Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şir Aly: "Uruş hiç haçan gutarmaýar"


«Sybyrgaý» diýen sözüň nämäni aňladýandygyna mundan ýarym asyr öňem düşünemokdym, şu gün hem düşünip bilemok. Sibir hem gaý bilen baglymy ýa-da başga manysy barmy, Alla bilsin!

Şir Aly
1941-nji ýylda ýaňy durmuşa çykyp, ýanýoldaşyny urşa ugradandan soň gaýdyp başga erkek kişä goşaryndan tutdurmadyk aýallaryn on dört sanysy bilen ýekegulak pilimi süýräp, kolhozyň boz meýdanlaryny ekişe taýýarlamak, elli ýyl mundan ozal meniňem paýyma düşüpdi.

Gurlaly bäri ýeke gezek birinji bolup planyny dolup görmedik kolhozymda ol biçärelere näme üçindir «sybyrgaý aýallar» diýlip at goýlupdy. Gowaça ekiljegem bolsa, arpa ýa bugdaý ekiljegem bolsa on dört aýal bilen on dört ýaşly ýetginjek meýdana sürlerdi.

Şo ýyllar biloňurgamda galan agyrydan häli-häzirem dynyp bilemok. «Ýürek agyrysyna melhem tapylýa-la, dine jiger awusynyň dermany ýok» diýenimiz çyna ýazyp gitdi gerek.

«Jennetiň hüýrüne menzär syratyň,
Belki, hüýrden artyk idi şöhratyň,
Meniň derdim kändir, senin hasratyň,
Ikimizde galdy arman, garagöz».
(Dosmuhammet)

Eýsem, bu setirlerde ýaňy öýlenen gelnini buz ýaly düşekde ýeke goýup, dolanjagy-dolanmajagy gümana nägehan urşa barýan ýigidiň ýangynly keşbi göz öňünde dikelenokmy?

Eýsem, toý gününiň ertesi fronta ugrap, diri ýiten ýigidiň egninden aslyşyp Gökdepeden Büzmeýine çenli pyýada ýörän, soňra-da: «Hiý, adamam bir diri ýitermi, hökman gaýdyp geler!» diýip, gyňajynyň bir ujuny bilindäki guşaga ildirip, eline-de uzyn sübse alyp, kyrk ýyllap Büzmeýindir Gökdepäniň arasyndaky gatnawly ýoluň çöp-çalamyny, çagyl-daşyny artyp ýören Orazjemal eje türkmen maşgalasynyň wepalylygynyň nusgasy, şeýle hem Jahan urşy atly suw ornuna gan çaýkanyp ýatan okeanyň bir damjasy dälmidi?

Eýsem, jeň meýdanynda baş goýan muňlerçe ildeşlerimiz bilen bir hatarda zehinli şahyr Şaly Kekilow, kyssa žanrynyň pälwany Nurmyrat Saryhanow ýaly türkmen intelligensiýasynyň naýbaşy wekilleri wepat bolmadymy!

Merhum frontçy şahyr Anna Kowusow bilen geçen asyryň segseninji ýyllarynyň başlarynda ýurt söküp, ol beýik ogullaryň birini Smolensk oblastynyň, beýlekisini Moldawanyň topragynda, gyzyl çaýylan atlary daşa ýazylan doganlyk mazarlaryndan tapmak bize başardypdy.

Urşy başlaýan-a syýasatçylar,
Tabyt ussalary nokat goýýanam.
Garyşýar ýas güni gyrmyzy geýýän,
Hem toý güni gara eşik geýýänem.
XS
SM
MD
LG