Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwili: 'Men henizem öz ofisimde'


Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili.
Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili.

Prezident Saakaşwili şu hepde «Roýters» habar agentligine beren interwýusynda Moskwanyň Gürjüstan babatyndaky meýillerini «örän alada dörediji» diýip häsiýetlendirdi.

Saakaşwili Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň ýüzleý haýbat atmak bilen çäklenjek adam däldigini we onuň özüni dardan asylgy ýagdaýda görmegi wada berendigini aýtdy: «Putiniň meni bedenimiň dürli ýerlerinden asyp goýmaklyga we Gürjüstanyň döwlet gurluşyny weýran etmegi gara çyny bilen wada berendigine garamazdan, men henizem öz ofisimde otyryn. Munuň özi aslynda tas akyla sygmajak ýagdaýda diri galmak ýaly bir zat. Bu wadany beren adam şular ýaly wadalary durmuşa geçirmekde we öz sözünde tapylmakda özüni çakdanaşa tanadan adam. Elbetde, ol öz wadasyny ýerine ýetirmek ugrunda çalyşmaz diýip, biz öz-özümizi aldap bilmeris. Orsýetiň syýasy sahnasynda onuň sözi geçýärkä, ol bu niýetini amala aşyrmak ugrunda hökman çalşar».

Geçen ýyl Orsýetiň harby güýçleriniň Gürjüstanyň territoriýasyna kürsäp girmekleri bilen baglanyşykly meselede bolsa, prezident Saakaşwili Günbatary aýgytly hereket etmezlikde tankytlady. Şol wakada Orsýet özüniň agyr ýaragly harby kolonnalaryny hiç hili garaw görmezden diýen ýaly Gürjüstanyň paýtagty Tbilisiniň ok ýetim alkymyna eltipdi. Saakaşwili şol uruşda Günbatar ýurtlaryň kürtdürmeginiň sebäbini bu ýurtlaryň Moskwanyň gaharyny getirmekden gorkandyklary hem-de öz energiýa we söwda bähbitlerini saklap galmak isländikleri bilen düşündirdi we bu ýagdaýy tankyt etdi.

Mundan başga-da, ol bu dawa käbir beýleki ýurtlaryň goşulmaklarynyň halkara konfliktine ýazmak howpuny doredendigini belledi: «Eýse, kimdir biri Orsýetiň gatnaşmagynda Ýewropada täze bir urşuň döremegini isläp bilermi? Bu sowala, elbetde, “ýok” diýip, jogap bermeli bolar. Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Baýden hem ýakynda Gürjüstana eden saparynda hut şony nygtady. Mundan ötri, biziň hemmemizem şol garaýyş bilen ylalaşýarys».

ABŞ Gürjüstanyň NATO agzalygyny goldaýar emma...

Ýakynda Tbilisä eden sapary wagtynda Joe Baýden Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gürjüstanyň NATO agza bolmak ugrundaky tagallalaryny goldaýandygyny ýene bir gezek mälim etdi. Ýöne beýleki tarapdan, ol NATO bilen Orsýetiň konfrontasiýa gitmekleriniň taraplar üçin bähbitli bolmajakdygyny-da Saakaşwilä ýatlatdy.

Geçen ýylky uruşda Günbatar Gürjüstanyň arkasynda durandygyny anyk mälim eden-de bolsa, barybir ol Saakaşwiliniň Günorta Osetiýa garşy harby çäreleri ulanmagyny tankytlady. Öz gezeginde Gürjüstanyň hut şol harby çäresini Orsýet öz harby hereketleri üçin tutaryk edinipdi.
Ýöne bu meselede-de «Roýters» habar agentligine beren interwýusynda prezident Saakaşwili Gürjüstanyň separatistik regionlary bolan Günorta Osetiýa bilen Abhaziýanyň häkimiýetleriniň bu regionlardan etniki gürjüleri çykarmaklyga gönükdirilen eden-etdiliklerine halkara jemgyýetçiliginiň uzak wagtlap ähmiýet bermändigini belledi.

Emma beýleki tarapdan, Gürjüstanyň prezidenti öz ýurdunyň garaşsyzlyga eýe bolaly bäri dünýäniň in bir kyn regionynda demokratiýa tarap ýol açandygyny we mundan beýlägem Gürjüstanyň demokratiýany ösdürmegi dowam etdirjekdigine ynanýandygyny aýtdy. Hususan-da, ol: «Gürjüstan dünýäniň bu böleginde, ýagny dünýäniň başga ýerlerinde tanalmaýan şular ýaly künjünde-de, gözli-başly kämil institutlary bolan döwrebap döwletiň ýaşap biljekdigini subut etdi. Biz demokratiýanyň ýöne bir boş söz däldigini we ony durmuşa geçirip bolýandygyny subut etdik. Biz bu ýerde nämedir bir zatlary döredýäris we ol, meniň pikirimçe, ykdysadyýet hem-de halkyň abadançylygy nukdaýnazaryndan örän uly üstünlikli bir hadysa» diýip nygtady.
XS
SM
MD
LG