Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerli kompaniýalar gurluşyklara gatnaşarlar


Aşgabatda 5 ýyldyzly "Oguzkent" myhmanhanasynyň gurluşygy.
Aşgabatda 5 ýyldyzly "Oguzkent" myhmanhanasynyň gurluşygy.

Ýurduň 2020-nji ýyla çenli syýasy, ykdysady, medeni ugurlar boýunça strategik ösüşini üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite milli programmany amala aşyrmaga, şeýle-de ýerli gurluşyk kärhanalarynyň bäsdeşlik ukybyny ösdürmäge ýardam etjek ýörite karara gol çekipdir.

Karara görä, mundan beýläk ýerli gurluşyk kärhanalary gurluşyk montaž, remont we rekonstruksiýa işlerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen deň şertlerde tenderlere gatnaşyp bilerler.

Ýerli gurluşyk kärhanalaryna nahili täsir eder?

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, bu hereket prezident tarapyndan mundan 3-4 aý öň başlanypdyr. Nyýazowyň döwründe ýörite lisenziýasy bolmadyk şirketleri gurluşygyň gyrasyndan getirmek gadagan edilipdir.

“Häzirki şertlerde bu meselä üns berilmeginiň sebäbi ýurtdaky işsizlikdir. Soňky döwürde gazanç etmek maksady bilen iş gozlap, ýurtdan çykyp gidenler gaýdyp gelip ugrapdyr. Şonuň üçin hem döwlet, prezident öz etmeli derejesindäki işi edýärler. Bu hereketden maksat ýurtdaky işsizligi aradan aýyrmak, ilaty iş bilen upjun etmekdir” diýip, Bugaýew aýdýar.

Özbegistanly jemgyýeti öwreniji Kamron Alyýewiň sözlerine görä, ýerli gurluşyk şirketlerini tenderlere gatnaşdyrmak – bu gowy zat. Sebäbi iri gurluşyk kompaniýalary bilen bir hatarda ýerli gurluşyk şirketleri-de tenderlere gatnaşanda, hökümetiň şol kiçi şirketlere nähilidir goşmaça kömek bermäge-de, tenderlerde ýeniş gazanmagy üçin goldaw bermäge-de mümkinçiligi bar.

Onuň sözlerine görä, bu ýerde üns bermeli ýagdaý – uly gurluşyk kompaniýalarynyň hemmesi daşary ýurtlaryňky. Kiçi kärhanalar bolsa, Türkmenistanyň özüniňki. “Ýurduň pulunyň daşary ýurtlara gitmezligi üçin tender ýaryşlaryna hökman ýerli kiçi şirketleri-de gatnaşdyrmaly. Şonda olarda pul gazanmak, baýamak we ulurak gurluşyklara-da gatnaşmak mümkinçiligi döreýär.”

Gyrgyzystanly syýasaty öwreniji Orazbek Moldalyýewiň pikirine görä, ýerli kiçi şirketleriň tenderlere gatnaşmagy ýurtdaky uly gurluşyk kompaniýalarynyň işiniň şowly bolmagyna getirer.

“Meselem, gonşy Owganystanda kabir obýektleriň gurluşygy boýunça tender yglan edilende, ähli şirketler ýa-da kompaniýalar gatnaşyp bilmeýärler. Munun üçin her bir karhananyň özünde ýeterlik puly we gurluşyk mehanizmleri, işine ussat inžener we tehnik topary bolmaly” diýip Moldalyýew aýdýar.

Orazbek Mondalyýew, Türkmenistanyň prezidentiniň ýerli kiçi şirketleriň hem tenderlere gatnaşmagyna mümkinçilik bermegi gurluşykçylaryň işiniň gowulanmagyna getirjekdigini aýdýar. “Tenderleri gurnan kompaniýalaryň talabyna jogap bermek üçin kiçi şirketler bir birine goşulup, zerur tehnikany alyp başlarlar we pul tapmak üçin sponsor gözläp başlarlar. Meniň pikirimçe, bu gaty gowy ideýa.”

