Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Senator Kennedi bilen hoşlaşyk başlandy


Bostonda senator Edward Kennedi bilen hoşlaşyk başlandy. Ol hepdäniň ikinji güni 77 ýaşynda aradan çykypdy.

Kennediniň jesedi salnan tabyt öz dogany, ABŞ-nyň öňki prezidenti Jon Kennediniň adyny göterýän prezident kitaphanasynda goýuldy. Senator bilen hoşlaşmak üçin nobata duranlaryň sany müňlerçe.

ABŞ–nyň Demokratik partiýasynyň iň bir täsirli wekilleriniň biri Edward Kennedi hepdäniň altynjy güni Waşingtonyň golaýyndaky Arlington milli gonamçylygynda, doganlary Jon bilen Robertiň ýanynda jaýlanar.

Ýas dabarasynda ABŞ–nyň prezidenti Barak Obama çykyş eder.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG