Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HWF Türkmenistana baha berdi


Halkara Walýuta Fondunyň baş binasy.
Halkara Walýuta Fondunyň baş binasy.
14-nji awgustda Halkara Walýuta Fondy Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýy bilen bagly ýörite maglumat ýaýratdy. Şol maglumatda HWF-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2009-njy ýyl boýunça Türkmenistan bilen geçirilen konsultasiýalarynyň tamamlanandygy aýdylyp, şol geňeşleriň esasynda gelnen netijeler barada maglumat berilýär.

HWF-nyň berýän maglumatlarynda, Türkmenistanyň halkara maliýe bazaryna çäkli garaşlylykdaky pozisiýada duranlygy üçin, şeýle-de ýurduň daşarky karzlarynyň az, hökümetiň maliýe ýagdaýynyň-da gowy bolmagynyň Türkmenistany global krizisiň ýaramaz täsirinden gorandygy aýdylýar.

Inflýasiýanyň derejesi

Jemi öndürilýän içerki önümiň möçberi agzalyp, bu maglumatda 2008-nji ýylda onuň takmynan 10%-e barabar bolandygy bellenilýär. Gurluşyga hem-de infrastruktura hökümet tarapyndan ýatyrylan maýalaryň möçberiniň köp, transport, aragatnaşyk hem-de bölekleýin satuw pudaklarynda aktiwlik derejesiniň ýokary bolmagy muňa oňyn täsir etdi diýlip, maglumat berilýär.

Şeýle-de, 2008-nji ýylda türkmen manadynyň unifikasiýasy geçirilip, netijede emele gelen inflýasiýanyň, ýagny puluň hümmetsizlenmeginiň iň ýokary derejä ýetip, 19%-e barabar bolandygy aýdylýar. Emma 2008-nji ýylyň aýagynda dünýä bazarynda azyk harytlarynyň bahasy pese düşmegi netijesinde inflýasiýanyň derejesi durnuklaşyp, 9%-e barabar boldy diýlip, bu maglumatda bellenýär.

Türkmenistanly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew bolsa, Türkmenistanda inflýasiýanyň derejesiniň has ýokarydygy barada aýdýar.

Halkara Walýuta Fondunyň Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýy bilen bagly ýaýradan soňky maglumatyna gaýdyp gelsek, onda 2008-nji ýyl boýunça tassyklanan döwlet býujetiniň serişdelerinden takmynan 11% artandygy aýdylýar. Şol serişdeleriň ýurtda döredilen durnuklaşdyryş fonduna ýygnaljakdygyny hem HWF-dy habar berdi.

Häzirki döwürde Ýewropa Bileleşiginiň kömegi bilen Türkmenistanda býujet kodeksiniň taslamasynyň taýýarlanýandygy, Durnuklylaşdyryş fondunyň ýerine ýertirmeli wezipeleri dogrusynda hem işleriň alnyp barylýandygy aýdylýar.

Şeýle-de, bu maglumatda manadyň denominasiýa çäresiniň üstünlikli geçirilendigi bellenilip, manadyň beýleki walýutalara bolan kursunyň durnukly derejede saklanmagy Türkmenistanyň milli walýutasyna bolan ynamy berkidip, 2009-njy ýylyň 1-nji çärýeginde ýurduň içinde manada bolan talabyň ýokarlanmagyna getirendigi tassyklanylýar.

Geçen ýylyň maý aýynda manadyň dollara bolan gatnaşygynda ýeke-täk kurs girizilenden soň, Türkmenistanda halkara walýuta biržasynyň işläp başlandygy aýdylyp, dollaryň kursy durnukly derejede saklanar ýaly zerur bolan halatda Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan manat interwensiýasynyň geçirilýändigi habar berilýär. Ýagny dollaryň kursy ýokarlanyp başlasa, ýurduň Merkezi banky dollara köp möçberde manat satyn alyp, aýlanyşykda manadyň möçberini azaldyp, oňa bolan talaby ýokarlandyrýar. Netijede bolsa, manadyň hümmeti ösýär.

“Reformalar zerur”

Halkara Walýuta Fondy Türkmenistanda geçirilýän bu çärelere öňyn baha berip, şol bir wagtyň özünde-de ýurduň maliýe pudagynda reformalaryň geçirilmeginiň zerurdygyny belleýär. Ýagny bazar ykdysadyýetine geçmek üçin reformalaryň yzygiderliligini anyk kesgitlemegiň zerurdygy nygtalýar.

Mundan başga-da, HWF-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi Türkmenistanda bahalaryň kesgitlenmeginiň reformasyna köp üns bermelidigini aýdyp, häzirki döwürde inflýasiýanyň derejesiniň pes bolmagyndan peýdalanyp, bu ugurdaky reformalary soňuna çenli ýetirmegi maslahat berýär. Şol bir wagtyň özünde bu çäräniň ýaramaz täsirinden ilaty sosial taýdan goramagyň zerurdygy-da ýatladylýar.

HWF-nyň ýaýradan bu maglumatynda reformalar amala aşyrylýan häzirki döwürde manadyň kursunyň dollara baglanyp saklanylmagynyň ýerliklidigi, geljekde alyş-çalyş kursunyň has çeýe görnüşe geçmäge mümkunçilik berjekdigi aýdylýar.

“Türkmenistan. Altyn Asyr” Internet saýtynyň bu barada beren maglumatynda 2008-nji ýylda ýurtda ýatyrylan sermaýanyň 32%-niň daşary ýurt maýadarlaryndan gelendigi aýdýlyp, şol inwestisiýalaryň 65%-niň önümçilige gönükdirilýändigi habar berilýär. Halkara Walýuta Fondunyň Türkmenistandaky inflýasiýa hakda, ýurduň ykdysadyýetiniň gowşak ýerleri barada ýazan maglumatlary hakda bolsa, türkmen metbugatynda bellenip geçilmeyär.

Halkara Walýuta Fondunyň Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýyna baha berip, çap eden bu maglumatynda ýurtdaky işsizligiň derejesi, hususy pudagy osdürmek boýunça Türkmenistanda edilýän işler we ýurtda garyplygyň derejesi hakda-da hiç zat aýdylmandyr.

HWF-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi Türkmenistanyň milli hasaplarynda hem-de maliýe görkezjilerinde bar bolan ýetmezçiliklere doly gözegçilik etmäge päsgelçilik döredilýändigini-de belleýär. Bu ugurda iş alyp baryp, ýurduň ykdysadyýetine we maliýe pudagyna degişli bolan maglumartlaryň köpçülige elýeterli bolmagyny gazanmaly diýlip, HWF-nyň ýaýradan maglumatynda maslahat berilýär.

Şol bir wagtda-da “Economist Intelegent Unit” guramasynyň 29-njy iýulda Türkmenistan barada çap eden maglumatynda 2008-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň 3%-den ýokary bolmandygy çaklanylýar.

2009-njy ýylda bu san 5%-e barabar bolup, 2010-njy ýylda, Hytaýa gaz akdyrylyp başlanylandan soň, Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň 8%-e golaý boljakdygy çak edilýär.

Analizler nämä esaslanýar?

Ykdysadyýetçi Annadurdy Hajyýew HWF-nyň ýaýradan bu maglumatynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine degişli köp maglumatlaryň berlendigini aýdyp, käbir maglumatlaryň hakykata laýyk gelmeýändigin öňe sürýär.

“HWF-nyň spesialistleri köp analizlerini öz ekspertlerine hem-de türkmen resmileriniň berýän maglumatlaryna esaslanyp geçirýärler. Türkmenistanda berilýan statistiki maglumatlar bolsa, köplenç hakykata laýyk gelmeýär. Şol sebäpli käbir näsazlyklar ýüze çykýar” diýip, ykdysadyýetçi Hajyýew belleýär.

Şeýle-de, ykdysadýyetçi HWF-nyň esasy wezipeleriniň biriniň, işsizlik bilen bagly ýagdaýy gowulandyryp, ilaty iş bilen upjün etmek meselesine dürli ýurtlaryň häkimiýetleriniň ünsüni çekmekden ybaratdygyny aýdyp, bu guramanyň Türkmenistan bilen bagly soňky ýaýradan hasabatynda işsizlik problemmasy barada düýbünden aýdylmandygyny nygtaýar.

HWF-nyň şu gezekki maglumatynyň Türkmenistanyň maliýe we bank pudaklaryna gönukdirilendigini aýdyp, ykdysadyýetçi bu guramanyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklaryna hem üns berip, ýurtda hususy telekeçiligiň ösmegi üçin edilýän işlere analiz berilse gowy boljakdygyny belleýär.
XS
SM
MD
LG