Daşary ýurt kompaniýalaryna berilmegi

Name üçin Türkmenistanda iri gurluşyk proýektleri daşary ýurt kompaniýalaryna berilýär? Problema korrupsiýadamy ýa-da spesialistleriň ýokdugyndamy?

Problema korrupsiýada diýip Kamron Alyýew aýdýar. “ Sebabi olar uly wadalary bermek mümkinçiligine eýe. Onsoňam daşary ýurt kompaniýalary şol pudakda spesialist hasaplanýar. Olar beýle gurluşlary dünýä ýüzünde alyp baranlaryndan soň ekspertizadan geçirmegiň ýollaryny bilýarler. Şonuň üçin-de olaryň tenderlere gatnaşyp ýeňmek mümkinçiligi uly” diýip, Alyýew jogap berdi.

“Emma daşary ýurt kompaniýalarynda mümkinçilik uly diýip, döwlet olara ynansa, bu gazdan we nebitden gelen başga walýuta zapaslarynyň daşary ýurtlara çykyp gitmegine getirýär. Bu hem döwletiň ösmegi üçin gowy hasaplanmaýar. Ähli baýlyklaryň azyndan 70 %-i ýerli kärhanalarda ýagny ýurduň özünde galmaly. Sebäbi daşary ýurda giden pul yzyna gelmeýär. Emma ýurduň içinde galan pul içerde galar” diýip, Alyýew aýtdy.

Orazbek Moldaliýewiň pikirine görä bolsa, diňe Türkmenistanda däl, eýsem bütin Merkezi Aziýada bir problema bar, ol hem adamlarda hususy maliýe mümkinçiliginiň pesligi. “Şonuň üçin kwalifisirlenen spesialistleri we tehnikasy bar kiçi şirketler tenderlere gatnaşmak mümkinçiligine eýe däl. Bu ýerde birinji problema pul meselesi bolsa, ikinjisi tender aç-açan bolmasa, mynasybyň däl-de, eýse diňe para beren kompaniýanyň ýeňmegi mümkin. Şonun üçin-de öz şirketleriniň tenderlerde ýeňmegi üçin döwlet olara kömek, ýagny birinji nobatda ýeňillikli kreditler bermeli” diýip, syýasaty öwreniji aýdýar.

Aktiwlik we azat metbugat

Ýazyjy Bugaýewiň sözlerine görä, bu ugry ösdürmek üçin telekeçileriň özleri aktiw bolmaly. Ikinjiden, ýurtda garaşsyz we azat metbugat bolmaly.

Gurluşyk pudagyny giňeltmek boýunça proýektler bolmalydygyny Kamron Alyýew aýdýar. Gurluşyk materiallaryny ýerli senagat öndürmeli, ýörite proýektler bolmaly, onsoňam döwlet tarapyndan geçirilýän umumy bir syýasat bolmaly, ýagny ol gurluşyk kompaniýalarynyň ösüşi barada monitoring alyp barmaly. Şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmeli. Bu ýurtlar biri-birniň tejribesini öwrenip, biri-biriň mümkinçiliklerinden peýdalanmaly.

Orazbek Moldalyýewiň pikirine görä, Merkezi Aziýanyň işçileri we spesialistleri gazanç etmek maksady bilen daşary ýurtlara gitmäge mejbur bolýarlar. Eger-de öz ýurdunda şeýle iş orunlary doredilse, birinjiden, bu migrasiýany azaldar. Onsoňam, ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegine kömek eder.

Emma Turkmenistana dolanyp gelsek, olarda pul serişdeleri bar. Şonun üçin hem Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri bilen deneşdireňde bu meseläni çözmek olar üçin ýeňil düşýär diýip, syýasaty öwreniji Orazbek Moldalyýew aýtdy.
XS
SM
MD
LG