Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Merkel bilen Soçide duşuşýar


Şu gün Russiýanyň prezidenti Dmitriý Medwedew Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen duşuşýar. Duşuşygyň esasy gün tertibinde söwda we ykdysady gatnaşyklar bolar diýlip habar berilýär.

Gara deňziň kenarynda ýerleşän Russiýanyň Soçi şäherinde geçiriljek bu duşuşyk olaryň şu ýylyň dowamyndaky üçünji gepleşikleri bolar.

Germaniýa Russiýanyň Ýewropadaky iň uly söwda hyzmatdaşy, emma global ykdysady krizis sebäpli şu ýylyň birinji ýarymynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygy ýiti peseldi.

Olaryň duşuşygynyň öňüsyrasynda çykyş eden Kremliň resmisiniň aýtmagyna görä, Medwedew we Merkel Kanadanyň awto-ulag öndüriji kärhanasy Magnanyň we Russiýanyň Zberbankynyň Opel kärhanasyndan, General Motors kompaniýasynyň Ýewropadaky bölüminden paý satyn almaklary baradaky meseläni maslahatlaşarlar. Şeýle hem beýleki nemes kompaniýalaryna rus maýa goýumlary barada gürrüň ediler.

Şeýle hem Merkel Russiýadaky adam hukuklary baradaky aladalaryny dile getirer diýlip garaşylýar.

Merkel penşenbe güni german radiostansiýasyna beren beýanatynda, özüniň esasan hem ýakynda Çeçenistda öldürilen adam hukuklary aktiwistleri baradaky meseläni gozgajakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG