Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ankara “Günorta akyma” rugsat berýär


Düýn Orsýetiň wise-premýeri Ýuriý Uşakow Orsýet Federasiýasynyň Ýewropa çekmekligi göz öňünde tütýan «Günorta akym» gaz truboprowodynyň Türkiýäniň deňiz territoriýasyndan geçmegine Ankaranyň rugsat berendigini aýtdy.

Ýuriý Uşakow bu barada düýn premýer-ministr Wladimir Putiniň Türkiýä etjek resmi saparyndan bir gün öň eden çykyşynda belledi.

Orsýetiň häkimiýetleri Türkiýäniň üsti bilen Günbatara çekilmegi göz öňünde tutulýan beýleki bir gaz proýekti bolan Nabukko proýektine amala aşmajak proýekt hökmünde baha berip gelýärler. Ýakynda, iýul aýynda, bu Nabukko proýektine gatnaşyjy Ýewropa ýurtlary Ankarada tranzit meseleleri barada Türkiýe bilen ýörite ylalaşyga gol çekipdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG