Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Owganystanyň günortasynda hüjüme başlaýar


ABŞ-nyň deňiz goşunlary Owganystanyň günortasynda Talyban pitneçilerine garşy operasiýa başlady.

Bu operasiýa Talyban jeňçileriniň geljek hepde boljak saýlawlara päsgelçilik döretmeginiň öňüni almak üçin geçirilýär.

Amerikan harbylary Helmand welaýatynyň Nawzad etrabyna, dikuçarlaryň goldawynda, 400 amerikan soldatynyň we 100 sany owgan esgeriniň düşürilendigini aýdýarlar.

Şularalykda ýurduň demirgazygynda, has asuda hasaplanýan Gunduz welaýatynda Talyban etrap polisiýa bölümlerine hüjüm edip, polisiýa başlygyny we ýene bir adamy öldürdi.
XS
SM
MD
LG