Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nowaýa Gazeta mundan beýläk Çeçenistana habarçy ibermez


Orsýetiň Nowaýa Gazeta atly habar serişdesi, 12-nji awgustdaky sanynda çap eden maglumatynda, gazetiň mundan beýläk Çeçenistana habarçy ibermejekdigini yglan etdi.

Ady agzalýan gazetiň düýnki sanynda, Orsýetiň ýolbaşçylary şol sanda prezident Dmitriý Medwedew we premýer-ministri Wladimir Putine ýüzlenilip, eger Çeçenistanda aktiwistleri ýok etmek barada kompaniýa alnyp barylýan bolsa, öldürmäge kime lisenziýa berildi diýlen bir makala hem çap edilipdir.

Nowaýa Gazetanyň baş redaktory Witali Yaroşewski Frans Press Habar Agentligine beren interwýusynda, Çeçenistanda bolup geçýän bu wakalaryň regionda hiç hili kontroluň ýokdugyny ýa-da şol ýerde haýsydyr bir ýöriteleşdirilen kontroluň höküm sürýänligini aňladýanlygyny aýtdy.

Malim bolşuna görä, Çeçenistanda soňky döwürlerde ençeme aktiwist öldürüldi.
XS
SM
MD
LG