiçe ýaýrap barýar


Şu wagta çenli H1N1 wirusyna garşy belli bir waksina tapylmady.
Şu wagta çenli H1N1 wirusyna garşy belli bir waksina tapylmady.

Il arasynda doňuz dümewi diýlip tanalýan H1N1 wirusy, ýer ýüzünde ýuwaşlyk bilen emma dowamly ýaýrap barýar.

Hazire çenli bu keselden 500 adam ölen hem bolsa, ekspertler 1 million adamyň bu wirusa ýolugandygyny çaklýarlar. Esasy alada goýýan zatlaryň biri bolsa, şu wagta çenli bu kesele garşy belli bir waksinanyň tapylmazlygydyr.

Doňuz dümewiniň giň ýaýranlygynyň tassyk edilendigine garamazdan, beýleki ýokanç kesellere duçar bolanlar bilen deňeşdirlende we görkezijilere seredilende, H1N1 wirusynyň ýaýramgy entek bärden gaýdýar.

"Ýöne meselä beýle garamak ýalňyş bolsa gerek" diýip, Nýu Orlantda hereket edýän töwerek-daşy barlaýyjy merkeziň eksperti Jon Barri, Azat Ýewropa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. ”Adamlar, bu barada alada edere zat ýok diýärler. Bu asla dogry däl, sebäbi adamlar, möwsümleýin ýokanç kesellere garşy goralan.”

Ekspert Barriniň aýtmagyna görä, sanjym edilendigine ýa-da edilmändigine garamazdan, adamlaryň imunitet sistemasy, ol wiriusa garşy belli bir dereje goraýyşa geçýär. “Öňden görülmedik bu täze wirus, güyçsiz bolan ýagdaýynda-da has köp adama ýokaşyp biler. Eger-de doly derejede güýçlenip ýaýrasa, ölüm sanyny artdyryp biler.”

ABŞ-li we Gon-Kongly medisina barlagçylary geçen asyrda aşa köp ýaýran ýokanç keseller barasynda iş alyp barýarlar. Olar ylaýta-da 1918-1919-njy ýyllarda, çaklama bilen 50 million adamynyň ölümine sebäp bolan aýlganç epidemiýa babatda barlag işini geçirdiler.

Häzirki duş gelinýän wakalardan, biziň has howply ýokanç kesellere duçar bolmagymyz mümkin we biz heniz onuň garşysyna doly çäre görüp bilemizok.

Sanjym barlagy boýunça Bütindünýä Saglyk Guramasynyň inisiatiwa merkeziniň başlygy Mariýe-Paule Kieni, 12-nji iýulda Londonda eden çykyşynda, şu ýylyň soňuna çenli doňuz dümewiniň sanjymynyň doly lisenziýa eýe bolmazlygy mümkin diýdi.

Mundan owal Bütindünýä Saglyk Guramasy, şeyle sanjymyň her bir ýurt üçin zerurdygyny mälim edipdi.

Belgiýaly biznes topary, her 4 işçiden biriniň keselläp biljekdigine garaşylýandygyny aýtdy. Italiýan hökümeti bolsa bu babatda zerur işgärler, şol sandan polisiýa, ýangyn söndüriji we saglyk pudagynda işleýänleriň saglygyny gormagyň iň wajyp hem derwaýys meseledigini yglan etdi.
XS
SM
MD
LG