Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň baş ruhy lideri Aýatolla Aly Hameneýi çagyryş etdi


Şu gün Eýranyň baş ruhy lideri Aýatolla Aly Hameneýi ýurdyň syýasatçylaryny prezidentlik saýlawlary bilen baglanyşykly ýüze çykan ylalaşmazlyklarda Eýranyň duşmanlarynyň bähbidine hereket etmezlige çagyrdy.

Ýokary derejeli döwlet we hökümet resmileriniň öňünde eden bu çykyşynda Hameneýi käbir daşary döwletleri Eýrandaky prezidentlik saýlawlarynyň yzy bilen ýüze çykan wakalarda gödeklik bilen ýürdyň içerki işlerine goşulanlykda aýyplady.

Bu wakadan birneme öň, geçen hepde Eýranyň ozalky reformaçy prezidenti Muhammet Hatamy häzirki syýasy krizisiň soňuna çykmak üçin Eýranda hökümetiň kanunydygy ýa-da däldigi baradaky mesele boýunça ähliumumy referendum geçirilmelidigini öňe sürüp çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG