Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Saýano-Şuşensk bendinde heläkçiligiň bolan ýerine bardy


Orsýediň premýer-ministri Wladimir Putin şu gün Orsýediň Saýano-Şuşensk etrabynda ýerleşýän bentde bolan heläkçiligiň bolan ýerine bardy. Aýdylşyna görä şol wakada ölenleriň sany 26 adama ýetipdir.

Ilki bilen şol bendiň turbinasynyň weýran bolup, soňra şol ýerde bolan partlama zerarly Orsýediň Siber regionyna berilýän elektrik toguna kesilmek howpy abanypdyr.

Putin bu wakada ýitirim bolanlaryň, şeýle-de ölen adamlaryň maşgalalaryna kompensasiýa hökmünde 1 million rubl beriljekdigini yglan edip, bu barada gümürtik ýagdaýyň bardygyny görkezmäge synanyşmagyň gerek däldigini aýtdy.

Putin aýratynam munuň ýaly wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin, gyşdan öňinçä Sibirde ýerleşýän beýleki elektrik stansiýalarynyň-da barlanmagyny talap edipdir.
XS
SM
MD
LG