Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

6 Eýranlynyň ölendigini Yrak tassyklady


Yrak hökümetiniň bir wekili Ali al-Dabbak, Eýran režimine garşy ýaragly hereket edip gelen halkyň mujahidler toparynyň lagerine hüjümde 6 sany eýranlynyň ölendigini tassyklady.

Mujahidleriň Yrakdaky Aşref diýen lageriniň ýapylmagyny Bagdat isläp gelýär, ýöne mujahidleriň haýsy döwletde ýerleşdiriljekdigi meselesi çözülmän gelýär.

Mujahidler Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň hüjüminde 7 agzasynyň ölendigini we ýüzlerçesiniň ýaraly bolandygyny öňe sürýär. Şol hüjümde 35 sany yrakly polisiýanyň ýaralanandygyny Dabbak aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG