Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň harby ýolbaşçysy Aşgabada bardy


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň baş harby ýolbaşçysy, general Deýwid Petreus.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň baş harby ýolbaşçysy, general Deýwid Petreus.
15-nji awgustda Türkmenistana sapar eden Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň baş harby ýolbaşçysy, general Deýwid Petreusyň ýolbaşçylygyndaky amerikan delegasiýasy türkmen tarapy bilen parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça iki taraplaýyn konsultasiýalary geçirdi. Bu barada “Türkmenistan Altyn Asyr” Internet saýty ýazdy.

Ýokary derejeli amerikan harby resmisiniň Türkmenistana saparynyň maksady bilen gyzyklanyp, Azatlyk radiosy ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüz tutdy. “Bu Merkezi Aziýa planlaşdyrylan adaty sapar boldy. Onuň maksady türkmen tarapy bilen häzirki we geljekki harby hyzmatdaşlygy maslahatlaşmakdan ybarat” diýip, ilçihananyň wekili William Stiwen aýtdy.

ABŞ-nyň harby resmi topary bilen Türkmenistanyň Daşary işler we Goranmak ministrliklerinde, şeýle-de Döwlet serhet gullugynda duşuşyklary geçirildi. Emma taraplaryň özara maslahat eden meseleleri barada jikme-jik maglumat berilmedi.

ABŞ, NATO we Merkezi Aziýa

Owganystanda terrorizme garşy harby çäreleri amala aşyrýan ABŞ-nyň we NATO-nyň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýänligini synçylar belleýärler. 2001-nji ýylyň sentýabr aýynda ABŞ-da bolan terrorçylykly hüjümleriň yz ýany Owganystanda terrora garşy halkara harby operasiýalara başlan ABŞ birnäçe ýylyň dowamynda Özbegistanyň harby bazasyndan peýdalanypdy. Amerikan harbylarynyň Gyrgyzystandaky bazasynda galmagy barada-da häzirki wagtda gepleşikler dowam edýär.

Bitaraplyk statusyna eýe bolan Türkmenistan ABŞ bilen göni hyzmatdaşlyk alyp barmasa-da, NATO bilen “Parahatçylyk ugrunda hyzmatdaşlyk” programmasy boýunça işleşýär. Soňky wagtda bu gatnaşyklar giňelýär diýen pikirler metbugatda-da, synçylar tarapyndan hem öňe sürülýär.

Londonda ýerleşýän Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutyndan John Mak Loudyň sözlerine görä, ABŞ-nyň Merkezi Aziýa we, hususan-da Türkmenistan bilen, gatnaşyklaryny giňeltmek ugrunda edýän yzygiderli tagallalaryny onuň Owganystandaky durnuklylaşdyryş maksatlary bilen düşündirip bolar.

Harby däl ýükler

ABŞ Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy döretmekdäki rolunyň ähmiýetini ençeme sapar nygtady. Döwlet departamentiniň ýanyndaky “Defense Energy Support Center” merkeziniň “Fuel Line” neşiriniň maglumatyna görä, 2002-nji ýylyň aýagyndan bäri Türkmenistandan satyn alynýan uçar ýangyjy demir ýol arkaly Owganystanyň serhetýaka Turgundi we Hairaton şäherlerine äkidilýär. Bu barada “Eurasia.net” Internet neşiri 12-nji iýulda ýaýradan maglumatynda ýazdy. Şol maglumatda 2004-2005-nji ýyllarda Türkmenistanyň Owganystana öz üstünden azyk, çüýşeli suw we gurluşyk materiallaryny aşyrmagy rugsat berenligi aýdylýar.

Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistan ABŞ-nyň ynsanperwerlik ýükleriniň öz üstünden uçar arkaly aşyrylmagyna rugsat beripdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ABŞ-nyň uly bolmadyk harby toparynyň ýerleşýänligi hem habar berildi. “Eurasia.net” Internet saýty Aşgabadyň howa meýdanynda ýangyç üpjünçiliginiň üstüni ýetirýän uçarlara ýardam bermek üçin ABŞ-yň howa güýçleriniň ýedi adamdan ybarat kiçi toparynyň ýerleşýänligini ABŞ-yň Goranmak departamentine salgylanyp, habar beripdi.

Türkmenistan ABŞ we NATO bilen harby hyzmatdaşlyga degişli planlaryny resmi taýdan mälim etmeýär. Bu barada amerikan resmileriniň-de açyk diskussiýa girişmekden saklanýanlygy aýdylýar. “Muňa garamazdan, öz nobatynda Türkmenistan hem Günbatar bilen harby gatnaşyklaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýär” diýip, analitik Artem Ulunýan belleýär.

Esasy iki ugur

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Türkmenistanyň ABŞ bilen harby meselede hyzmatdaşylygynyň birnäçe esasy ugurlarynyň bardygyny belleýär. “Birinjisi, Owganystan ugry. Bu halkara koalisiýasynyň Owganystanda alyp barýan çärelerini goldamak üçin Türkmenistanyň territoriýasynyň ulanylmagyna degişli.”

Ekspertiň aýtmagyna görä, şol ugurlaryň ikinjisi, Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň reformirlenmegine degişli. “Bu ugurdan dolandyryş we kadrlary taýýarlamak meslelelerine esasy üns berilýär”.

Artem Ulunýanyň pikirine görä, harby diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we giňeltmek meselesi hem taraplaryň özara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilermen Türkmenistanyň ýolbaşçylary üçin Günbatar bilen gatnaşyklary syýasy, ykdysady hem-de hatda harby täýdan giňeltmegiň GDA döwletleri we Orsýet tarapyndan geljekde ýurda harby howp salynmagynyň öňüni almak nukdaýnazaryndan hem ähmiýetlidigini belleýär.
XS
SM
MD
LG