Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa we bäsdeş daşarky täsirler


Ýangyja baý Merkezi Aziýa döwletleri indi daşarky güýçlerden howpsuzlyk we söwda hyzmatdaşlygyny hem talap edip biljekdiklerine düşünýärler.
Ýangyja baý Merkezi Aziýa döwletleri indi daşarky güýçlerden howpsuzlyk we söwda hyzmatdaşlygyny hem talap edip biljekdiklerine düşünýärler.

Uzak wagtdan bäri uly güýçleriň ünsüni çekip gelýän Merkezi Aziýa indi regionda haýsydyr bir syýasy oýunçynyň agalyk etmegine garşy durýar. Russiýa bolsun, ABŞ, Hytaý ýa-da Ýewropa bolsun – şol oýunçylaryň haýsynyň syýasatynyň şowly boljakdygy Merkezi Aziýanyň bäş döwletinde bolup geçýän, öňünden çaklamasy kyn bolan wakalara bagly.

Merkezi Aziýa döwletleriniň garaşsyzlyk alanlaryna 18 ýyl geçdi. Daşarky güýçler regiondaky täsirlerini güýçlendirmek üçin bäsleşigi dowam etdirýärler. Esasy oýunçylar bolan Russiýa, ABŞ, Hytaý we Ýewropa regiondaky öz agalyklaryny gorap saklamak ýa-da muny gazanmak üçin iki usuly ulanýarlar: birinjisi, özara howpsuzlyk boýunça şertler, ikinjisi bolsa, ägirt uly energiýa ýataklaryndan paý almak üçin ulanylýan maliýe we söwda çäreleri.

Merkezi Aziýa döwletleri bolan Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan Yslam dünýäsiniň demirgazyk bölegini emele getirýän we halklarynyň aglaba köpüsi musulman bolan döwletlerdir. Regionyň günortasynda bolsa, Eýrandyr Owganystan ýerleşýär. Daşarky döwletler we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özleri hem şol döwletleri howpsuzlyga abanýan potensial gorky çeşmesi hasaplaýarlar.

Şol bir wagtyň özünde goňşy döwletler bolan Russiýa we Hytaý Merkezi Aziýany öz ýurtlarynyň çäklerindäki oppozision hereketleriň gaçybatalgasy hökmünde görýärler.

Merkezi Aziýanyň nebit, tebigy gaz, uran zapaslary häzirki döwrüň iň özüne çekiji baýlyklarydyr we Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň taryhynda bu agzalan baýlyklar mydama-da esasy orun eýeläpdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisi hem özleriniň adaty orunlaryny täzeden eýelemäge taýyndyklaryny bildirýärler, emma indi olar pursatdan peýdalanyp, howpsuzlyk we söwda hyzmatdaşlygyny hem talap edip biljekdiklerine düşünýärler.

Russiýanyň azalýan täsiri

Russiýa uzak wagtdan bäri iň uly regional oýunçy bolup galýar. Ol Merkezi Aziýa 100 ýyldan, regiondaky käbir ýurtlara bolsa 200 ýyldan gowrak wagt bäri gözegçilk ýa-da agalyk edip geldi.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy ýykylansoň, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan garaşsyzlyklaryny yglan etdiler. Emma Moskwa bilen uzak ýyllar boýy dowam edip gelýän gatnaşyklar 1990-njy ýyllardan soňam, häzirki günlere çenli olary Russiýanyň täsir çygrynda galdyrdy.

Londondaky Çatam öýüniň Russiýa we ÝewrAziýa programmasynyň alymy we dolandyryjysy Jeýms Nikseýiň aýtmagyna görä, indi bu ýagdaý üýtgeýär. “Reiondaky esasy oýunçy diňe bir Moskwa däl. Şu ýerde bir fakt bar. Ol üstünde bäsleşik edilýän topraklaryň özleridir. Gyzyklanma bildirýän beýleki ýurtlar – Hytaý, Ýewropa Bileleşigi we Hindistandyr. Syýasy, medeni, tehnologiýa, harby we energiýa ugurlary boýunça ABŞ hem bu regiona uly gyzyklanma bildirýär.”

Merkezi Aziýada halkara gatnaşyklarynda deňagramlylygy saklamagyň nusgasy hökmünde Gazagystany görkezip bolar. Bu ýurduň Hytaý we Russiýa bilen örän uzyn araçäkleri bar. Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň häkimiýeti eýelän döwründe, Gazagystan hem Günbatar döwletleri, hem Gündogar Aziýa döwletleri bilen özara bähbitli ykdysady we syýasy gatnaşyklary ýola goýmagy başardy, Moskwa we Pekin bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklap gelýär.

Londonda ýerleşýän Jeýns Barlaglar toparynyň ÝewrAziýa boýunça analitigi Mätiw Klementsiň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlary ykdysady ugurlar boýunça orunlaryny güýçlendirmegi Gazagystandan öwrendiler. “Meniň pikirimçe, Merkezi Aziýa regionyndaky beýleki döwletler Gazagystanyň daşary syýasatyndan käbir meseleler boýunça sapak alýarlar. Olar Hytaýa we Günbatara hödürläp boljak we ykdysady taýdan peýda getirjek eksportlyk harytlarynyň bardygyny görýärler. Ýeke-täk müşderi bolan Russiýa bilen işleşmek we diňe Russiýa bilen hyzmatdaşlyk etmek şol ugurlar boýunça olaryň mümkinçiliklerini çäklendirýär.”

