Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama amerikan-hytaý gatnaşyklary asyry kesgitlär diýýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Hytaýyň we ABŞ-ny dünýä ydysadyýetini dikeltmekde we klimat üýtgemesine garşy göreşde bir umumylyga gelmek isleýän wagtynda bu iki ýurduň hyzmatdaşyklaryny has giňeltmäge çagyrdy.

Obama Waşingtonda Hytaý bilen Birleşen Ştatlaryň iki günlük sammitini açanda bu iki ýurt ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmagyny togtatmakda hem deň şärik diýdi. Ol bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar asyryň kesgitleýjisi bolar diýdi.

Hytaýyň prezidenti Hu Jintao bu iki ýurduň “oňyn, konstruktiw we durnukly gatnaşyklara” çalyşýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG