Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdatda bolan partlamalarda 75 adam heläk bolupdyr


Yragyň paýtagty Bagdatda bolan partlamalarda we edilen hüjümlerde ölenleriň sany 75 adama ýetipdir.

Howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, bu hüjümler hökümet binalarynyň ýerleşýän regionynda bolupdyr.

Mälim bolşuna görä, şol partlamalardan biri Yragyň ýaşyl zonasynda ýerleşýän parlament binasynyň golaýynda bolup, wakada binanyň aýnalary weýran bolupdyr.

Hüjümlerden biri hem Maliýe ministrliginiň binasynyň golaýynda bolup, şol partlamada we hüjümde ministrlik binasynyň ýakynynda ýerleşýän köpriniň weýran bolanlygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG