Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Morel: "Adam hukuklaryny gozgadyk"


Morel: "Biz adam hukuklary meselesini ýatdan çykarmadyk."
Morel: "Biz adam hukuklary meselesini ýatdan çykarmadyk."

Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen, soňky döwürlerde öz aragatnaşygyny barha ýygjamlaşdyrýar.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili jenap Piýer Moreliň ýolbaşçylygyndaky delegasiýasy hut şeýle pursatda Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda, resmi saparda boldy.

Bu barada Azatlyk radiosyndan Muhammad Tahir Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili jenap Piýer Morel bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Jenap Morel bu saparyňyzyň maksady barada gürrüň beräýseňiz?

Piýer Morel: Biz ilki bilen Gazagystana, soňra Gyrgyzystana, onuň yzy bilen Täjigistana we Özbegistana, soňra-da Türkmenistana bardyk.

Täjigistanda-da, yglan edişimiz ýaly, bu saparyň maksady sentýabryň ortalarynda howpsuzlyk meselesine bagyşlanyp Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi planlaşdyrylýan ýygnaga taýýarlyk görmekden ybarat boldy. Bu saparyň dowamynda bolup geçen wakalar barada size berip biljek maglumatym şolardan ybarat. Goşmaça bir zat aýdyp biljek däl, sebäbi bu sapary biz delegasiýa bolup amala aşyrdyk. Men hem şol toparyň bir agzasydym.

Emma bellenmeli zat, Duşenbede hem aýdyşymyz ýaly, ady agzalýan ýygnagy geçirmek baradaky meseläni biz bu ähli ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen ara alyp maslahatlaşdyk we bu sammiti geçirmekde olar bize goldaw berdiler.

Azatlyk radiosy: Türkmen ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklaryňyz barada näme aýdyp biljek?

Piýer Morel: Türkmenistan bilen hem, beýleki ýurtlar bilen bolşy ýaly, ýokarda agzalyp geçilen temalar boýunça gürrüň etdik. Aşgabatdaky duşuşygymyz Şwesiýanyň gatnaşmagynda üçlügiň çäginde geçirildi.

Ýewropa Bileleşiginiň wagtlaýyn ýolbaşçysy hökmünde Şwesiýa Merkezi Aziýa bilen gaty gyzyklanýar. Şunlukda biz ady agzalýan ýygnagyň geçirilmegi ugrundaky aladalarymyz barada, beýleki dört ýurtdaky ýaly, 15-inji sentýabrda geçiriljek şol ýygnak boyunça, türkmen wekilleri bilen hem pikir alyşdyk.

Azatlyk radiosy: Azerbeýjan bilen Türkmenistanyň arasynda Hazar deňzindäki gaz ýataklarynyň eýeçiligi bilen bagly dörän dartgynlylykdan soňra türkmen gazynyň Ýewropa akdyrylmagy ugrundaky tagallalaryňyz nähili bolar? Türkmenler bilen geçiren duşuşygyňyzda bu barada gürrüň etdiňizmi?

Piýer Morel: Biz türkmenler bilen energiýa pudagy bilen bagly pikir alyşdyk. Sebäbi energiýa Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynyň bir bölegidir. Size bu barada berip biljek maglumatym diňe şondan ybarat.

Azatlyk radiosy: Duşuşykda bu mesele boýunça haýsydyr bir netijä gelindimi?

Piýer Morel: Ýok, üçlük daşary işler ministrleriniň ýygnagyna taýýarlyk görýär, biz energiýa boýunça ekspertler däl, emma biziň üçin möhüm bolan bu energiýa pudagy barada hem, elbetde, gürrüň etdik. Bu esasanam häzirki döwürde Türkmenistan üçin hem gaty möhüm bir mesele bolup durýar.

Azatlyk radiosy: Adam hukuklary meselesi barada hem gürrüň boldumy?

Piýer Morel: Biz adam hukuklary baradaky temany şol ýurtlaryň ählisinde gozgadyk. Bu Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynyň bir bölegidir.

Siziň-de bilşiňiz ýaly, mundan iki ýyl ozal Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýany kabul edende, biz bu ýurtlaryň ählisi bilen adam hukuklary boýunça dialogy ýola goýupdyk. Bu ýygnaklaryň ilkinjisi Özbegistan bilen geçirilipdi.

Häzirki döwürde bu dialog Merkezi Aziýada ýerleşýän bu bäş ýurduň ählisi bilen geçirilýär, hatda munuň çäklerini barha giňeldip, grajdan jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda ýörite seminarlar hem gurnap başladyk.

Azatlyk radiosy: Emma hukuk goraýjy gurama bolan “Human Rights Watch” ýaly toparlar Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada adam hukuklary meselesini ünsden düşürenligini aýdyp, sizi tankyt ediýär?

Piýer Morel: Öň hem aýdyşym ýaly, biz adam hukuklary meselesini ýatdan çykarmadyk, bu ugurda ýurtdaky häzirki ýagdaýlary göz öňünde tutup, adam hukuklaryna degişli ähli meseleler barada şol ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen pikir alyşdyk. Bu biziň olar bilen geçirýän dialogymyzyň bir bölegidir. Bu ugurda biziň ýola goýlan strukturamyz bar. Her haçan duşuşyk geçirilende, biz bu ugurda olar bilen pikir alyşýarys. Bu gaty anyk we aşa guramaçylykly bir aladadyr.

Azatlyk radiosy: Siz Merkezi Aziýadaky bu ýurtlaryň ählisi bilen adam hukuklary barada gepleşikleriň geçirilýänligini aýtdyňyz, emma siz Özbegistana eden saparyňyzy tamamlap, ýurdy terk eden badyňyza, tanymal Özbek jurnalisti Dilmurat Seedi 12 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi, siz bu barada näme aýtmakçy?

Piýer Morel: Bu waka bolanda, men ýoldadym. Meniň bu barada doly maglumatym ýok,. Biz bu mesele bilen gyzyklanarys, emma bu waka ilki bilen Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk edýän Şwesiýa üns bermeli.

Men islendik meselede siziň bilen mydama gepleşmäge taýýar, emma öň hem aýdyşym ýaly, men häzirki sapary diňe özüm däl, beýleki Ýewropaly ýolbaşçylar bilen bilelikde amala aşyrdym. Men, elbetde, Şwesiýanyň Bileleşigiň ýolbaşçysy hökmündäki roluna-da sarpa goýmaly.
XS
SM
MD
LG