Howpsuzlyk we energiýa

Bu regionda sahna täze gelen ABŞ Sowet Soýuzy dargansoň Merkezi Aziýa ýurtlarynda ilkinji bolup ilçihanalaryny açdy. Amerikan kompaniýalary haýal etmän, regiona bardylar. Mysal üçin Şewron ýangyç kompaniýasy Tengiz nebit ýataklaryny özleşdirmek üçin 1993-nji ýylda Gazagystan bilen bilelikdäki hyzmatdaşlyk yalalaşygyna gol goýdy.

Owganystandaky we Pakistandaky ýagdaýlardan habardar bolan Merkezi Aziýa döwletleri Russiýa we ABŞ bilen howpsuzlyk boýunça täze hyzmatdaşlyklary ýola goýdular.

Owganystanyň meseleleri 1990-njy ýyllarda birnäçe gezek Merkezi Aziýa regionyna syzylyp geçipdi. Şu nukdaýnazardan ABŞ-nyň yolbaşçylygyndaky koalision güýçlere Gyrgyzystandaky (Manas), Täjigistandaky (Duşanbe) we Özbegistandaky (Hanabad) harby bazalary ulanylmaga berildi.

Güýçden gaçan Moskwa Nýu Ýorkdaky 11-nji sentýabr wakalaryndan soň, ABŞ-nyň harby güýçleriniň Merkezi Aziýa regionyna ýerleşdirilmegine göwünli-göwünsiz razylyk berdi. Emma soňky döwürde gaýtadan güýçlenip ugran Russiýa, ABŞ-nyň regiondaky täsirini azaltmak boýunça hereketlere başlady.

Bähbitler çaknyşygynda bähbit

Merkezi Aziýa döwletleri Moskwa bilen Waşingtonyň, kähalatlarda Pekin bilen Brusseliň arasyndaky bähbitleriň çaknyşygynda öz bähbitlerini yzarlamak boýunça ukyplaryny synag edip gördüler. Şeýlelikde zeruryýetlerini üpjün etmek üçin olara täze mümkinçilikler döredi.

Mysal üçin, 2005-nji ýylda Özbegistanyň gündogaryndaky Andijan wakalary boýunça Günbataryň özbek hökümetini tankyt etmegine ABŞ hem goşuldy. Soňra özbek prezidenti Yslam Karimow ABŞ-nyň ýaragly güýçleriniň Özbegistany terk etmegini talap etdi. Bu çagyryşa Russiýadyr Hytaý hem goldaw berdi.

Gatnaşyklar petige diränsoň, özbek prezidenti Karimow 2008-nji ýyldaky NATO-nyň sammitine çagyryldy. Duşuşyk tamamlanýança, NATO güýçleriniň harby däl ýükleriniň öz üstünden Owganystana daşalmagyna Özbegistan razyçylyk berdi. Bu iş birnäçe hepde mundan amala aşyrylyp başlandy. Munuň bilen birlikde Özbegistanyň serhedine golaý ýerleşýän Termez posýologyndaky Germaniýanyň gözegçiliginde bolan harby baza giňeldildi. Indi ABŞ-nyň harby ýükli uçarlarynyň Özbegistanyň demirgazygyndaky “Nowaýy” aeroportuny ulanmagyna-da rugsat berildi diýse bolar.

Şu ýylyň başlarynda Gyrgyzystanda sosial we ykdysady kynçylyklar ýüz çykyp başlansoň, prezident Kurmanbek Bakyýew Moskwa saparynyň dowamynda ABŞ-yň harby güýçleriniň Manas halkara aeroportundaky öz bazasyndan alty aýyň dowamynda doly çykmaklaryny talap etdi. Şol baza bolsa ABŞ-nyň Owganystandaky harby hereketleri üçin örän möhümdi. Şol bir wagtda Gyrgyzystana ykdysady ýardam hökmünde Russiýanyň 2 millard amerikan dollaryny berýändigi yglan edildi.

Birnäçe aý dowam eden çekişmelerden soň, ABŞ Manasyň ulanylmagy boýunça şertnamanyň möhletiniň uzaldylýandygyny iýun aýynda mälim etdi. Täze şertnama görä, Waşington ýyllyk kärende tölegini üç essä artdyrmaga, ýagny 60 million dollara ýetirmäge razy boldy. Munuň bilen birlikde aeroportuň durkunyň täzelenmegi hem-de neşe maddalaryna we terrorçylyga garşy göreş boýunça ABŞ-nyň 100 million dollar sarp etjekdigi ylalaşyldy. Şol aýyň ahyrynda Russiýanyň “RBK Daily” gazeti “Moskwanyň 2 milliard dollar puly wada berendigine garamazdan, Bişkek ABŞ-nyň Manasdaky harby howa bazasyny ýapmaly diýip, buýruk bermedi” diýip ýazdy.

ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky roly terrorçylyga we ekstremizme garşy kepil geçmek däl, bu Russiýanyň işi bolmagynda galýar we Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň çäginde amala aşyrylýar. Bu gurama Türkmenistandan başga ähli Merkezi Aziýa döwletleri, şeýle-de Belarusdyr Ermenistan agza bolup durýar.

Häzirki wagtda Russiýanyň Täjigistanda harby bazasy bar. Şeýle hem Russiýa Gyrgyzystanyň demirgazygynda terrorçylyga garşy niýetlenen bir harby bazany saklaýar.
XS
SM
MD
LG