Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ raýatlary barada Eýrandan maglumat talap etdi


Düýn Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton geçen hepde Yragyň demirgazygynda pyýada syýahat edip ýören üç sany amerikan raýatynyň ýitirim bolmagy bilen baglanyşykly Eýranyň häkimiýetlerinden maglumat talap edip, ýüzlendi.

Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri Yragyň demirgazygyndan amerikan raýatlarynyň ýitirim bolmagynda Eýrana güman bildirýärler.

Düýn bu waka barada eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillari Klinton ýitirim bolan üç sany amerikan raýatyndan derek tapmak üçin Eýrandaky Şweýsariýanyň ilçihanasynyň üsti bilen Eýranyň Daşary işler ministrligine ýüz tutulandygyny, ýöne edil häzirki wagta çenli bu raýatlaryň Eýran tarapyndan tüssag edilip-edilmändigi barada resmi maglumatyň alynmandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG