Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň gämisini ýaragly topar saklapdyr


3 hepde çemesi mundan ozal dereksiz ýiten “Arktik Sea” atly Orsýetiň gämisiniň ýaragly adamlar tarapyndan zorluk bilen saklanandygy anyklandy diýip, Orsýetiň Goranmak ministri Anatoliý Serdukowa salgylanyp rus metbugatynda maglumat ýaýradyldy.

Bu jenaýata dahyly bolandykda aýyplanýan 8 adamyň tussag edilendigi hem habar berilýär.

Derňewçileriň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji iýulda gämi Şwesiýanyň kenarynda bolanda ýaragly topar tarapyndan zorluk bilen alnyp gaçylypdyr.

Bu waka bilen baglanşykly jenaýat işiniň gozgalandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG