Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama owgan söweşi barada çykyş etdi


Obama: "Öňe gidişlik bar wagty ABŞ-nyň öz boýun alan borçlarynda tapyljagyny yrak halky bilmeli."
Obama: "Öňe gidişlik bar wagty ABŞ-nyň öz boýun alan borçlarynda tapyljagyny yrak halky bilmeli."

Uruş weteranlary bilen duşuşan ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Owganystanda talyplara garşy alnyp barylýan söweşiň tiz we aňsat tamamlanmajakdygyny aýtdy.

Owganystanda prezident saýlawlarynyň bosagasynda, şeýle-de bu ýurtda gozgalaňçy talyp toparynyň hüjümleriniň artýan wagtynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bäş müň uruş weteranyna we olaryň maşglalaryna ýüzlenip, çykyş etdi.

«Owganystanda ýaragly toparyň hüjümleri düýn başlananok, şoňa görä, bu meseläni tiz hem, aňsat hem çözüp bolmaz» diýip, Obama çykyşynyň başynda ýörite belledi.

Goşmaça 30 müň esger

Prezident şonuň ýaly-da Al-Kaida we onuň ekstremist ýaranlaryny dyza çökermek üçin Owganysatana goşmaça 30.000 esger ibermek baradaky öz administrasiýasynyň kararyny goldap, Owganystan babatynda öz täze strategiýasynyň maksada laýykdygyny öňe sürdi.

«Eger-de talyplara we olardan has ulurak bolan Al-Kaida zarba urulmadyk bolsa, onda olar köp sanly amerikanlylary öldürip bilerdiler» diýip, Obama belledi.

«Bu urşy biziň saýlap almanlygymyzy asla unutmaly däl, ol zerur hasaplanyldy. Onuň günäkärleri 11-nji sentýabrda Amerikanyň üstüne hüjüm edenler. Bu diňe urşuň hatyrasyna alnyp barylýan uruş däl, öz halkymyzy goramagyň şerti» diýip, Obama nygtady.

Şu ýylyň başynda resmi wezipäni eýeläli bäri Obama Owganystana goşmaça 21.000 esger ibermek barada karar kabul etdi, şeýlelik-de Owganystanda amerikan harbylarynyň sany 62.000-e ýetirildi. Geljek aýlarda bolsa ol 68.000 bolar, ýagny geçen alty aý bilen deňeşdireniňde, iki esse artar.

Emma, analitikleriň pikiriçe, ABŞ-nyň harby güýçleriniň baş komandiri General Stanleý Mak Kristal ondanam köp esger talap edip biler. Geçen hepde ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts şeýle talabyň bolmagynyň mümkindigini bildirdi.

Harbylar bellenen möhletde çykarylar

Duşenbe günki çykyşynda Obama şeýle-de söweşe gatnaşýan amerikan harbylarynyň geljek ýyl bellenen möhletde Yrakdan çykaryljagy, 2011-nji ýylyň ahyryna çenli-de bu ýurtdan ähli harbylaryň yzyna çagyryljagy barada beren sözünde tapyljagyny-da mälim etdi.

«Öňe gidişlik bar wagty ABŞ-nyň öz boýun alan borçlarynda tapyljagyny yrak halky bilmeli. Edil şonuň ýaly amerikan halky-da, biziň alyp barýan strategiýamyza laýyklykda öňe gidişligiň bardygyny bilmeli. Geljekki awgust aýyna çenli biz söweşe gatnaşýan harbylarymyzy, 2011-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa, ähli harbylarymyzy Yrakdan çykararys. Amerika üçin yrak urşy tamamlanar» diýip, prezident Obama aýtdy.

Saýlawlaryň öň ýany Owganystanda bidüzgünçilikler artyp başlady, 15-nji awgustda paýtagt Kabuldaky NATO ýaranlygynyň baş ştabynyň we ABŞ-nyň ilçihanasynyň golaýynda ajalyna kaýyl bombaçynyň hüjüminden ýedi adam ölüp, 100 çemesi adam-da ýaralandy. Diňe iýul aýynda 44 amerikan esgeri Owganystandaky urşuň pidasy boldy, ölen britan esgerleriniň sany-da 200-den aşdy.

Prezident Obama, harbylar täze taktikany eýeläp, gozgalaňçylary ýeňip biler diýip, weteranlary ynandyrdy we 20-nji awgustda Owganystanda prezidentlige geçiriljek saýlawlarda howpsuzlygy goramakda NATO-nyň hem-de amerikan harbylarynyň esasy rol oýnajagyny nygtady.
XS
SM
MD
LG